Loading...
Larger font
Smaller font
Copy
Print
Contents
Beýik Göreş - Contents
  • Results
  • Related
  • Featured
No results found for: "".
  • Weighted Relevancy
  • Content Sequence
  • Relevancy
  • Earliest First
  • Latest First
    Larger font
    Smaller font
    Copy
    Print
    Contents

    Mukaddes Kitabyň Iň Täsin Pygamberligl

    “Gün bir ýyl hasabynda”

    (Ezekiýel 4:6)

    Mesih dogulmazyndan öňki 457-nji
    doglanyndan soňky
    ýylyň güýzi (Ezra 7:7-13)
    nji ýyl (Ylham 10:5-7).
    (Danyýel 9:25)
    Mesih
    1844-
    BG 265.1

    2300 gije we ertir
    Mesih doglanyndan soňky
    34-nji ýyl (Res. lş. 7:59; 8:1;

    70 hepde (490 ýyl) bellenilen (Danyýel 9:20) 10:45-47; 13:46-47)BG 265.2

    Mesih dogulmazyndan öňki 408-nji ýyl. Mesih dogulmazyndan öňki 27-nji ýylBG 265.3

    7 hepde 62 hepde Mesih doglanynda - Soňky 31-nji ýyl - Res. Iş. 9:25-27
    2300-490=1810
    BG 265.4

    = 49 ýyl = 434 ýyl 3,5 ýyl 3,5 ýyl 1810 ýyl Lýerusalimi dikeltmek hakdaky buýruk. Gurluşygyň gutarmagy Mesihiň mesh edilmegi Mesihiň Ölümi Butparazlara Injili wagyz Etmek Gökdäki mukaddes ýeriň arassalanmagy

    Bu diagramma Mukaddes Kitapda wagt boýunça has dowamly wagty illýustririrleýär. Mukaddes Kitap pygamberliginde bir günüň göni manysynda bir ýyly aňladýandygy (Sanlar 14:34; Ezekiýel 4:6) Danyýel 8:14-däki 2300 gün taryhyň 23 asyryna gabat gelip, Artekserksiň hökümdarlygyndan we Iýerusalimiň dikeldilen 1844-nji ýylyna çenli, ýagny gökdäki mukaddes ýerde derňew sudy başlanan wagtyna çenli dowam etdi.BG 265.6

    Mesih dogulmazyndan öňki 457-nji ýyl. Bu ýylda Artakserksiň Iýerusalimi dikeltmek we gurmak baradaky permany çykdy (Danyýel 9:25; Ezra 7:7 serediň) we 70 hepde ýa-da 490 ýyl (Danyýel 9:24-27 serediň) hem-de 2300 pygamberlik gün\ýyl başlandy Mesih dogulmazyndan öňki 408-nji ýyl. 7 pygamberlik hepdesiniň ýa-da 49 ýylyň dowamynda Iýerusalimiň diwarlary dikeldildi (Danyýel 8:14 serediň). Mesih doglanyndan soňky 27-nji ýyl. Mesih dogulmazyndan öňki 408 ýyldan soňky 62 pygamberlik hepdesi ýa-da 434 hepde bizi Ýahýa Çokundyryjy lordan derýasynda Mesihi suwda çokundyranda, Onuň jemgyýetçilik gullugyna mesh edilmegine alyp barýar (Danyýel 9:25-27; Matta 3:13-17 serediň). 70 hepdeden diňe bir hepde berjaý edilmän galdy. Mesih doglanyndan soňky 31-nji ýyl. 70 hepdäniň “ýarymynda” ýa-da ortasynda “... Mesih ölüme tabşyryldy we... bolmaýar” (Danyýel 9:26-27). Mesih doglanyndan soňky 31-nji ýylda Isa biziň üçin haça çüýlenildi (Luka 23:33, 46; 1 Petrus 2:24 serediň). Mesih doglanyndan soňky 34-nji ýyl. 70 pygamberlik hepdesiniň soňy. 2300 pygamberlik gününiň ilkinji 490 ýyly ýerine ýetdi. Danyýel 9:24-27-de aýdylyşy ýaly, bu ilkinji 490 ýyl Hudaýyň aýratyn halky hökmünde özüniň missiýasyny ödemegi iiçin ýehudy halkyna bellenilen ýa-da niýetlenilen soňky mümkinçilikdi (Danyýel 9:26-27 serediň). Bu halkyň muny ederden ejiz bolup çykandygy zerarly, Hoş Habary wagyz etmeklik butparazlara berilmeli boldy. Mesih doglanyndan soňky 34-nji ýylda ýehudylar ilkinji mesihi görgi gören adamy bolan Stefanusy daşlap öldürdiler. Şu waka bilenem, ýehudy halkyna bellelilen 70 pygamberlik hepdesiniň soňy bellenildi (Resullaryň işleri 7:54-60 serediň). 2300 pygamberlik gününiň\ýylynyň ahyryna çenli ýene 1810 ýy 1 galýar.

    Mesih doglanyndan soňky 1810-njy ýyl. Danyýel 8:14-de welilik edilip aýdylan 2300 nýyllyk döwriiniň tamamlanmagy. Derňewli suduň we gutarnykly halas etme işiniň başlanmagy. Mesih dogulmazyndan öňki 457 doly ýyl hem Mesih doglanyndan soňky 1843 doly ýyl jemi 2300 sany düzýär. Eger Artaksersiň permany Mesih dogulmazyndan öňki 457-nji ýylyň BAŞYNDA bolan boisa, onda 2300 gün Mesih doglanyndan soňky 1843-nji ýylyň soňky gününe çenli uzalyp giderdi. Ýöne perman Mesih dogulmazyndan öňki 457-nji ýylyň GÜÝZÜNE çenli güýje girmedi. Şoňa görä-de, bu 2300 günlük döwür 1844-nji ýylyň güýzünde gutarmalydy.

    “Ýazgyda welilik edilip aýodylan wajyp wakalaryň juda tiz amala aşjagyna berk ynamly bolanym üçin özümiň dünýäniň öňündäki borjum hakda gaty güýçli pikir etdim”. Ol alan nuruny paýlaşmaklygyň özüniň göni borjy bolup durýandygyna düşünmän bilmedi. Ol imansyzlar tarapyndan özüne garşydaşlygyň garaşýanyny bilýärdi, ýöne ähli mesihileriň özleriniň gowy görýän Halasgärine duş gelenine begenjekdiklerine ynamlydy. Ol diňe köp adamlaryň ýakynlaşyp gelýän gudratly gutulyşa şatlanyp, bu taglymaty onuň hakykylygyna göz ýetirmek üçin Mukaddes Kitaba bolmalysy ýaly aralaşman kabul ederinden çekinýärdi. Ozüne doly ynanmandygy sebäpli, ol başgalary ýalňyşlyga alyp barmakdan gorkup, öz açyşy hakda açyk aýtmaga het edip bilmeýär. Ol öz pikirleriniň gidişini, aýratynam, düşünmesi kyn bolan ýerlerde ünsli durup geçmek bilen ýene bir gezek barlap görme kararyna gelýär. Şonda ol Hudaýyň Sözündäki nuruň öňünde ähli garşylyklaryň gün şöllelerine dargan duman ýaly dargap gidenini gördi. Öz netijeleriniň dogrudygyna doly göz ýetirýänçä bäş ýyl geçdi.BG 267.2

    Şonda ol Hudaýyň Sözüniň şeýle kesgitlilik bilen şaýatlyk eden zadyny başgalara-da açyp görkezmegiň öz borjy bolup durýandygyny duýdy. Ol: “Öz işlerim bilen meşgullanan wagtymda, hemişe gulagymda: Barda, howpuň abanýandygyny dünýä aýt” diýen ses ýaňlandy durdy. Mukaddes ýazgynyň: “ Men erbet adama: “Eý, erbet adam, sen hökman ölersiň!” diýenimde, öz ýolundan ägä bolar ýaly; erbede duýdurmasaň we erbet adam öz etmişi üçin ölse, onuň gany üçin Men seniň bilen haklaşaryn. Dogry ýola düşer ýaly, erbet adamy öz ýolundan hahardar etseň, emma ol şonda-da öz ýolundan dönmese, ol etmişi sebäpli öler, emma sen öz janyňy halas edersiň ” (Ezekiýel 33:8-9) diýen sözler hiç kellämden aýrylmady. Men, eger kanunsyzlara duýdurylanynda, olaryň köpüsi toba etjegini, ýöne duýdurmasam, olaryň ganynyň meniň üstümde boljagyny duýdum”.BG 267.3

    Şeýdip, ol mümkinçilik bolan badyna, ýygnak gullukçylarynyň haýsy hem bosa biriniň özüne açylan zadyň wajyplygyna düşünmegi we adamlara duýduryp başlamagy üçin dileg edip, öz garaýyşlary hakda gürrüň berip başlady. Ýöne adamlara özüniň duýdurmalydygy baradaky ynam asla terk etmedi. Onuň gulaklarynda: “Barda, muny dünýä aýt, ýogsam, olaryň ganyny Men senden soraryn” diýen ses ýaňlandy durdy. Ol dokuz ýyllap garaşdy. Bu ýükem ony gitdigiçe güýçli basmarlady. Ahyrsoňy 1831 - nji ýylda ol öz garaýyşlaryny ilkinji gekez köpçüligiň öňünde aýtdy.BG 268.1

    Elýaşanyň pygamberlik gullugyna göni işläp ýören ekin meýdanyndan çagyrylyşy ýaly, Uilýam Millerem, dünýä Hudaýyň Patyşalygynyň syryny açmak üçin öz azalyny goýmalydy. 01 bu işe uly sandyrama bilen başladyda, öz diňleýjileriniň öňünde Mesihiň Ikinji gelmegine çenli baryp ýetýän pygamberlik döwürleriniň keşbini açyp görkezdi. Öz sözlerini adamlaryň nähili çuň gyzyklanma bilen kabul edýändiklerini görende, onuň batyrlygy bilen güýji has-da köpeldi we berkedi.BG 268.2

    Miller diňe imandaky doganlarynyň irginsiz haýyşy bilen öz garaýyşlaryny köpçülige beýan etme kararyna geldi, sebäbi olaryň sözlerinde ol Rebbiň çagyryşyny görüpdi. Ol wagtda Miller eýýäm 50 ýaşa golaýlapdy. Şol wagta çenli hiç haçan adamlaryň öňünde çykyş edip görmändigi üçin özüni bu işe ýaramsyzlyk duýgusy ony gynaýardy. Emma onuň janlary halas etme boýunça eden işi ilki başyndan başlap, aýratyn ak pata bilen bellenildi. Onuň ilkinji gezekki çykyşy şeýle dini galkynyşa eýe boldy-da, iki adamdan başga üç maşgala Hudaýa geldi. Ony dürli ýerlerde çykyş etmeklige çagyrdylar. Onuň Hudaýyň Sözüni wagyz edip eden çykyşlarynyň hemmesi üstünlige beslendi. Giinäkärler iman etdiler, mesihiler Hudaýy has çuň tanamanyň zerurdygyna düşündiler, deistler bilen ateistler Mukaddes Kitabyň we mesihilik ynamynyň hakykylygyna açyk göz ýetirdiler. Milleriň zähmet çeken ýerindäki adamlar: “Ol hatda başga hiç kimiň täsir edip bilmedik adamlaryny-da tabyn edýärdi” diýip şaýatlyk edýärdiler. Onuň wagyzlary jemgyýetde dini hakykatlara bolan gyzyklanmany döretmäge we şol wagtky dünýäni gark eden dünýewi hem duýguly lezzetleriň tolkunlaryny saklamaklyga gönükdirilendi.BG 268.3

    Onuň wagyz eden her bir şäherinde diýen ýaly, onlarça, hatda ýiizlerçe adamlaram imana gelýärdiler. Köp ýerlerde protestant ýygnaklarynyň hemme denominasiýalary diýen lay, onuň öňünde gapylaryny myhmansöýerlik bilen açýardylar, şonuň üçin ol bir wagtda birnäçe dini birleşmelerde wagyz etmeklige çakylyk alýardy. Diňe çagyrylan ýerde wagyz bilen çykyş etmeklik onuň üýtgewsiz düzgüni bolupdy, ýöne köp wagt geçmänkä, şol çakylyklaryň ýarysyna-da jogap bermäge onuň ýagdaýy bolman başlady.BG 268.4

    Köpler onuň Ikinji gelmäniň takyk wagtyna degişli pikiri bilen ylalaşmaýan bolsalar-da, barybir onuň ýakyndygyna, şol sebäpdenem, oňa taýýarlyk görmegiň zerurdygy bilen ylalaşýardylar. Birnäçe uly şäherlerde onuň işi jemgyýete ägirt uly täsirini ýetirdi. Şerap satyjylar özleriniň dükanlaryny ýapyp, olary doga etme ýygnaklarynyň zalyna öwürdiler. Humarly oýunlar oýnalýan öýler ýapyldy. Deistleriň, ateistleriň, hatda barypýatan azgyn adamlaram üýtgäp, olaryň käbirleri dagy ýyllabam ýygnaklara barmandylar. Dürli dini jemgyýetler her sagatda diýen ýaly, şäheriň dürli ýerlerinde doga etme ýygnanyşyklaryny geçirýärdiler. Işewür adamlar doga etmek we minnetdarlyk bildirmek üçin günortanlaryna ýygnanyşýardylar. Hiç hili fanatik tolgunyşyk ýokdyda, hemme ýerde dabaralylyk bilen çynlakaýlylyk höküm sürýärdi. Miller irki reformatorlar kimin, artykmaç emosiýalaryň tupanyny turuzmaklyga däl-de, adamlaryň aňlaryna täsir etmäge we olaryň ynsaplaryny oýandyrmaga çalyşýardy.BG 269.1

    1833 - nji ýylda Miller özüniň agzasy bolup durýan baptist Ýygnagyndan wagyz etmeklige resmi taýdan rugsat alýar. Bu Ýygnagyň gullukçylarynyň aglaba bölegi onuň işini goldaýardy. Ol ýadamazak syýahatçydy, şonuň üçinem, dürli ülkelerde hemişe wagyz edýärdi, ýöne esasy zähmeti Täze Angliýada hem-de Demirgazyk - Gündogar ştatlarda çekýärdi. Ol birnäçe aýyň dowamynda özüniň şahsy serişdesine ýaşady. Ondan soňam, hatda ýol harjyny ýapmak üçin ýeterlik bolan pul almaýardy. Şeýlelikde, jemgyýetiň bähbidi üçin çekýän zähmeti onuň egnine agyr ýük bolup düşýärdi, şonuň üçinem, Milleriň girdejileri gözüniň öňünde gaýyp bolup gidýärdi. Ol uly maşgalanyň başydy, şonuň üçin diňe şol maşgalanyň tygşytlylygynyň hem zähmetsöýerl iginiň arkasyndan fermanyň getirýän girdejisiniň hasabyna ýaşap bilýärdiler.BG 269.2

    1833-nji ýylda, Milleriň Mesihiň geljeginiň ýakynlygyny bütin halkyň öňünde subut edenine iki ýyl geçenden soň, halasgäriň wada beren soňky alamatlarynyň biri ýerine ýetdi. Isa: “ýyldyzlar Gökden gaçar” (Matta 24:29) diýipdi. Ýahýa-da, Hudaýyň gününiň ýakynlaşyp gelýänini habar berýän alamaty görende: “Bir injir agajynyň güýçli ýel bilen yralyp, çig injirlerini döküşi ýaly, gögüň ýyldyzlary-da Ýer ýüzüne gaçdy” (Ylham 6:13) diýdi. Bu pygamberlik güýçli meteorit ýagşy ýaganda, 1833nji ýylyň 13 - nji noýabrynda haýran ediji we täsir galdyryjy takyklyk bilen ýerine ýetdi. Adamyň ýagýan ýyldyzlaryň şeýle güýçli hem täsirli ýagyşyny şu wagta çenli görenide gümanadyr. Birnäçe sagadyň dowamynda “Birleşen Ştatlaryň üstündäki tutuş asmany atly feýerwerk ýagtyltdy! Bu ýurtda hiç haçan beýle gökden inen hadysa bolmandy. Ol käbirlerini söz bilen beýan edip bolmajak şatlyga alyp bardy, käbirlerini bolsa, söz bilen beýan edip bolmaýan gorka hem aljyraňňylyga saldy”.BG 269.3

    “Bu tomaşanyň beýikligi hem ajaýyplygy entegem köp adamlaryň ýadynda ýaňyja bolan ýaly bolup dur... Iň güýçli ýagşam güýji hem çapgynlylygy boýunça-da, meteoritleriň bu akymy, ýagny gündogarda hem günbatarda, demirgazykda hem gtinortada asmanyň ýüzüni çyzym - çyzym eden ýaly bolup görnen akymy bilen deňeşip bilmezdi. Tutuş asman herekete gelen ýaly boldy... Bu tomaşa professor Sillimanyň žurnalynda habar berlişi ýaly, bütin Demirgazyk Amerikada görüldi... süýt ýaly aýdyň hem bulutsyz asmanda gije sagat ikiden jahan doly ýagtylýança, tutuş asmanyň ýüzünde gözüňi gamaşdyryjy asman jisimleriniň yzy üzülmezek oýny göründi durdy”.BG 270.1

    “Bu tomaşanyň ajaýyplygyny söz bilen beýan edip bolmaýar... ony görmedik adam onuň bar şöhratyny göz öňüne-de getirip bilmez. Edil ýyldyzly asman dik ýokarlygyna bir nokatda jemlenip, şol ýerden ýyldyrym çaltlygynda okly peýkamlar hemme tarapa dargaýan ýaly, onuň soňy bolmajak ýaly bolup göründi. Edil öňden taýýarlanylyp goýlan ýaly, olar biri - biriniň yzyndan müňlerçe bolup gelýärdi”.BG 270.2

    “Güýçli tupan wagtynda bişmedik miwelerini ýere döken injir agajyndan başga şowly deňeşdirmäni tapmak mümkin bolmasa gerek”.BG 270.3

    Nýu - Yorkuň kommersiýa žurnalynyň 1833-nji ýy ly ň 14-nj i noýabryndaky sanynda bu üýtgeşik waka barada ullakan makala çap edildi. Onuň awtory: “Düýn ertirki bolup geçen waka ýaly zat barada entek ýekeje alymam, filosofam ýazan däldir. Häzir biziň bolup geçen zada takyk kesgitleme bermekde kynçylyk çekýän bolmagymyz mümkin, ýöne on sekiz asyr mundan ozal pygamber ýyldyzlaryň düşjegini takyk aýdyp geçdi. Şol hem, bu sözüň doly manysynda ýerine ýetdi”.BG 270.4

    Şeýlelikde, Mesihiň Özüniň gelmegine degişli bolan zatlar hakda şägirtlerine: “Bu zatlary göreniňizde, Ynsan Oglunyň golaýdygyny gapynyň agzyndadygyny biliň” (Matta 24:33) diýmek bilen duýduran soňky alamatlarynyň biri bolup geçdi. Bu alamatlardan soň Ýahýa asmanyň bir esgi kimin düýrlenenini, gaty güýçli ýer titremesiniň bolanyny, daglaryň hem adalaryň ýerlerinden gozgananyny, hudaýsyzlaryň gkry içinde tagtda Oturanyň gözlerinden gizlenjek bolanyny gördi (Ylham 6:12-17 serediň).BG 270.5

    Ýyldyzlaryň düşenini gözi bilen gören adamlaryň köpüsi bu waka gelmeli bolan suduň öňden gelen habarçysy “beýik hem gorkunç günüň haýbatly alamaty, şertsiz öňden duýdurmasy, rehimdar nyşany” hökmünde garadylar. Şeýlelikde, adamlaryň ünsi şol pygamberligiň ýerine ýetmesinde jemlenildi, şonuň üçin köpler Mesihiň lkinji gelmesine degişli bolan duýduryşlara gulak asdylar.BG 270.6

    1840-njy ýylda giň gyzyklanma döredip, başga bir pygamberlik gaty gudratly usulda ýerine ýetdi. Bu wakadan iki ýyl öň Mesihiň Ikinji gezek gelmeginiň ýakynlaşandygyny wagyz edýän görnükli gullukçylaryň biri bolan losiýa Litç Ylham kitabynyň 9 - njy babynyň düşündirilişini çap edip, Ottoman imperiýasynyň dargajakdygyny öňünden aýtdy. Onuň hasabyna görä, bu waka 1840njy ýylyň awgustynda bolmalydy, şonuü üçin ol pygamberligiň ýerine ýetmezinden birnäçe gün ozal: “Eger birinji 150 ýyllyk döwrüň soňunyň Deakozuň türkleriň rugsady bilen tagta çykmasyna takyk gabat gelendigini we 391 ýyl hem 15 günüň birinji döwrüň soňunda başlanandygyny hasaba alsak, onda olar 1840-njy ýylyň 11-nji awgustynda gutannaly. Şonda Konstantinopoldaky Ottoman häkimiýetiniň agmagyna garaşmak bolar. Men munuň şeýle hem boljagyna ynanýaryn” diýip ýazýar.BG 271.1

    Görkezilen wagtda Türkiýe öz ilçileriniň üsti bilen Ýewropanyň soýuzdaş döwletleriniň howandarlygyny aldy, şeýdibem, mesihi halklara garaşly bolup, olaryň gözegçiligi astyna düşdi. Hemme zat edil öňden aýdylan wagtda boldy. Bu aýan bolanda, köpler Milleriň we onuň pikirdeşleriniň pygamberlikleri düşündiriş prinsipleriniň dogrudygyna köpler göz ýetirdiler. Bu bolsa,adwentist hereketine täze impuls berdi. Sözi wagyz etmede we neşir işlerinde alymlardyr ýokary derejeli adamlar Millere goşuldylar, şol sebäpli hem, 1840-njy ýyldan, 1844-nji ýyla çenli olaryň işi giň gerime eýe boldy.BG 271.2

    Uilýam Miller ummasyz hem ösen akla eýedi. Janypkeşlikli sapaklarynyň hem oýlanmalarynyň kömegi bilen hem-de Akyldarlygyň Çeşmesi bilen birikmek arkaly bolsa, gögüň akyldarlgyny hem aldy. 01 hormata hem sylaga doly mynasyp bolan çirksiz dogruçyl, takwa hem ýokary ahlakly adamdy. Ýasama bolmadyk ýürekdäki rehimdarlygy onda mesihilik kiçigöwünliligi hem özerkliligi bilen birigendi. Ol hemişe hemmelere mylakatly garaýardy. Başgalaryň pikirini diňlemäge we olaryň delillerini ölçerip - dökmäge hemişe taýýardy. Ganygyzmalykdan hem esassyzlykdan azat bolan bu adam teoriýalaryň hemmesini Hudaýyň Sözüniň taglymaty bilen barlaýardy, şonuň üçin onuň sagdyn pikirliligi we Ýazgyny düýpli bilmesi islendik ýalňyşlygy hem ýalany ret etmäge mümkinçilik berýärdi.BG 271.3

    Şeýle-de bolsa, ol gazaply garşy çykylmalary ýeňip geçmeli boldy. Geçmişdäki reformatorlaryň durmuşynda bolşy ýaly, belli ylahyýetçiler onuň taglymaty bilen ylalaşmadylar. Özleriniň garaýyşlaryny Mukaddes Yazga esaslandyryp bilmändikleri sebäpli, olar adam jümlelerine we pikirlerine, Ybadathana atalarynyň rowaýatlaryna ýüzlenmäge mejbur bolýardy. Yöne adwentist hakykatynyň wagyzçylary diňe Hudaýyň Sözüniň şaýatlygyna daýanýardy. “Mukaddes Kitap, diňe Mukaddes Kitap!” - bu olaryň şygary bolupdy. Hakykatyň garşydaşlary Mukaddes Kitap subutnamalarynyň ýetmezçilikleriniň üstüni ýaňsylamalar hem sögünçler bilen doldurýardylar. Wagt, pul we zehin - bu zatlaryň hemmesi ýeke—täk jenaýaty özleriniň Rebbiniň gelerine şatlyk bilen garaşýandyklarynda, günäsiz durmuşda ýaşamaga dyrjaşýandyklarynda we Reb bile duşuşmaga taýýar bolmagy başgalara nesihat bermekde jemlenen adamlara myjabat ýapmak üçin ulanylýardy.BG 271.4

    Halkyň ünsüni Rebbiň Ikinji gezek gelmesinden sowmak üçin hemme zat edildi. Mesihiňgeljekdigi we dünýäniň soňy baradaky pygamberlikleri öwrenmegiňgünädigi,hatdautançhem bolupdurýandygy hakdaky düşünjeleri adamlara zor bilen bermeklige jan edildi. Şeýle etmek bilen umumy ykrar edilen ybadathanalaryň gullukçylary Hudaýyň Sözüne bolan ynamy ýok etdiler. Olaryň taglymatlary adamlary hudaýsyzlara öwürdi, şonuň üçin köpler erbet höwesleriň yzyna düşdüler. Soň hem, bu etmişleriň günäsini ýamanlygyň mugallymlary adwentistleriň üstüne ýüklediler.BG 272.1

    Milleriň wagzyny diňlemek üçin adamlar hyryn - dykyn öýlerde ýygnanyşýardylar, emma Milleriň ady dini proseslerde tutulmaýardy, tutulaýsa-da, diňe ýaralaýjy äheňdäki ýaňsylama üçin tutulýardy. Islendik usul bilen Milleri hem-de onuň işini biabraý etjek bolup, dini ýolbaşçylaryň öjükdirýän ýeňilkelle hem hudaýsyz adamlary her hili kemsidiji häsiýetlendirmelere, Hudaýa dil ýetiriji degişmelere we awuly sözleri aýtmaklyga ýüz urýardylar. Saçy agaran, oňaýlyklary bolan öýüni goýup, şäherme - şäher, obama - oba aýlanyp, dünýä höküm gününiň ýakynlaşýanyny ýadaman duýduryp ýören adam iň kemsidiji usulda hemmeleriň öňünde fanatik, ýalançy hem kezzap hökmünde görkezildi.BG 272.2

    Millere garşy gönükdirilen ýaňsylamalar, ýalan hem ajy sözler hatda dünýewi neşirýat tarapyndanam ýazgaryjy garşy çykmany döretdi. “Şunuň ýaly ägirt uly wajyplygy we şeýle çynlakaý netijeleri bolan meselä beýle ýeňilkellelik hem sylaşyksyzlyk görkezmek diňe bir adamlaryň duýgularynyň üstünden gülmek bolman, eýsem, Hudaýyň höküm gününi ýaňsylamagam, Hudaýyň Sözüniň üstünden gülmegem, Onuň adalatyny äsgermezçiligem bolýandyr” diýip, dünýewi adamlar ýazypdyrlar.BG 272.3

    Hemme erbetl ikleriň başyny başlaýan adam diňe bir adwentistlik habarynyň täsiri gowşatmak islemän, eýsem, habarçynyň özünem ýok etmäge çalşypdyr. Miller özüniň wagyzlarynda öz diňleýj i leriniň durmuşynyň Mukaddes Kitap hakykatlaryna deň gelýändigini görkezip, olaryň günälerini we özlerini hondan bärisi tutýandyklaryny paş edýär, şonuň üçin onuň göni hem güýçli sözleri adamlarda ýigrenç döretdi. Bir gezek Ybadathananyň Millere duşmançylykly garaýan agzalary garamaýak halky Miller ýygnanyşykdan soň gidip barýarka ýolda öldürmeklige küşgürýärler. Ýöne şol märekäniň içinde mukaddes perişdelerem bolup, olaryň biri ynsan keşbinde Hudaýyň hyzmatkäriniň elinden tutup, ony gazaply adamlaryň arasyndan howpsuz ýere alyp çykýar. Onuň işi entek gutarmandy, şonuň üçin şeýtan bilen onuň ýaranlarynyň maksady başa barmady.BG 272.4

    Garşy çykmalaryň bardygyna garamazdan, adwentistlik hereketine bolan gyzyklanma ösýärdi. Eger ozallar ýygnanyşyga onlarça, ýüzlerçe adamlar gelen bolsa, indi hasap müňe baryp ýetipdi. Dürli ýygnaklarda täze imana gelenleriň uly akymy duýulýardy, ýöne tizara bu-da oppozisiýada nägilelik döretdi. Şeýdip, ybadathanalar Milleriň garaýyşlary bilen ylalaşýanlara garşy bolan çäreleri görüp başlady. Bu bolsa, Milleri hat üsti bilen ähli dini denominasiýalara ýüzlenip, öz taglymatyny ýalan hasaplaýanlaryň muny Mukaddes Ýazgy esasynda subut etmegini talap etmäge mejbur etdi.BG 273.1

    Ol: “Eýsem, biziň ynanýan zadymyz siziň özüňiziň kada, onda-da imanymyzyň hem özümizi alyp barşymyzyň ýeke - täk düzgüni hasaplaýan kitabyňyza, Hudaýyň Sözüne esaslanmaýarmy? Münberlerden, gazetleriň sahypalaryndan ýagdyrylýan aýyplamalar akymyna biz näme etmek bilen mynasyp bolduk? Bizi (adwentistleri) öz ybadathanalaryňyzdan we jemgyýetiňizden çykarmaga name size hukuk berýär? Eger biz mamla bolmasak, onda, haýyş edýärin, bize ýalňyşlyklarymyzy görkeziň. Hudaýyň Sözi esasynda bize ýalňyşlyklarymyzy görkeziň. Biziň ýaňsylanma kemimiz galmady! Yöne bu özümiziň bimamladygymyza bizi hiç haçanam ynandyryp bilmez. Biziň garaýyşlarymyzy üýtgetmäge diňe Hudaýyň Sözüniň güýji ýeter. Biz bu netijä oýlanyşykly hem doga etmek bilen, Mukaddes Ýazgydan nur almamyz boýunça geldik”.BG 273.2

    Hudaýyň Öz hyzmatkärleri arkaly dünýä iberen duýduryşlarynyň hemmesi ähli asyrlaryň dowamyndada, hemişe şuňa meňzeş şübheler hem ynamsyzlyklar bilen garşy alyndy. Gadymy dünýäniň haramçylygy Rebbi adamlary suw basmasy bilen jezalandyrmaga mejbur edende, Reb Özüniň bu niýetini adamlardan gizlemändi-de, olara düzelmäge mümkinçilik beripdi. 120 ýylyň dowamynda, adamlary toba etmäge çagyrýan hem-de toba etmeseler, heläk boljakdyklaryny duýdurýan ses ýaňlanyp durdy. Emma bu habar olara oýlanylyp tapylan boş habar ýaly bolup göründi, şonuň üçin hem, olar oňa ynanmadylar. Özleriniň günälerinden ganan ol adamlar Hudaýyň habarçysynyň üstünden güldüler, onuň ýalbaryşlaryny ýaňsyladylar, hatda ony tekepbirlikdede aýypladylar - nädip bir adam bu dünýäniň beýik adamlarynyň garşysyna gidip bilýär? Eger Nuhuň wagyz eden habary hakykat bolan bolsa, onda näme üçin bütin dünýä şol hakykaty ykrar etmeýär we oňa ynanmaýar? Müňlerçe adamlaryň akyldarlygyna garşy bolan bir adamyň sözleriniň nähili ähmiýeti bolar?! Ýok. olar muňa ynanyp bilmezler, olar gämiden gaçybatalga gözlemäge gitmezler!BG 273.3

    Hudaýsyzlar tebigy hadysalary: pasyllaryň biri - biriniň yzyndan gelip gaýtalanyp durýandygyny, entek ýekeje damja-da ýagyş ýagmadyk gök asmany, gije düşen nem bilen terje bolup duroan ýaşyl meýdanlary görkezdiler-de: “Ol bize erteki gürrüň berenokmyka?” diýşip gygyryşdylar. Olar hakykatyň wagyzçysyny akylsyz fanatik hökmünde ýigrenç bilen ret etdiler-de, keýplerine we günälerine öňkülerinden-de beter berildiler. Ýöne olaryň imansyzlygy öňden bellenilen wakanyň ýerine ýetmegine päsgel bermedi. Hudaý olaryň haramçylyklaryna uzak wagtlap geçirimlilik etdi-de, toba etmek üçin olara mümkinçilik baryny berdi, ýöne Öz bellän wagtynda, Onuň hökümi Özüniň rehimini inkär edenleriň başyndan indi.BG 274.1

    Mesih Özüniň Ikinji gezek geljegine-de, şunuň ýaly imansyzlyk bilen garaýandyklaryny aýdýar. Halasgärimiz: “Nuhuň günleri nähili bolan bolsa, Ynsan Oglunyň gelşide şeýle bolar“. “Tupan turup, hemmesini äkidýänçä, olar hiç zady bilmeýärdiler” (Matta 24:37, 39) diýdi. Özlerini Hudaýyň hasaplaýan adamlar dünýä bilen birigip, onuň durmuşynda ýaşanda, onuň bilen bile gadagan edilen keýplere gatnaşanda, dünýewi ajaýyplyklar Ýygnagyň içine aralaşyp, toý jaňjagazlarynyň sesi ýaňlananda, hemme adamlar geljege seredip, uzak ýyllaryň dowamynda ýerdäki abadançylygyň hem gülläp ösüşiň tagamyny dadanda, birden, garaşylmadyk ýagdaýda, ýalpyldaýan ýyldyrym kimin bolup, olaryň öwşün atyp duran arzuwlarynyň hem aldawçy umytlarynyň soňy geler.BG 274.2

    Birwagtlar Hudaý suw basmasynyň boljagyny aýtmak üçin Öz guluny iberipdi. Edil şunuň ýaly edip, Hudaý dünýä soňky hökümiň ýakynlygyny habar bermek iiçinem, habarçylary iberdi. Nuhuň, hakykatyň bu jarçysynyň, üstünden döwürdeşleriniň gülüşleri ýaly, Milleriň günlerindede köpler, hatda Hudaýyň halkyndan bolan adamlaram, onuň duýduryşlarynyň üstünden güldüler.BG 274.3

    Näme üçin Mesihiň Ikinji gezek geljekdigi baradaky taglymat bilen wagyzlar ýygnaklar tarapyndan beýle höwessiz garşy alyndyka? Rebbiň gelmegi hudaýsyzlara hasrat bilen ölüm getirse, ol dogry adamlara şatlyk bilen umyt wada berýär. Asyrlaryň hemmesinde-de, bu beýik hakykat Hudaýyň wepaly çagalary üçin uly teselli bolupdy. Beýle bolsa, ol näme üçin edil Mesih ýaly, “büdreme daşy we azgynçylyk gaýasý” boldy? Halasgäriň Özi Öz şägirtlerine: “Gidip ýer taýýarlanymdan soň, siziň hem Oz ýanymda bolmagyňyz üçin ýene gelip, sizi Özüm bilen alyp giderin” (Ýahýa 14:3) diýdi. Duýgudaş Halasgär Öz yzyna eýerijileriň ýalňyzlygyna hem gaýgy synadüşünýärd i, şonuň üç i n hem, perişdelere ýere gidip, olary Rebbiň gaýdyp geljegini aýdyp, umytly sözler bilen köşeşdirmegi buýurdy. Şägirtler özleriniň göge alnyp barylýan söýgüli Mugallymlaryny gözden sypdyrmajak bolup durkalar: “Eý, jelileli adamlar! Nämä bu ýerde Göge bakyşyp dursuňyz? Isa Göge alyndy. 01 gidişi ýaly, gaýdyp hem geler” (Resullaryň işleri 1:11) diýen sözler olaryň ünsüni sowdy. Perişdeleriň sözleri olarda ýene-de umyt döretdi. Şägirtler “uly şatlyk bilen Iýerusalime tarap öwrüldiler. Elmydama ybadathanada bolup, Hudaýa öwgi aýdyp, alkyş okaýardylar” (Luka 24:52-53). Olar özleriniň ýanynda indi Isanyň ýokdugyna, diinýäniň kynçylyklarydyr synaglary bilen özleriniň göreşmeli boljakdyklary üçin şatlanmadylarda, perişdäniň Rebbiň ýene gaýdyp geljegini aýdanyna şatlandylar.BG 274.4

    Şonuň üçin Mesihiň geljekdigi baradaky habar edil uzak geçmişde perişdeleriň beýtullahamly çopanlar bilen şatlygy paýlaşyşy ýaly, bizde Mesihiň geljegine bolan uly şatlygy döretmelidir. Halasgäri çyn ýiirekden söýýänler özleriniň ebedi ýaşaýşa bolan ähli umytlary birigen Rebbiniň ýene-de gaýdyp geljekdigi, ýöne bu gezek ýigrenilmek, ret edilmek hem kemsidilmek üçin gelmän, güýç hem şöhrat içinde Öz halkyny halas etmek üçin geljekdigi baradaky Hudaýyň Sözüne esaslanan habary eşidip, diňe şatlyk duýup bilerler. Diňe Halasgäri söýmeýänler Onuň gelmegini islemeýärler, şonuň üçin özlerine Gökden iberilen habary gahar hem ýigrenç bilen garşy almaklary ýygnaklaryň hak Hudaýdan daş düşmeklerine dilewarlyk bilen subutnama bolup durýar.BG 275.1

    Adwentistlik taglymatyny kabul edenler toba gelip, Hudaýyň öňünde kiçelmegiň zerurdygyna düşündiler. Köpler Hudaý bilen dünýäniň arasynda ikirjiňlendiler, ýöne indi olar aýgytly saýlaw wagtynyň gelendigini duýdular. “Ebedi zat olaryň gözleriniň öňünde adaty bolmadyk reallyga eýe boldy. Gök olara ýakynlaşdy, şonuň üçin olar özlerini Hudaýyň öňünde günäkär duýdular”. Imanlylar täze ruhy ýaşaýyş üçin oýandylar. Olar möhletiň ýakynlaşýanyna akyl ýetirdiler, şol sebäpli-de, öz ýakynlary üçin jogapkärçi 1 igi duýdular. Yerdäki zatlaryň hemmesi arka tarapa geçdi. Olaryň öňlerinde bakyýet açylyp, ebedi bagt bilen ebedi lagnatyň birini saýlamak gerek ýaly boldy. Hudaýyň Ruhy olaryň üstlerinde bolup, özleriniň doganlaryna bolşy ýaly, günäkärlere-de, hemmeleriň Hudaýyň gününe taýýarlanmalydyklaryny aýdyp, ýürekden çykýan çagyryş bilen ýüzlenmäge güýç berdi. Olaryň gündelik durmuşy bilen edýän sessiz şaýatlyklary ýygnagyň bagyş edilmedik agzalarynyň formalizmini hemişe ýazgarma boldy. Soňkular özleriniň göwün açmalaryna kimdir biriniň päsgel bermegini, ýeňil eklenje bolan yhlasyny, dünýewi hormata bolan şöhratparazlykly teşneligini çäklendirmegini islemediler. Netijede adwentistlik ynamyna we onuň habarçylaryna garşy nägilelikler hem göni duşmançylyk tolkunlary turdy.BG 275.2

    Pygamberlik döwürlerine esaslanylan subutnamalaryň şeksiz bolup çykandygy sebäpli, hakykatyň garşydaşlary güýçlerinde baryny edip, pygamberlikleriň möhürlenendiklerini aýtmak bilen olara ynananlaryň lapyny keç etmäge synanyşdylar. Şu ýagdaýda protestantlar papaçylaryň ýoly bilen ýörediler. Eger papalyk ybadathanasy halkdan Mukaddes Kitaby gizlän bolsa, onda protestant ýygnaklary Mukaddes Sözüň wajyp böleginiň - aýratynam, biziň döwrümize degişli bolan hakykatlary saklaýan böleginiň - düşünip bolmaýan bölekdigini aýtdylar.BG 276.1

    Gullukçylaram, halkam, Danyýeliň we Ylham kitabyndaky pygamberlikleriň akyl ýetirip bolmaýan syrdygyny aýtdylar. Yöne Mesih şägirtleriniň ünsüni Danyýeliň özleriniň wagtynda amala aşmaly bolan wakalara degişli sözlerine çekip: “okyjy düşünsin” (Matta 24:15) diýdi. Ylhamyň akyl ýetirip bolmaýan syrdygyny aýtmagyň özi kitabyň adyna garşy çykýar: “Bu Hudaýyň, ýakyn wagtda bolmaly zatlary bendelerine görkezmek üçin lsa Mesihe beren ylhamydyr... “Bu pygamberlik sözlerini okan, onda ýazylanlara gulak asyp, olary berjaý eden bagtyýardyr... (Ylham 1:1,3).BG 276.2

    Pygamber: “Okan ... bagtlydyr” diýýär - diýmek okamaýanlaram tapylýar, şonuň üçin bu ak pata olar üçin däldir. “Gulak asýanlaram bagtlydyr” - diýmek, pygamberliklere gulak asmakdan boýun gaçyrýanlaram bolýar, şonuň üçin ak patalar onuň ýaly adamlar üçin däldir. “Onda ýazylanlary berjaý edýän bagtlydyr” - köpler Ylhamyň içindäki duýduryşlar bilen nesihatlary kabul etmekden ýüz öwürýärler, şonuň üçin olaryň hiç haýsysy wada berlen ak patalara dalaşgärlik edip bilmezler. Ylhamda şeýle dabaralylyk bilen beýan edilen pygamberlikleriň we nyşanlaryň üstünden güljekler, ýaşaýyş obrazyny üýtgetmekden we Ynsan Oglunyň gelmegine taýýarlyk görmekden ýüz öwürýänler ak patasyz galar.BG 276.3

    Ruhlandyrylan şaýatlyga eýe bolsalaram, adamlar nädip, Ylham Kitabynyň akyl ýetirip bolmajak syrdygyny aýdýarkalar? Bu bilnen syrdyr, açyk kitapdyr. Ylham Kitabyny öwrenmeklik adamyň aklyny Danyýeliň pygamberliklerine gönükdirýär. Bu kitaplaryň ikisem, wajyp nesihatlary özünde jemleýär - Reb ýeriň taryhynyň ahyrynda bolup geçmeli bolan wakalary adamlara habar berdi.BG 276.4

    Ýygnak üçin çuň hem tolgundyryjy bolup durýan wakalar Ýahýa açyldy. Ol ýagdaýy, howpy göreşi hem Hudaýyň halkynyň doly halas bohnasyny gördi. 01 ýer ýüzünde habar yglan edilenden soň, hasylyň ýygnalyp başlanyljakdygyny bedeleri gökdäki mesgenler üçin, samany ot üçin ýygnamaklygyň başlanjakdygyny gördi. Oňa iň uly, aýratynam, hakykata tarap öwrülenler özlerine garaşýan göreş hem howplar hakda biler ýaly, soňky Yygnaga degişli bolan hakykatlar açyldy. Hiç kim geljek wakalar hakda bilmän, garaňkylykda galmaly däldir.BG 276.5

    Hudaýyň Sözüniň iň wajyp bolan bu bölegini äsgermezçilik edilmegini näme bilen düşündirip bolar? Näme üçin Mukaddes Kitap şaýatlyklaryna akyl ýetirmek islemezlik höküm sürýärkä? Bu garaňkylygyň patyşasynyň öz ýalanynyň üstüni açaýjak zatlaryň hemmesini ýapjak bolup, edýän maksada okgunly edýän tagallalarynyň netijesidir. Şu sebäbe görä-de, Mesih - Ylham Kitabynyň Awtory - bu kitabyň öwrenilmegine garşy alnyp baryljak göreşiň baryny öňünden görendigi üçin ony okajaklara, diňlejeklere we pygamberlik sözlerini ýerine ýetirjeklere muny habar berdi.BG 277.1

    Larger font
    Smaller font
    Copy
    Print
    Contents