Loading...
Larger font
Smaller font
Copy
Print
Contents
Beýik Göreş - Contents
  • Results
  • Related
  • Featured
No results found for: "".
  • Weighted Relevancy
  • Content Sequence
  • Relevancy
  • Earliest First
  • Latest First
    Larger font
    Smaller font
    Copy
    Print
    Contents

    2—Nji Bap.
    Birinji Ýüzýyllykdaky Yzarlamalar

    Isa Iýerusalimiňykbalyny we Özüniň Ikinji gelmesine degişli bolan aýratyn wakalary açyp görkezende, Ol Özüniň göge alnanyndan, tä ýere şöhrat içinde gaýdyp gelmesine çenli Hudaýyň halkynyň çekmeli boljak synaglarynyda, öňünden aýtdy. Halasgär Zeýtun dagynyň ýokarsynda duran ýerinden resullaryň Ýygnagynyň üstünden turmaga taýýar bolup duran tüweleýi gördi. Onuň asyrlaryň jümmüşine aralaşyp giden nazarynyň öňünde geljekki garaňky hem yzarlamalardan doly bolan ýüzýyllyklarda Öz yzyna eýerijileriň başyndan injek gorkunç hem weýran edij i harasatlar ör boýuna galdy. Mesih bimäçe gysgajyk, ýöne haýbatly sözlerinde bu dünýäniň beýik adamlarynyň Hudaýyň Ýygnagyna taýýarlan ykbaly hakda aýtdy (Matta 24:9, 21, 22)Mesihiň yzyna eýerijiler hem, özleriniň Rebbiniň geçen ejirli, kemsitmelerden hem ýigrençden doly bolan ýolundan geçmelidirler. Dünýäniň Halasgärini gurşap alan duşmançylygy Oňa iman edenlerem başdan geçirerler.BG 34.1

    Halasgäriň sözleriniň ýerine ýetendigine ilkinji resullyk Ýygnagynyň taryhy-da şaýatlyk edýär. Ýeriň we dowzahyň güýçleri Mesihiň yzyna eýerijileriň üsti bilen Oňa garşy birikdiler. Butparazlar eger Hoş Habar ýeňäýse, onda butparaz butlaryň we gurbanlyk sypalarynyň ýok ediljekdigini öňünden gördüler, şonuň üçin olar öz hatarlaryny jebisleşdirdiler-de, mesihilere uruş yglan etdiler. Yzarlama ody tutaşdy. Mesihileri hususylyk hukugyndan mahrum etdiler-de, öýlerinden kowdular. Olar “görgüler bilen uly göreşe döz geldiler”, “kemsitmelere, gamçylanmalara sezewar boldy, beýlekiler hem zynjyrlar bilen baglanyp tussag edildi” (Ýewreýler 10:32; 11:36). Olaryň köpüsi imanyna Özüniň Gany bilen şaýatlyk etdiler. Butparazlar hemmeleri - abraýly adamlary we gullary, baýlary hem garyplary, alymlary hem sowatsyzlary - rehimsizlik bilen gyrdylar.BG 34.2

    Baryp Neronyň döwründe, takmynan, Pawlusyň görgi görüp ölen wagtyndan, başlanan bu yzarlamalar uly ýa-da kiçi güýç bilen uzak ýüzýyllyklaryň dowamynda dowam etdi. Mesihilere töhmet atyp, iň agyr jenaýatlarda aýypladylar, olary açlyk, keselçilikler, ýer titremeleri ýaly betbagtçylyklaryň sebäpkäri hasapladylar. Olar ählumumy ýigrenjiň we şübheleriň predmeti bolanlarynda, şugulçylar pul üçin bigünä adamlary satmaga taýýar bolupdylar. Olary döwlet gozgalaňçylary, diniň duşmanlary we jemgyýetiň pislenýän adamy hökmünde aýypladylar. Olaryň köpüsi ýabany haýwanlara iýmek üçin berildi; köpüsini amfiteatrlarda diriligine ýakdylar. Käbirleri haça çüýlenildi, käbirlerini bolsa, haýwanlaryň derisiniň içine salyp tikip, arena wagşy haýwanlaryň öňüne taşladylar. Mesihileriň jezalandyrylmagy baýramçylyklarda esasy göwün açmalar boldy. Bu tomaşadan lezzet almak üçin bilesigeliji adamlaryň köpüsi ýygnandylar we ölümiň öňündäki hasratlary we janserek bolmalary gülki hem el çarpyşmalary bilen garşy aldylar.BG 34.3

    Mesihiň yzyna eýerijiler nirede gizlenseler-de, aw wagtynda ýabany haýwanlaryň yzarlanylyşy ýaly edip yzarladylar. Olar çola hem ýeke ýerlerde özlerine gaçybatalga gözlemäge mejbur boldular, “sergezdançylyk çekdiler, mätäçlik, muşakgat, horluk gördüler. Dünýä olara laýyk däldi. Olar çöllerde, daglarda, gowaklarda, Yeriň köweklerinde awara bolup gezdiler” (Ýewreýler 11:37-38). Köp mesihiler üçin ýerzeminler gaçybatalga bolup gulluk etdi. Rimiň sebitlerinde şäher diwarlaryndan köp kilometrler uzaklyga gidýän, ýiti paýhas bilen gurlan ýerasty ýörelgeleriň çylşyrymly zynjyrlary gazyldy. Şol garaňky ýerzeminlerde Mesihiň yzyna eýerijiler özleriniň ölülerini jaýladylar. Olar şübhe astyna salnanlarynda bolsa, şu ýerzeminleri özlerine gaçybatalga edindiler. Ýaşaýyş Beriji gowy iman edermenligi bilen meşgullananlary ölümden direldende, olaryň gussaly gowaklaryndan Mesihiň ady ugrunda ejir çeken köp görgi görenler çykarlar.BG 35.1

    Iň zalym yzarlamalarda-da, Isanyň bu yzyna eýerijileri özleriniň imanyny temgilsiz sakladylar. Ähli amatlyklardan, hatda günüň ýagtysyndanam, mahrum bolan, garaňky bolsa-da, mährem bolan ýeriň hinlerinden özlerine öý edinen bu adamlaryň agzyndan ýekeje-de arz sözi çykmady. Olar iman, sabyrlylyk hem betbagtçylyk sözleri bilen mahrum edilmelere we betbagtçylyklara döz gelmäge biri - birine kömek etdiler. Synaglar bilen yzarlanmalar olar üçin özleriniň arzyly asudalyga hem baýraga ýakynlaşyp biljek basgançagy bolupdy.BG 35.2

    Hudaýyň gadymky gullary ýaly, olaryň köpüsi “... bolsa has oňat direlişe ýetjek bolup, boşadylmagy kabul etmän gynaldylar” (Ýewreýler 11:35). Olar Rebbiň: “Men zerarly sögülen, yzarlanan, nähak ýere her hili gybatyňyz edilen mahaly siz bagtlysyňyz! Şat boluň, begeniň, Gökde aljak sylagyňyz uludyr, çünki sizden öňki pygamberler-de şeýle yzarlandylar” (Matta 5:11-12) diýen sözlerini hemişe ýatlarynda sakladylar. Olar hakykat ugrunda ejir çekmäge mynasyp bolandyklary sebäpli şatlandylar, şonuň üçin olaryň ýakylan otlarynyň içinden göçgünli, öwgüli nagmalar ýaňlandy. Olar iman bilen göklere seredenlerinde, özleriniň mizemez berklikdäki imanyny beýik gatnaşma hem makullama bilen synlap duran Mesihi we Onuň perişdelerini gördüler. Olar Hudaýyň arşdan gelýän: “Ölýänçäň, sadyk gal, Men saňa ýaşaýyş täjini bererin” (Ylham 2:10) diýen sesini eşitdiler.BG 35.3

    Hudaýyň Ýygnagyny zorluk ýoly bilen ýok etjek bolup, şeýtanyň eden synanyşyklary biderek boldy. Beýik söweş, ýagny Isanyň şägirtleriniň ugrunda başlaryny goýan beýik söweşi şol baýdak göterijiler özleriniň eýeleýän ýerlerinde gurban bolanda-da bes etmedi. Olaryň ýeňlişi aslyýetinde ýeňiş bolupdy. Hudaýyň ilçilerini öldürdiler, emma Onuň işleri öňe gyşarnyksyz gitdi. Hoş Habar ýaýramasyny dowam etdirdi, şol sebäpdenem, gitdigiçe köp adamlar Hoş Habary kabul etdiler. Hoş Habar hatda Rim bürgüdiniňem baryp bilmejek ulgamlaryna aralaşdy. Bir mesihi mesihilere garşy nobatdaky yzarlamany aýaga galdyran butparaz ýolbaşçylarynyň birine jogap berende: “Siz bizi öldüribem, gynabam, näletläbem bilersiňiz... siziň adalatsyzlygyňyz biziň bigünäligimiziň subutnamasydyr... siziň iň güýçli zalymlygyňyzam özüňize kömek etmez!” diýýär. Mesihileriň yzarlanylmagy tamalaryň tersine gidip, adamlarda Mesihi kabul etme islegini diňe berkidýärdi. “Siz bizi näçe köp ýok etseňiz, biz şonça-da köpeleris: mesihileriň gany—bu tohumdyr” (Tertulian, Apologiýa, 50 bap).BG 36.1

    Müňlerçe mesihiler zyndanlara taşlanyldy, janlaryndan mahrum edildi, ýöne olaryň deregine başgalar geldi. imanynyň hatyrasyna görgi görüp ölenler özleriniň Halasgäriniň ýanyna bardylar, Olam olary ýeňijiler hökmünde yglan etdi. Olar gowy ýeňiş gazandylar, şonuň üçin olara Rebbiň geljek gününde şöhrat täji garaşýar. Mesihileriň çeken ezýetleri olary has-da berk birikdirdi, Halasgäri olara has ýakynlaşdyrdy. Olaryň ýaşaýşy we ölümiň öňünde aýdan sözleri hakykatyň ýaýramagyna ýardam etdi. Hatda üstünlige hemme ýerdäkiden-de az garaşylýan ýer bolan şeýtanyň mesgeninde-de, garaňkylyk patyşasynyň yzyna eýerenler ýigrenji patyşalyk bilen gatnaşyklaryny kesip, Mesihiň we Onuň Ýygnagynyň baýdagynyň astyna geldiler.BG 36.2

    Şonda Hudaýyň ýolbaşçylygyna garşy çykmaga çalşyp, şeýtan öz baýdagyny mesihilik Ýygnagynyň baýdagy bilen dostlaşdyrmagy makul bildi. Eger mesihiň yzyna eýerijileri aldap, olary Hudaýyň nazarynda ýigrenji bolan zatlary etmäge mejbur etmek başartsa, onda şol mesihiler güýçden hem goragdan mahrum bolup, aňsat olja bolýarlar.BG 36.3

    Şeýdip, öz ýeňlen ýerinde güýç bilen hereket edip, beýik ýalançy mekirlik bilen üstünlik gazanmaga çalyşdy. Yzarlamalar bes edildi, ýöne olaryň deregine ýerdäki abadançylyklaryň we dünýewi hormatlaryň howpy hemç azdyryjylygy geldi. Butparazlar mesihilik imanynyň käbir prinsiplerini kabul etdiler, şol bir wagtyň özünde-de, köp wajyp hakykatlary inkär etdiler. Isany Hudaýyň Ogly hasaplaýandyklaryny, Onuň ölümine we direlmesine ynanýandyklaryny aýdany bilenem, olar özleriniň günäliligine düşünmediler hem-de toba etmäniň we içki taýdan gaýtadan dogulmanyň zerurlygyny duýmadylar. Olar käbir zatlarda mesihilere eglişik edip, olar bilan mesihilik imanynyň esasynda birikmek üçin mesihilere-de, şeýle etmegi teklip etdiler.BG 36.4

    Indi Yygnak gorkunç howpuň astyndady. Bu synag bilen deňeşdireniňde, türme, gynamalar, ot we gylyç ak pata bolup durýardy. Birnäçe mesihiler hiç hili ylalaşyga gitmejekdiklerini aýdyp, mizemezligine galdylar. Başgalary eglişik etmäge ýa-da iman taglymatynyň käbir dogmatlaryny üýtgetmäge, şeýdibem, mesihiligi diňe bölekleýin kabul eden adamlar bilen birikmäge taýýar boldular. Munuň ýaly eglişikler butparazlyga doly öwrülmäge bahana bolup, doly gulluk edip biler öýdülýärdi. Bu Mesihiň wepaly yzyna eýerijileri üçin çuň hasratyň wagty bolupdy. Imany hapalamak we mesihileriň aňlaryny Sözüň hakykatyndan sowmak üçin şeýtan mekir mesihilik görnüşinde Yygnagyň içine aralaşdy.BG 37.1

    Ahyrynda, mesihileriň aglaba bölegi öňe sürlen şertler bilen ylalaşdylarda, özleriniň baýdagyny aşak düşürip, butparazlyk bilen birleşmä girdiler. Butparazlar özleriniň imana gelen mesihidiklerini aýdany bilenem, barybir öňküleri ýaly, özleriniň butparazlyk däplerini saklaýardylar. Yöne ýekeje tapawut olaryň öz tagzym edýän predmetini Isanyň, Onuňejesiniň we beýleki mukaddesleriň şekiline öwrendiklerindedi. Butparazlygyň Yygnagyň içine şunuň ýaly edilip girizen ýigrenji hamyrmaýasy özüniň heläk ediji hereketini dowam etdirdi. Ýalan taglymatlar, yrymçyl däpler we dessurlar hiç hili esassyz mesihilik imanynyň bir bölegi boldy. Mesihiň yzyna eýerijiler ýygnagyň içine butparazlary kabul edenlerinde, mesihilik ynamyna tegmil basyldyda, ýygnak arassalygyny we güýjüni ýitirdi. Şeýle-de bolsa, özlerini ýalňyş ýola düşürmäge ýol bermedik mesihilerem boldy. Olar hakykatyň Awtoryna wepaly bolup galmaklaryny dowam etdirdiler we diňe Hudaýa tagzym etdiler.BG 37.2

    Mesihem bolan imany yglan edenler hemişe-de iki derejä bölünýärdiler. Käbir imanlylar Halasgäriň durmuşyny janypkeşlik bilen öwrenip, beýik Nusga meňzeş boljak bolup, özleriniň kemçiliklerini düzetmäge çyn ýürekden dyrjaşdylar; käbirleride, özleriniň ýalňyşlyklaryny paş edýän aýdyň, aňrybaşy bilen wajyp bolan hakykatkary görmezlige salmaga çalyşdylar. Yygnak hatda özüniň iň gowy döwründe-de, diňe päk ýürekli, arassa hem Hudaýdan gorkýan adamlardan ybarat däldi. Halasgärimiz günä edýändigine akyl ýetirip günä edýänleri yýgnaga kabul etmeli däldigini aýdýar. Şeýle-de bolsa, Ol Öz taglymaty hem şahsy göreldesi bilen öz ýalňyşlyklaryny görüp, olary düzetmäge mümkinçilik bermek üçin asla kämil bolmadyk adamlary Özüne ýakynlaşdyrdy. On iki resulyň içinde haýynam boldy. ludany kemçilikleriniň bardygyna garamazdan, şägirtleriň içine goşdular. Şägirtleriň arasynda bolmak, Mesih hem Onuň taglymaty bilen ýakyn gatnaşyk saklamak bilen luda mesihilik häsiýetiniň nämedigini bilip hem, öz ýalňyşlyklaryny görüp, toba gelip, Hudaýyň merhemetiniň kömegi bilen “hakykata gulak asyp , öz kalbyny arassalap bilerdi. Emma Iuda öz üstüne şeýle rehimdarlyk bilen dökülip duran “nurda gezmedi”.BG 37.3

    Ol günäniň garşysyna gitmän, şeýtanyň alynyň ygtyýaryna ineýletin gitdi. Onuň ýaramaz gylyklary agdyklyk etdi. Ol öz kalbyny gaiaňkyly gyň güýçleriniň eýelemegine ýol berdi; ol öz ýalňyşlyklarynyň üstüni açanlarynda gaharlandy. Şeýdibem, gorkunç jenaýata - Rebbe haýynlyk etmeklige - çenli pese düşdi. Takwalyk nikabynyň astynda günä geçirimlilik edýänleriň, özleriniň günäli asudalygyny bolup, özüni paş edýänleri ýigrenýänleriň hemmesindede şunuň ýaly zat bolýar. Şonuň üçin amatly pursat bolan badyna, şunuň ýaly adamlar, edil Iuda ýaly, özleriniň bähbidi üçin öz günäsini açyp görkezen adamlary satýarlar.BG 38.1

    Resullar takwalyk nikabynyň astynda öz ýüreklerinde günäni saklan adamlara duş gelmeli boldular. Hananýa bilen Sapfira ýalançylar kimin hereket etdiler; açgözlügi boýunça puluň bir bölegini özlerine alyp galyp. olar hemme zady Hudaýyň işi üçin berendiklerini aýtdylar. Hakykat Ruhy resullara bu adamlaryň hakyky ýüzüni açyp görkezdi. Şeýdip, Hudaýyň hökümi Yygnagy öz eşigini hapalaýan tegmillerden arassalady. Mesihiň Ruhunyň bu ajaýyp hereketi ikiýüzlülerde we günäkärlerde erbet gorky döretdi. Şonuň ýaly adamlar hemişe özleriniň durmuşynda Mesihi görkezip ýören adamlaryň hem-de Mesihiň yzyna eýerijileriň başyndan yzarlamalar bilen synaglar inende, hakykatyň hatyrasyna hiç zadyny gaýgyrman, Rebbe wepalylygyny saklan adamlaiyň arasynda uzak wagtlap bolup bilmeýärdiler. Yzarlamalaryň ähli döwürleriniň dowamynda Ýygnak öz arassalygyny şeýle ýol bilen saklady. Emma yzarlamalar bes edilende, ýygnaga ýaňy - ýakynda iman eden, päk göwünliligi hem wepalylygy bilen tapawutlanmaýan adamlar girdiler, şonuň üçin şeýtanam, olaryň üsti bilen özüniň heläk edijilikli işini başlamaga mümkinçilik aldy.BG 38.2

    Ýöne nuruň Patyşasy bilen garaňkylygyň patyşasynyň arasynda hiç hili umumylygyň ýokdugy sebäpli, olaryň yzlaryna eýerýänleriň arasynda-da umumylyk bolup bilmez. Mesihiler ýarym imana gelen butparazlar bilen birikmäge razy bolanlarynda, butparazlar gitdigiçe mesihileri hakykatdan daşlaşdyrýan ýol bilen gitdiler. Mesihiň yzyna eýerijileriň köpüsini nädogry ýola alyp gitmegiň özüne başardanyny görüp begendi. Kem - kemden şeýtan olaryň üstünden has uly ygtyýara eýe boldy-da, olary öňküleri ýaly Hudaýa wepaly bolup galanlary yzarlamaga ruhlandyrdy. Çyn mesihilik imanyna garşy nähili göreşmäniň gerekdigini haçan hem bolsa, bir wagt imanyň goragçysy bolan adam hemmelerden gowy bilýändir. Ine, şeýdip, imandan dänen mesihiler ýarym imanly butparazlar bilen birigip, lsa Mesihiň taglymatynyň iň esasy prinsipine garşy uruş alyp bardylar.BG 38.3

    Bu Hudaýa wepalylygy saklamaga dyrjaşan adamlar tarapyndan gaýduwsyz garşy çykmany we mukaddeslik geýmini geýip, Yygnaga giren aldawa hem ýigrenjilige ýan bermezlik duýgusyny döretdi. Mukaddes Kitap iman ölçegi hökmünde öz ähmiýetini ýitirdi. Din azatlygy baradaky taglymaty ýeres hasapladylar, onuň tarapdarlaryny ýigrendiler we hemme ýerlerden kowdular.BG 39.1

    Uzaga çeken we tutanýerli göreşden soň, wepaly mesihileriň az sanlysy imandan dänen ýygnak bilen bar gatnaşyklary bes etme kararyna geldiler, sebäbi imandan dänen ýygnak özüni butparazlykdan we ýalňyşlyklardan arassalamak islemeýärdi. Olar eger wepalylygyna hem Hudaýyň Sözüne tabynlygyna galmak isleýän bolsalar, onda özleriniň aýra bolmagynyň zerurdygyny gördüler. Olar şol heläk ediji ýeresleriň öz janlaryna howp salýandygy hemde çagalarynyň we geljekki nesilleriň hakyky imanyny ýok etme haýbatyny atýandygy bilen mundan artyk ylalaşyp bilmediler. Olar parahatçylyk bilen birligi saklamak üçin özleriniň Hudaýa gulluk etmekdäki prinsiplerina garşy çykmaýan islendik eglişige gitmäge taýýardylar, sebäbi eger munuň üçin hakykat prinsiplerini pida etmeli bolsa, onda parahatçylygyň gaty gymmat baha düşjekdigine düşiinýärdiler. Eger birligi hakykat bilen adalatdan ýüz öwürme bahasy bilen saklamak mümkin bolan bolsa, onda, goý, bölünişik, hatda göreşem bolubersin. Hudaýa wepaly mesihileriň pozisiýasy şeýledi.BG 39.2

    Eger bu gün Hudaýyň çagalarynyň ýüreklerinde şol edermen adamlaryň esaslanan prinsipleri täzeden dörän bolsa, ýygnak üçinem, dünýä üçinem nähili gowy bolardy. Mesihilik ynamynyň sütüni bolup durýan taglymatlara beýle perwaýsyz bolmalar, hakykatdanam, howsala döredýär. Ahyrsoňunda bu prinsipleriň hiç hili ähmiýetiniň bolmajakdygy baradaky pikir meşhurlyga eýe bolýar. Şunuň ýaly bolgusyz düşünje şeýtanyň hyzmatkärlerine has uly güýç bilen berklik berýär. Munuň netijesinde Hudaýa wepaly bolan adamlaryň garşy çykyp, kähalatlarda janyny gurban edip göreşen ýalan taglymatlary hem gaty erbet ýalňyşlyklary häzir özlerini Mesihiň yzyna eýeriji hasaplaýanlar tarapyndan höwes bilen kabul edilýär.BG 39.3

    Ilkinji mesihiler, hakykatdan, aýratyn halk bolupdy. Olaryň çirksiz hereketleri bilen sarsmaz imany hemşe günäkärleri ýazgarma bolup gulluk etdi we olaryň rahatlygyny bozdy. Az sanly, garyp, abraýly derejeleri bolmasa-da, olar özleriniň durmuşyndaky takwalyk hem taglymatyň beýikligi bilen takwa däl adamlarda gorky döretdiler. Dogry bolmadyk Kabylyň Abyly ýigrenişi ýaly, hudaýsyzlar imanly adamlary ýigrendiler. Hudaýyň Ruhunyň saklaýjy täsirinden saplanmaga synanyşanlar Kabyl Abyly näme üçin öldüren bolsa, şol sebäp boýunçada, Hudaýyň halkyny ölüne berdi. Edil şol sebäbe görä-de, ýehudylar Halasgäri inkär edip, haça çüýlediler. Halasgäriň päkligi hem mukaddesligi ýehudylaryň egoizminiň we zaýalygynyň hemişelik ýazgarmasy boldy. Mesihiň günlerinden başlap, biziň günlerimize çenli-de, Isanyň wepaly şägirtleri günäni gowy görüp, onuň ýollaryndan ýöreýän adamlarda ýigrenç hem garşydaşlyk döretmesini dowam etdirip gelýär.BG 39.4

    Beýle bolsa, näme üçin Hoş Habary parahatçylyk habary hökmünde atlandyrýarla? Işaýa Mesihiň dogulj agy hakda welilik edende, Mesihe: “Dünýäniň Patyşasy” derejesini berdi. Perişdeler Mesihiň doglanyny çopanlara habar berenlerinde, Beýtullahamyň düzleriniň üstünde: “Iň ýokarlarda Hudaýa şöhrat, Ýer ýüzünde parahatlyk, ynsanlar arasynda hoşniýetlilik bolsun! “ (Luka 2:14) diýip aýdym aýtdylar. llki seredende, Mesihiň: ” Men parahatlyk däl-de, gylyç getirmäge geldim” (Matta 10:34) diýen sözleri bilen bu pygamberlik sözleriniň arasynda gapma - garşylyk bar ýaly bolup görünýär. Ýöne gowuja pikirlenseň welin, jümleleriň ikisem özleriniň arasynda gaty gowy utgaşýarlar. Hoş Habar - bu parahatçylyk habarydyr. Eger mesihiligiň prinsipleri kabul edilip, durmuşa ornaşdyrylsa, onda olar ýer ýüzüne parahatçylyk, birlik we bagt getirýär. Mesihe bolan iman öz taglymatyny kabul edenleri doganlyk baglary bilen birikdirýär. Mesihiň missiýasy adamlary Hudaý hem biri - biri bilen ýaraşdyrmakdan ybaratdy. Emma dünýä durky bilen şeýtanyň, Mesihiň ganym duşmanynyň, häkimligi astyndadyr. Adamlar Hoş Habarda özleriniň endiklerine we isleglerine çürt - kesik garşy çykýan zatlara duş gelýärler, şol sebäpdenem, şol taglymatlara gaharlanyp başlaýarlar. Olar özleriniň günäsini açýan we olary ýazgarýan Hudaýyň Sözüniň arassalygyny ýigrenýärler. Olar Hudaýyň Sözüniň mukaddes hem adalatly talaplaryny görkezýän adamlary yzarlaýarlar we öldürýärler. Hudaýyň Sözüniň ýokarlandyrylan hakykatlarynyň ýigrenç bilen duşmançylyk döredýändigi sebäpli hem, Hoş Habary gylyç bilen deňeşdirýärler.BG 40.1

    lmanda ejiz bolan adamlaryň köpüsi üçin dogry adamlaryň hudaýsyzlaryň ellerinden görgi görmelidigini aýdýan syrly öňden görüjiligiň hereketleri haýran galma we düşünmezlige alyp barýar. Hudaýyň iň nejis adamlaryň gowy ýaşamagyna, emma dogry hem takwa adamlaryň zalym adamlaryň ellerinden ejir çekýändiklerini we görgi görýändiklerini görenlerinde, köp adamlar Hudaýa iman etmegini bes etmäge-de taýýar bolýarlar. Çäksiz güýje eýe bolan adalatly hem rehimdar Hudaý nädip adalatsyzlygyň we yzarlamalaryň bolmagyna ýol berip bilýärkä? Bu sorag bizi gyzyklandyrmaly däldir. Hudaý bize Özüniň bizi söýýändigine ýeterlik derejedäki subutnamany berdi, şol sebäpdenem, öňden Görüjiniň hereketlerinedüşünipbilmeýändigimiz üçin Onuň mähremligine şübhelenmeli däldiris. Eýsem, Halasgär garaňkylyk hem yzarlama günlerinde şägirtleri gurşap aljak şübheleriň boljagyny öňünden görüp, olara: ” Meniň size ‘Gul öz agasyndan uly däldir” diýen sözümi ýada salyň. Olar Meni yzarlan bolsalar. onda sizi-de yzarlarlar” (Yahýa 15:20) diýmedimi? Isa biziň üçin hudaýsyzlaryň zalymlygyndan ejir çeken Öz yzyna ejerijileriň islendiuk birinden-de, köp muşakgat çekdi. Gynalmany çekmäge, hatda görgi görüp ölmeklige-de, diňe Hudaýyň gadyrdan Oglunyň yzyna düşüp gitjekler çagyrylandyr.BG 40.2

    Reb Öz wadasyny ýerine ýetirmegi gijikdirýän däldir” (2 Petrus 3:9). 01 Öz çagalaryny hiç haçan unudýan däldir we taşlaýan däldir, ýöne 01 hudaýsyzlaryň özleriniň hakyky tebigatyny görkezmäge mümkinçilik berýär. Hudaý muny Öz islegini ýerine ýetirmek isleýän hiç bir adamyň hudaýsyzlaryň niýeti babatda aldanmazlygy üçin şeýle edýär. Mesihiler arassalanmak, özleriniň imanynyň hakykatdygyna başgalaryň ynanmaklary, şeýle hem, özüniň yzygiderli takwa durmuşy bilen imansyzlary ýazgarmaklary üçin köplenç ezýetleriň ortasyna düşýärler.BG 41.1

    Reb hudaýsyzlaryň gülläp ösmegine we Özüne duşmançylykly garamany ýüze çykarmagyna ýol berýär, emma olar öz kanunsyzlyklarynyň çäklerinden çykanlarynda, hemmeler Rebbiň adalatyny hem rehimdarlygyny hudaýsyzlary doly ýok etmesinde görüp bilerler. Öç güni ýakynlaşyp gelýär. Bu günde Rebbiň Kanunyny bozanlar we Onuň halkyny ezenler öz eden işleri üçin adalatly jeza alarlar; şol günde Hudaýyň çagalaryna edilen her bir zalymlyk hem adalatsyzlyk edil mesihiň Özüne edilen ýaly jezalandyrylar.BG 41.2

    Biziň günlerimizdäki mesihilik ýygnaklarynyň üns bermeli bolan has wajyp hem çynlakaý soraglary bar. Resul Pawlus: ” Mesih Isada Hudaýyň ýoluna mynasyp ýaşamak isleýänleriň bary azar çeker” (2 Timoteos 3:12) diýýär. Näme üçin bu yyzarlamalar ýuwaşadyka? Munuň ýeke - täk sebäbi ýygnagyň dünýewi standartlara şeýle uýgunlaşandygynda, şol sebäpden hiç hili garşydaşlyga duş gelmeýändigindedir. Iman biziň günlerimizde Mesihiň we Onuň resullarynyň günlerindäki mesihilik imanyny tapawutlandyran arassalygyny we mukaddesligini ýitirdi. Häzirki döwürde mesihilik imanynyň dünýäde beýle meşhurlyga eýe bolandygynyň ýeke - täk sebäbi, Hudaýyň Sözüniň beýik hakykatlaryny äsgermeýändiklerindedir, Yygnakda durmuşy hem praktiki takwalygyň juda azlygyndadyr, ol ýerde günä eglişik etme ruhunyň barlygyndadyr. Eger mesihilik Ýygnagynda irki mesihileriň imany bilen güýji täzeden dikelse, onda yzarlama ruhy janlanyp, yzarlamalar doly täze güýç bilen alawlardy.BG 41.3

    Larger font
    Smaller font
    Copy
    Print
    Contents