Loading...
Larger font
Smaller font
Copy
Print
Contents
Beýik Göreş - Contents
  • Results
  • Related
  • Featured
No results found for: "".
  • Weighted Relevancy
  • Content Sequence
  • Relevancy
  • Earliest First
  • Latest First
    Larger font
    Smaller font
    Copy
    Print
    Contents

    26—Njy Bap.
    Reformanyn Işi

    Işaýa soňky günlerde adamlaryň sabat gününi baýramçylyk etmäge gaýdyp geljekdiklerini welilik edip aýdýar:BG 368.1

    Reb şeýle diýýär:BG 368.2

    «Adalaty saklaň, dogry işleri ediň,BG 368.3

    çünki Men tiz halas etmäge gelerin,BG 368.4

    Gutulyşym görünmäge golaýdyr.BG 368.5

    Muny edýän ynsan,BG 368.6

    ony berk saklaýan nähili bagtly!BG 368.7

    Ol sabat gününi tutýar, ony harlamaýar,
    elini ýaman işden saklaýar»”
    BG 368.8

    “Rebbe hyzmat etmek üçin,
    Rebbiň adyny söýmek üçin,
    Onuň bendesi bolmak üçin
    Rebbe birigen kesekileri,
    sabat günümi harlaman saklaýanlary,
    ähtimi berk saklaýanlary,
    mukaddes dagyma getirerin,
    dilegler öýümde şatlandyraryn olary
    BG 368.9

    (Işaýa 56:1-2, 6-7).

    Bu sözler:BG 368.10

    Ysraýylyň kowlanlaryny toplaýan Reb şeýle diýýär:BG 368.11

    «Men öýüme eýýäm toplananlardan beýlekilerini-de toplaryn»” (Işaýa 56:8) diýen kontekstden görnüşi ýaly, mesihilik asyrynda ulanarlyklydyr.BG 368.12

    Bu ýerde Hoş habaryň yglan edýän habarynyň ähli butparazlary ýygnajakdygy öňünden aýdy lýar. Sabat gününi berjaý etmek we hormatlajak her bir adama ak pata wada berilýär. Şonuň üçin dördünji tabşyryk Mesih haça çüýlenilip, ölümden direleninden we göklere alnanyndan soňam, Öz hyzmatkärleriniň hemmesiniň gutulyş habaryny ähli halklara wagyz etjek döwürlerine çenli-de dowam eder durar.BG 368.13

    Reb şol pygamberiň diliniň üsti bilen: “Şägirtlerimiň arasynda şaýatlygy bagla, kaminy möhürle” (Işaýa 8:16) diýýär. Hudaýyň Kanunynyň möhüri - bu dördünji tabşyrykdyr. Beýleki tabşyryklardan tapawutlylykda bu tabşyrykda bize Kanun Çykaryjynyň ady hem derejesi habar berilýär. Bu tabşyryk: “Reb ýeriň - gögüň Ýaradyjysydyr. Rebbi hormatlamak we başga zatlaryň hemmesinden ýokary tutup, Oňa tagzym etme talaby şundan gelip çykýandyr. On tabşyrygyň başga hiç ýerinde-de, Kanunyň kimiň ygtyýary bilen berlendigi aýdylmaýar. Papalyk ygtyýary sabat gününi üýtgedende, Kanundan möhüri aýryldy. Isanyň şägirtleri Ýaradany ýatlama güni we Onuň ygtyýarynyň alamaty hökmiinde dördünji tabşyrygy beýgeltmek bilen onuň kanuny derejesine dikeltmeklige çagyrylandyrlar.BG 368.14

    “Kanuna hem görnüşlere tarap öwrüliň”. Taglymatlaryň hem teoriýalaryň bollugyna garamazdan, Hudaýyň Kanuny ähli pikirleriň, taglymatlaryň hem teoriýalaryň ýeke - täk ölçeg birligi bolup durýandyr. Pygamber: “Kanuna we ylhama ýüzleniň. Eger olar bu söz kimin gürlemese, onda olarda nur ýokdur” diýdi (Işaýa 8:20).BG 369.1

    Ýene-de buýruk berlip:BG 369.2

    “Gaty gygyr, çekinme!
    Sesiňi surnaý kimin gatalt!
    Halkyma ýazyklaryny,
    Ýakubyň nesline günälerini yglan еt”
    BG 369.3

    (Işaýa 58:1).BG 369.4

    Bu sözler hudaýsyz dünýä gönükdirilen däl-de, käýelme kanunsyzlyk edendikleri üçin Rebbiň: “Meniň halkym” diýip atlandyrýanlaryna degişlidir. Mundan soň Ol:BG 369.5

    Olar her gün Meni agtarýarlar,
    lezzet alýarmyşlar ýollarymy bilmekden,
    dogry iş edip, Hudaýyň hökümlerini
    terk etmedik millet kimin
    Menden adyl höküm soraýarlar,
    Hudaýa ýakynlaşmagy arzuw edýärler
    BG 369.6

    (lşaýa 58:2) diýýär.

    Bu ýerde dogry adamsyran bolýanlar hem-de daşlaryndan Rebbe yhlas bilen gulluk edýän kişi bolýanlar görkezilýär, emma adamlaryň ýürekleri Özüne tabyn bolan Reb olary şeýle berk hem gazaply paş edýär welin, hatda olaryň Hudaýyň buýruklaryny depgileýändiklerem görünýär.BG 369.7

    Pygamber adamlaryň äsgermezçilik edýän kanunlary hakda şeýle diýýär:BG 369.8

    Köne harabalaryňyz täzeden dikeldiler,
    köp asyrlardan galan
    harabalaryň düýbüni gaýtadan tutarsyňyz;
    olar size: «Jaýryklary bejerýän,
    ýaşamak üçin köçeleri düzedýän» diýerler.
    Sabat gününi bozmakdan,
    mukaddes günümde
    isläniňizi etmekden saklansaňyz, sabat gününi ýakymly,
    Rebbiň mukaddes gününi hormatly saýsaňyz,
    özüňize ýaraýany etmän,
    isläniňizi etmän,
    boş sözleri sözlemän,
    ol güni hormatlasaňyz,.
    şonda siz Rebden hoşal bolarsyňyz,
    Men sizi dünýäniň belentliklerine çykararyn;
    Ataňyz Ýakubyň mirasyny size bererin.
    Muny Reb aýdýandyr
    BG 369.9

    (Işaýa 58:12- (14

    Bu pygamberligem biziň günlerimize-de degişlidir. Rim häkimiýeti sabady üýtgetmek bilen Hudaýyň Kanunyna deşik deşildi. Ýöne Hudaýyň Ustawlaryny dikeltmäniň wagty geldi. Deşik ýapylyp, köp nesiller üçin düýp tutulmalydyr.BG 369.10

    Adam ata Ýaradanyň dynçlyk hem ak pata bilen mukaddes eden sabat gününi diňe bir mukaddes Eremdäki päkliginde berjaý etmedi-de, eýsem, günä edip, toba gelenden soňam, özüniň eşretli watatyndan kowlandan soňam, berjaý etdi. Sabat gününi Habyldan başlap, Nuha, Ybraýyma, Ýakuba çenli bolan nesilbaşylaryň hemmesem ýerine ýetirdi. Saýlanylan halk müsür gulçulygyndaka, ol ýerde, hemme ýerde höküm sürýän butparazlygyň arasynda, köpler Hudaýyň Kanunyny bilmekligi ýitirdiler, emma Reb Ysraýyly azat edende, adamlar Rebbiň islegini bilip, Ondan asyrlar boýy gorkar ýaly, Öz Kanunyny bir ýere ýygnanan uly mähelläniň öňünde beýik derejede hem dabaraly yglan etdi.BG 370.1

    Şol wagtdan başlap, biziň günlerimize çenli-de, Hudaýyň Kanunyny bilmeklik saklanyldy we dördünji tabşyryga laýyklykda ýerine ýetirildi. “Günä adamyna” Hudaýyň mukaddes gününi depgilemek başardan bolsa-da, barybir onuň hökümdarlyk eden wagtynda-da, bu güni gizlinlikde hormatlan adamlar boldy. Reformasiýa döwründen bäri, her nesilde bu güni hormatlan adamlar tapylyp durdy. Dil ýetirmelere hem yzarlamalara garamazdan, Hudaýyň wepaly çagalary hemişe Hudaýyň Kanunynyň mizemezligi we ýaradylyşyň sabat gününi saklamaklygyň adamyň mukaddes borjy bolup durýandygy hakda şaýatlyk edip ýördüler.BG 370.2

    Bu hakykatlar Ylham Kitabynyň 14-nji babynda berlişi ýaly, “ebedi Hoş Habar” bilen baglanyşyklykda Mesih gelen wagtynda, Onuň Ýygnagyny tapawutlandyryjy häsiýeti bolar, sebäbi üç gezek gaýtalanýan habar yglan edilenden soň, Hudaýyň tabşyryklaryny ýerine ýetirýän we Isa Mesihe imany bolan adamlar ýygnanylýar. Ol Mesih gelmeziniň öň ýanynda dünýä beriljek iň soňky habar bolar. 01 wagyz edilen badyna, pygambere görkezilişi ýaly, Ynsan Ogly ýeriň hasylyny ýygmak üçin şöhrat içinde geler.BG 370.3

    Mukaddes ýer we Hudaýyň Kanunynyň mizemezligi hakdaky nury kabul edenler özlerine açylan hakykatyňgözelliginihemsazlaşygyny görüp, şatlykdan hem göçgünli haýran galmadan doldular. Olar mesihileriň hemmesi bilen hakykatyň gymmatly nuruny paýlaşmak islediler, şonuň üçin olar adamlaryň bu nury kabul etjekdiklerine ynanman bilmediler. Ýöne özlerini dünýä garşy goýup biläýjek hakykatlar özlerini Mesihiň yzyna eýerijiler hasaplaýanlaryň köpüsinde joşgunlylygy döretmedi. Dördünji tabşyryga tabyn bolmaklyk pidany talap edýärdi, şol sebäplide, köpler pida etmekden boýun towladylar.BG 370.4

    Dördünji tabşyrygyň talaplary beýan edilende, köpler edil dünýewi adamlar ýaly, pikir etdiler. Olar: “Biz öz sabat gününi berjaý edip, takwa adamlar bolup ölen ata - babalarymyzyň we köp merhemetli hem takwa adamlaryň edişleri ýaly, hemişe sabat gününi berjaý edip geldik. Eger olar bu meselede mamla bolan bolsalar, onda bizem mamladyrys. Sabat güntini berjaý etmegimiz bizi dünýädäkilerden aýrabaşga edýär, şol sebäpli-de, biz oňa hiç hili täsirimizi ýetirip bilmeýäris. Özlerini ýekşenbe gününi ýerine ýetirýän bütin dünýä garşy goýup, sabat gününi ýerine ýetirýän azajyk adam nämä umyt baglap biler? Ýehudylaram, şuňa meňzeş subutnamalar bilen özleriniň Mesihi inkär etmesini aklamaga çalyşdylar. Olaryň ata - babalary Hudaýa gurban getirdiler, Rebbem olaryň gurbanlyklaryny kabul etdi, ýöne näme üçin olaryň çagalary şol ýoldan ýöreseler-de, gutulyş alyp bilmeýärler? Lýuteriň döwründäki papaçylaram, hakyky mesihileriň katolikler bolup ölendikleri sebäpli, bu diniň gutulyşa alyp barýandygyny aýdýardylar. Munuň ýaly logika dini durmuşy hem imany ösdürmekde çynlakaý päsgelçilik bolup durýar.BG 370.5

    Köpler ýekşenbe güntini ýerine ýetirmekligiň könelen taglymatdygyny we köp ýüzýyllyklaryň dowamynda Ýygnakda giňden ýaýran däp bolandygyny aýdýarlar. Bu subutnamalar sabat gününi we onuň baýramçylyk edilmeginiň biziň dünýämiz ýaly gadymy hem giň ýaýran adatdygy, onuň Hudaý hem perişdeler tarapyndan mukaddes edilendigi bilen ret edildi. Daň ýyldyzlarynyň aýdymlary we Hudaý ogullarynyň şatlygy astynda ýeriň düýbi tutulanda, sabadam esaslandyiyldy (Eýýup 38:6-7; Gelip çykyş 2:13 serediň). Ine, sabat giinüni name üçin hormatlamaly eken - ol adam ygtyýary bilen esaslandyrylmady we adamlaryň rowaýatlarynda ýaşap ýörenok. Ol “Bar Bolan” tarapyndan esaslandyryldy, şonuň üçin Onuň Edebi Sözi bu güni ýerine ýetirmekligi buýruk berýär.BG 371.1

    Halk sabat gününiň üýtgedilendigine üns berende, meşhur ýygnaklaryň gullukçylary adamlaryň oýanan aňlaryny oýandyrmak üçin Hudaýyň Sözüni ýoýup düşündirip başladylar. Şol sebäpli-de, Ýazgyny özbaşdak öwrenmedik adamlar özleriniň isleglerine doly jogap berýän munuň ýaly netijeleri höwes bilen kabul etdi ler. Köpler ýiti akylly delillere ýüz urup, Ybadathana atalarynyň rowaýatlaryna hem ygtyýaryna ýüzlenip, hakykaty ret etmäge çalyşdylar. Ony goraýjylar dördünji tabşyrygyň kanunylygyny subut etmek üçin Mukaddes Kitaba ýüzlendiler. Diňe hakykat Sözi bilen ýaraglanan ýönekeý adamlar alymlaryň ähli hüjümlerini yzyna serpikdirdiler. Ol alymlar özleriniň dilewarlykly sofistikasynyň alymlaryň akyldarlygyna seredende, Mukaddes Ýazgydan has baharly bolan adamlaryň göni hem ýönekeý delillerine garşy durmakda ejiz bolup çykandygyny haýran galma hem gaharlanma bilen gördüler.BG 371.2

    Hudaýyň Sözünden hiç hili subutnamasy bolmadyk köp adamlar özleriniň birwagtlar Mesihi hem Onuň resullaryny aýyplamaga çalşandyklaryny ýatlaryndan çykaryp, boýun egmezek tutanýerlilik bilen: “Näme üçin biziň beýik adamlarymyz sabat güni baradakyy bu pikir bilen ylalaşmaýarlar? Muňa diňe size meňzeş azajyk adamlar ynanýarlar. Hemme ylahyýetçileriň ýalňyşyp, siziňem mamla bolmagyňyz boljak zat däl” diýip. bir depen ýerlerini depip durmaklaryny dowam etdirdiler.BG 371.3

    Munuň ýaly delilleri ret etmek üçin Mukaddes Ýazgynyň taglymatyna we ähli asyrlaryň dowamyndaky Hudaýyň Öz halky bilen saklan gatnaşyklarynyň taryhyna salgylanmak ýeterlikdi. Reb Özüni diňleýänleriň we Özüne tabyn bolýanlaryň, gerek pursatynda iň ýakymsyz hakykaty aýdyp biljek we giň ýaýran günäni paş etmekden gorkmaýan adamlaryň üsti bilen hereket edýär. Gerek bolan reformany geçirmek üçin Reb alymlary hem ýokary wezipeli adamlary örän seýrek saýlaýar, sebäbi munuň ýaly adamlar özleriniň özleriniň ynam nyşanyna, teoriýalaryna we ylahy gurluşlaryna aşa ynanýar-da, Hudaýdan öwrenme talabyny duýmaýarlar. Diňe Akyldarlyk Çeşmesi bilen baglanyşykly bolan adam Ýazga düşünip, ony düşündirip bilýär. käwagtlarda hakykaty ýaýratmaklyk düýbünden sowatsyz bolan adamlara ynanylýar. Munuň sebäbi olaryň az sowatly bolandyklarynda dälde, Hudaýdan öwrenmez ýaly derejede özüne göwni ýetýän adamlar bolmaýarlar. Olar Mesihiň mekdebinde bilim alýarlar-da, tabynlygynyň hem kiçigöwünliliginiň arkasyndan beýik adamlar bolýarlar. Olara Öz hakykatynyň bilimini ynanmak bilen Hudaý şeýle uly hormaty berýär. Bu hormat bilen deňeşdireniňde, ýerdäki hormatlaryň we adam ajaýyplyklarynyň hemmesi sönýändir.BG 372.1

    Adwentistleriň köpüsi mukaddes ýere we Hudaýyň Kanunyna degişli bolan hakykatlary inkär etdiler, köpüsi dagy, adwentist hereketindenem, el çekdiler, sebäbi oňa degişli bolan sagdyn däl hem garşydaşlykly garaýyşlary kabul etdiler. Bimäçeleri Mesihiň geljek wagtyny takyk anyklamaklyga gümra bolup, ýalňyş ýola düşdüler. Şol wagt mukaddes ýer baradaky soragy ýagtyldan nur ýekeje pygamberlik döwrüniňem, Mesihiň lkinji gezek geljek wagtyna çenli uzap gitmeýändigini, bu gezekki gelmäniň takyk wagtynyň welilik edilmändigini olara görkezmelidi. Emma olar nurdan ýüz öwrüp, Rebbiň geljek möhletini gaýta - gaýta bellemekligi dowam etdirdiler. her gezegem, ajy lapykeçlige uçradylar.BG 372.2

    Selanikdäki ýygnakda Mesihiň gelmesi babatdaky nädogry düşünjeler agdyklyk eden wagtynda, resul Pawlus özleriniň umytlarydyr tamalaryny Hudaýyň Sözi bilen jikme - jik barlamagy maslahat berdi. Ol adamlaryň ünsüni Mesih gelmezinden öň bolup geçmeli bolan zatlary görkezýän ýerlikli pygamberliklere gönükdirdi-de, şol günlerde Mesiihiň gelmegine garaşmaga hiç hili esaslarynyň bolmandygyny özlerine görkezdi. “Özüňizi hiç kime hiç bir ýol bilen aldatmaň” (2 Selanikliler 2:3) diýip, resul olara duýduryş berýär. Eger olar Mukaddes Ýazga esaslanmaýan umytlaryny saklamagy dowam etdiren bolsalar, bu olary gutulgysyz ýagdaýda nädogry hereketlere alyp barardy we özleriniň üstünden injek hudaýsyzlaryň ýaňsylarynyň ýagşy astynda gutulyş üçin zerur bolan hakykata şiibhelenme howpuna düşerdiler. Resulyň selanikl ilere beren nesihaty (2 Selanikliler 2:3) soňky döwürde ýaşaýanlar üçin wajyp sapagy özünde saklaýar. Köp adwentistler Rebbiň belli bir wagtda geljegine bolan ynamyň bolmazlygy olaryň taýýarlanma işinde sowuk - saladyklaryna şaýatlyk edýär diýip çaklaýarlar. Özleriniň her gezekki galkyndyryjy umytlarynyň her gezek şowsuzlyga uçramagy olaryň imanyny şeýle bir urga duçar edýär welin, olar pygamberligiň beýik hakykatlaryny mundan artyk kabul etmäge ýagdaýy bolmadyk derejä düşiip galýarlar.BG 372.3

    Hökümiň birinji habardaky yglan edilen hökümiň kesgitli wagty Rebbiň emri bilen görkezildi. Pygamberlik döwürleriniň takyk hasaplanylmasy, ýagny bu habaryň esaslanan hem-de 2300 günüň 1844-nji ýylda gutarýandygyny görkezen hasaplanylmasy, hiç hili şübhe döretmeýär. Bu pygamberlik döwürleriniň başlangyjynyň we soňunyň täze senesini kesgitlemek üçin edilen birnäçe gezekki synanyşyklar hem-de munuň ýaly hasaplamalary tassyklamak üçin zerur bolan subutnamalar, ýagny tankytlara döz gelip bilmeýän subutnamalar, diňe bir adamlary hakyky hakykatdan daşlaşdyrman, pygamberlikleri düşündirjek bolup edilen synanyşyklaryň hemmesine şübheli seretmekligi döredýär. Rebbiň Ikinji gezek gelmesiniň möhleti näçe ýygy - ýygydan tiz takyk bellenilse hem-de şol bellenilen möhletler näçe giňden wagyz edilse, ol şeýtanyň maksadyna şonça-da, köp laýyk geler. Bellenilen wagt geçende, bu 1843-1844-nji ýyllardaky beýik adwentist hereketine kölege salyp, möhlet belleýjileriň adyna ýaňsy hem ýigrenç oýarýar. Öz ýalňyşlyklarynda tutanýerlilik edýänler ahyrsoňunda Rebbiň gelmesini iň uzak geljege geçirjek senäni hasaplarlar. Şonda olar aldawçy aladasyzlyk ýagdaýyna düşerler. Köplerem, şol aldawyň içinde nämedir bir zady düzederden juda giç boljak wagta çenli galarlar.BG 373.1

    Gadymy Ysraýylyň taryhy adwentist Ýygnagynyň paýyna düşen synaglaryň aklyňy haýran ediji illýustrasiýasy bolup durýar. Hudaý adwentist hereketini-de, edil Ysraýyl ogullaryny Müsürden alyp çykandakysy ýaly edip, Öz halkyny ugrukdyrdy. Adwentistleriň imany-da, Gyzyl deňziň boýunda ýewreýlerde bolşy ýaly, uly sustupeslik bilen synaldy. Eger olar özlerini geçmişdede ugrukdyran Ýehowanyň kuwwatly ellerine ynanmagy dowam etdiren bolsalar, onda Rebbiň teklip eden gutulyş ýoluny görerdiler. Eger 1844nji ýyldaky herekete gatnaşyjylar üçünji perişdäniň habaryny kabul edip, ony Mukaddes Ruhuň güýjünde yglan eden bolsalar, onda Reb olaryň üstleri bilen beýik işleri ýerine ýetirerdi. Ýeriň ýüzüne nuruň giden akymiary akardy. Ýerdäki ýaşaýjylar bireýýäm duýduryş alyp, işiň soňky etapy tamamlanardy-da, Mesih Öz halkyny halas etmek üçin gelerdi.BG 373.2

    Ysraýylyň kyrk ýyllap çölde sergezdançylyk çekmegi Hudaýyň islegi däldi. Hudaý bu halk ol ýerde bagtly hem dogry ýaşar ýaly, ony göni Kengan ýurduna alyp gitmegi niýet edinipdi. Yöne olar “imansyzlyk edendikleri üçin. ol ýere girip bilmediler” (Ýewreýler 3:19). Imansyyzlyk hem Hudaýdan daşlaşma olary heläk etdi, şonuň üçin wada berlen ýurda girmeklik diňe beýleki nesle miýesser etdi. Edil şunuň ýaly sebäbe görä, Mesihiň gelmegi Hudaýyň islegi bilen yza çekilmeýär hem-de imanlylar günäniň hem görginiň bu dünýäsinde beýle uzak wagtlap galanoklar. Olary Hudaýdan imansyzlyk aýyrdy. Olaryň özleriniň üstlerine ýüklenilen wezipäni ýerine ýetirmekden boýun towlandy klary üçin bu habary yglan etmäge başgalar aýaga galdylar. Isa bu dünýä nebsagyryjylyk edip, Özüniň gelmesini yza çekýär. Ol muny günäkärde duýduryşy eşidip, Hudaýyň gazaby ýeriň ýüzüne dökülip başlamazyndan öň, Özünde gaçybatalga tapmagy üçin etdi.BG 374.1

    Bu günem, edil geçmişde bolşy ýaly, öz döwrüniň günäsini hem azaşmasyny ýigrenýän hakykat wagzy garşydaşlyk döredýär. “Şer iş edýän nury ýigrenýändir, ol işleriniň äşgär boltnazlygy üçin nura gelýän däldir” (Ýahýa 3:20). Köpler özleriniň garaýyşlaryny Mukaddes Ýazga esaslandyryp bilmeýändikleri sebäpli, olary islendik ýol bilen öňe sürmegi karar edinýärler-de, “meşhur bolmadyk” hakykaty goraýanlaryň üstüne gazaply hüjüm edip, olaryň häsiýetini we maksadyny ýoýýarlar. Asyrlaryň hemmesinde-de bu ruh peýda bolýar. Ylýas pygamber Ysraýyly aýaga galdyrmakda. Ýermeýa dönüklikde, resul Pawlus bolsa, ybadathanany haramlamakda aýyplanyldy. Şol günlerden başlap, biziň günlerimize çenli-de, hakykata wepaly adamiar dildüwşüge gatnaşyjylar, ýeretikler we bölünişik getirijiler hökmünde yglan edilýärler. Hakyky pygamberlik sözüni kabul ederden imany ejiz bolan köp adamlar hiç zadyň anygyna ýetmän, döwrebap jemgyýetiň günälerini ýigrenmäge het edip bilýänlere bildirilýän her bir aýyplamany ynam bilen kabul edýärler. Şunuň ýaly meýil gitdigiçe öser. Döwlet kanunlarynyň Hudaýyň Kanunyna juda garşy durandygy sebäpli, Hudaýyň kararlaryna eýerýänleriň hemmesiniň ýigrenilmäge we jezalandyrylmaga mynasyp bolan asudalygy bozujy hasaplanyljak wagtynyň geljekdigini Mukaddes Kitap aýdýar.BG 374.2

    Şeýlel ikde, hakykatyň habarçysynyň borjy nämede jemlenen? Köplenç adamlaryň gaharyny getirýändigi hem adamlaryň barybir kabul etmejekdikleri üçin hakykaty wagyz etmeden ol el çekmellimidir? Yok, ol edil ilkinji reformatorlar ýaly, diňe garşydaşlyk döredýändigi sebäpli, Hudaýyň Sözüne şaýatlyk etmegini bes etmeli däldir. Görgi görüp ölen mukaddesleriň imany wagyz edişi geljekki nesilleriň bähbidi üçin taryha girdi. Mukaddesligiň we yranmaz berkligiň göreldeleri biziň günlerimizde-de, bu Hudaý hakda şaýatlyk etmäge çagyrylanlaryň ýüreklerinde batyrlyk döredýär. Olar merhemeti hem hakykaty’ diňe özleri üçin däl-de, eýsem, özleriniň üsti bilen Hudaýy tanamaklygyň nurunyn bütin ýer ýüzüni şöhlelendirmegi üçin kabul etdiler. Hudaý bu nesilde-de Öz hyzmatkärlerine nur berdimikä? Hawa, olar bütin dünýä ýalkym saçmalydyrlar.BG 374.3

    Gadymda Reb Öz adyndan geplän pygamberleriň birine: “Emma ysraýyl halky seni diňlemek islemez, olar hatda Meni-de diňlemek islemeýärler” (Ezekiýel 3:7) diýip, welilik etdi. Şeýle-de bolsa, Hudaý: “Olar seni isle diňlesinler, isle diňlemesinler, olara sözlerimi aýt, çünki olar pitneçi halkdyr” (Ezekiýel 2:7) diýdi. Biziň günlerimizde-de, Hudaý Öz hyzmatkärlerine: BG 375.1

    Gaty gygyr, çekinme!
    Sesiňi surnaý kimin gatalt!
    Halkyma ýazyklaryny,
    Ýakubyň nesline günälerini yglan еt
    BG 375.2

    (Işaýa 58:1) diýip ýüzlenýär.

    Hakykat nuruny kabul eden her bir adam Ysraýylyň pygamberi, Hudaýyň: “Eý, ynsan ogly! Men seni ysraýyl halkyna gözegçi goýdum; sen Menden söz eşidip, olara Men tarapdan duýduryş berersiň. Men erbet adama: “Eý, erbet adam, sen hökman Ölersiň!” diýenimde, öz ýolundan ägä bolar ýaly, erbede duýdurmasaň we erbet adam öz etmişi üçin ölse, onuň gany üçin Men seniň bilen haklaşaryn” (Ezekiýel 33:78) diýen sözleri aýdylan pygamber ýaly, bar bolan mümkinçiliklere laýyklykda, öz üstünde howply hem gorkunç jogapkärçiligi göterýär.BG 375.3

    Hakykaty kabul etmäge hemde ony ýaýratmaga köplere munuň oňaýsyzlyklar bilen baglanyşykly bolandygy päsgel berýär. Olar sögünçlere çydam etmek islemeýärler. Ine, hakykata garşy bolan ýeke - täk delil. Ol delili hatda ony goraýjylaram inkär edip bilmez. Yöne bu Mesihiň hakyky şägirtlerini hiç haçanam saklamaz. Olar hakykatyň ählumumy ykrar edilen bolmagyna garaşyp oturmaýarlar. Olar özleriniň borçlaryna düşünip, meýletinlik bilen haçyny alyp, Pawlus kimin: “wagtlaýyn, ýeňil muşakgat biziň üçin juda artykmaç şöhratyň ebedi agramyny emele getirýär” (2 Korintoslylar 4:17) diýip hasapladylar hem-de gadymky pygamber bilen bilelikde: “Mesih ugrunda çeken sütemini Müsüriň hazynalaryndan uly baýlyk saýdy” (Ýewreýler 11:26).BG 375.4

    Diňe kalbynyň jümmüşinde dünýäniň tarapdary bolanlar — özleriniň haýsy ynamy wagyz edýändigine garamazdan - dini meselelerde prinsiplere däl-de, syýasy düşünjelere eýerer. Bize hakykatyň özüniň hatyrasyna hakykaty saýlamak gerek, munuň netijelerini bolsa, Hudaý berer. Beýik özgerişlerde dünýä prinsipial, imanly hem batyr adamlara borçludyr. Şonuň ýaly adamlar biziň günlerimizde-de, reformany amala aşyrýarlar.BG 375.5

    Reb:BG 376.1

    Dogrulygy bilýän,
    kanunymy ýüreginde saklaýan siz,
    Meni diňläň!
    Ynsanlaryň ýazgarmalaryndan gorkmaň,
    olaryň sögünçlerinden heder etmäň.
    Güýe olary eşik kimin iýer,
    olary ýüň kimin iýer güýe;
    emma baky gutulyş bererin Men olara,
    asyrlar boýy halas ederin
    BG 376.2

    (Işaýa 51:7-8) diýýär.

    Larger font
    Smaller font
    Copy
    Print
    Contents