Loading...
Larger font
Smaller font
Copy
Print
Contents
Beýik Göreş - Contents
  • Results
  • Related
  • Featured
No results found for: "".
  • Weighted Relevancy
  • Content Sequence
  • Relevancy
  • Earliest First
  • Latest First
    Larger font
    Smaller font
    Copy
    Print
    Contents

    36—Njy Bap.
    Geljek Göreş

    Beýik göreşiň iň başyndan başlap, gökde şeýtanyň niýeti Hudaýyň Kanunyny agdarmak bolupdy. Hut şu maksat bilenem, ol Yaradana garşy baş göterdi. Gökden kowlanyndan soňam, ol ýerde şol bir göreşi dowam etdirip ýör. Adamlary azdyrmak, olary Hudaýyň Kanunyny bozmaga mejbur etmek - ine, onuň eýerýän maksady şeýle. Oňa tutuş Kanuny basgylamak ýa-da onuň tabşyryklarynyň birini ret etmekbilen ýetilmeginiň tapawudy ýok, ahyr netijesinde barynyň netijesi şol bir zatdyr. “Haýsydyr bir zatda” günä edýän tutuş Kanuny äsgermezçilik edýändir, öz täsiri hem göreldesi bilen kanunsyzlygy goldap, “hemmesinde ýazykly bolar” (Yakup 2:10) diýýär.BG 475.1

    Hudaýyň duýduryşlaryna ýigrenç kölegesini düşürmäge çalşyp, şeýtan Mukaddes Kitap taglymatyny taglymatlaryny ýoýdy. Munuň netijesinde Mukaddes Ýazga ynanan müňlerçe adamlar nädogrulygyň ygtyýaryna düşdi. Hakykat bilen nädogrulygyň arasyndaky soňky beýik söweş bu ebedi göreşiň, adam kanunlary bilen Ýehowanyň duýduryşlarynyň arasyndaky, Mukaddes Kitap dini bilen mifleriň hem rowaýatlaryň dininiň arasyndaky göreşiň jemleýji etapydyr.BG 475.2

    Hakykata hem dogrulyga garşy boljak bu göreşde birikjek güýçler eýýäm işjeň hereket edýärler. Şeýle ýokary baha-görgüleriň hem dökülen ganlaryň bahasy - bilen özüne tarap barýan ýoly açan Hudaýyň mukaddes Sözi gaty az sylanylýar! Mukaddes Kitap hemmelere elýegter boldy, ýöne ony durmuşdaky gollanma hökmünde diňa az adam kabul etdi. Imansyzlyk diňe bir dünýäde däl, eýsem, Yygnakda-da, biynjalyk ediji derejä çenli giňe ýaýrady. Köpler mesihilik ynamynyň sütüni bolup durian taglymatlara garşy çykýan zatlara çenli baryp ýetdiler. Ruhlandyrylan galam bilen beýan edilen dünýäniň ýaradylyşynyň beýik ýyl ýazgysy, adamyň günä etmesi, Hudaýyň Kanunynyň mizemezligi - bu zatlaryň hemmesi mesihileriň köpüsi tarapyndan dolulygyna bolmasa-da. Bölekleýin inkär edilýär. Özleriniň akyldarlygyna we garaşsyzlygyna guwanýan müňlerçe adamlar Mukaddes Kitaba durkuň bilen ynanmaklygy kemsidiji zat hasaplaýarlar. Mukaddes Kitabyň tankydyweonuňwajyphakykatlarynyň allegorikdüşündirişiniolar zehinliligiň okumyşlygyň subutnamasy hökmünde baha berýärler. Ençe ruhy gullukçylar, alymlar hem mugallymlar halky Hudaýyň Kanunynyň döwriniň geçendigine, baiybir onuň duýduryşlarynyň mizemezligine ynanmagyny dowam etdirýänler bolsa, diňe duýgudaşlyk bildirilmäge we ýaňsylanylmaga mynasypdygyna ynandyrýarlar.BG 475.3

    Adamlar hakykaty inkär etmek bilen onuň Çeşmesinem inkär edýärler. Hudaýyň Kanunyny aýak astynda depgilemek bilen olar Kanun Çykaryjynyň hökümdarlygyna-da garşy çykýarlar. Ýalan taglymatlardyr teoriýalardan but döretmekligem, buty agaçdan ýa-da daşdan ýasan ýaly aňsatdyr. Hudaýyň häsiýetini ýalan görnüşde görkezmek bilen şeýtan adamlarda Hudaý hakda ters düşünjeleri döredýär. Köpler Ýehowany inkär etmek bilen filosofiýany özleriniň buty etdiler, şonuň üçin diri Hudaýa Özüni Öz Sözünde açyşy ýaly, Mesihde we ýarady lyş işlerinde açy lyşy ýaly keşpde diňe azajyk adam ynanýar. Telim adamlar tebigaty hudaýlaşdyrýarlarda, tebigaty Ýaradana garşy çykýarlar. Dürli görnüşde bolsa-da, butlara sežde etmeklik edil Ylýasyň döwründe Ysraýylda ýaýraýşy ýaly, häzirki zaman mesihilik dünýäsinde-de giň ýaýrandyr. Özlerine göwni ýetýän ençe akyldarlaryň, filisoflaryň, syýasatçylaryň, žurnalistleriň hudaýy, görnükli jemgyýetçilik toparlarynyň ykrar edýän, kollejleriň, uniwersitetleriň, hatda birnäçe ylahy okuw jaýlarynyňam huday Bagaldan, Finikiýadaky günüň hudaýyndan sähelçe tapawutlanýar.BG 476.1

    Mesihilik dünýäsiniň kabul eden nädogrulyklarynyň ýekejesem, iň täze we Hudaýyň Kanunynyň indi adam iiçin hökmany däldigi baradaky tiz güýç ýygnaýan taglymaty ýaly, Gögüň abraýyna garşy beýle gödeklik bilen gönükdirilen däldir, aklyň delillerine beýle açyk garşy çykýan däldir we özi bilen beýle heläk edijilikli netijeleri alyp gelýän däldir. Islendik ýurtda öz raýatyny sylamaga hem ýerine ýetirmäge borçly edýän öz kanunlary bardyr. Ýekeje döwletem kanunsyz ýaşap bilýän däldir, şonuň üçin Gögi hem ýeri ýaradan Ýaradyjynyň Öz ýaradanlaryny dolandyrmak üçin kanunynyň bolmazlygyny göz öňüne getirip bolarmy? Aýdaly, görnükli gullukçylaryň biri hemmelere eşitdirip, ýurtda hereket edýän we ýurduň raýatlarynyň hukuklaryny goraýan kanunyň hökman däldigini, olaryň diňe halkyň azatlygyny çäklendirýändigini. şol sebäpdenem, olary ýerine ýetirmegiň gerek däldigini aýdyp başlaýar. Siz nähili pikir edýärsiňiz, şunuň ýaly adam münberde uzak wagtlap durarmy? Eýsem, döwlet kanunlaryny äsgermezçilik etmeklik Hudaýyň ähli dolandyryşyň esasy bolup durýan buýruklaryny depgilemekden ýokary jenaýatmy?BG 476.2

    Älemiň Hökümdarynyň Öz Kanunyny ýatyryp, dünýäni günäkärleri we tabynlary aklaýan ölçeg birliksiz goýar diýip çaklandan, döwletiň öz kanunlaryny ýatyryp, raýatlaryna öz akly boýunça hereket etmäge rugsat bererine garaşmak bolar. Hudaýyň Kanunyny äsgermezçilik etmäniň nämäniň üstünden alyp baiýandygyny bilýärsiňizmi? Munuň ýaly tejribe eýýäm bar. Fransiýa içinde ateizm höküm sürende, nähili gorkunç pursatlary başdan geçirdi! Şonda Rebbiň hökümdarlygyndan azat bolanymyzda, biziň iň gazaply zalymlygyň ýesirligine düşýändigime bütin dünýäniň gözi ýetdi. Dogrulygyň ölçeg birligi taşlanylanda, garaňkylygyň patyşasyna ýerde öz hökümdarlygyny dikeltmäge ýol açylýar.BG 477.1

    Hudaýyň buýruklary inkär edilýän ýerde günä ýol berersizlikli, dogrulyk hem, özüne çekiji ýaly bolup görünmegini bes edýär. Rebbe tabyn bolmakdan boýun towlaýanlar özüne erk etme ukybyny düýbünden ýitiiýärler. Olaryň heläk edijilikli taglymatlary öz tebigaty boýunça azatlyk söýüji bolan ýaşlaryň ýüreklerine tabyn bolmazlyk ruhuny salýar. Munuň netijesinde jemgyýetde başyna gidenlik bilen kanunsyzlyk gülläp ösýär. Hudaýyň talaplaryna tabyn bolýanlaryň türkanalygynyň hem aňsat ynanjaňlygynyň üstünden gülünýärkä, ençeler şeýtanyň aldawlaryna höwes bilen tabyn bolýarlar. Olar butparazlary Hudaýyň hökümlerine alyp baran günä hem nogsanlyk ýoluna düşýärler. ýeňilkellelik bilen garamaklygy halka öwredýänler gozgalaňçylyk tohumyny ekýärler, şonuň üçin tupan irde - giçde olaryňözleriniňbaşyndaturar.Hudaýyň Kanunynyň çäklendirmelerini taşlasaňyz, siz adam kanunlarynyň hem, ýerine ýetirilmeginiň örän tiz bes ediljekdigini görersiňiz. Hudaýyň ahlaksyz hereketleri, ýalany, göripçiligi ýazgarýandygy sebäpli, adamlar Onuň özleriniň ýerdäki abadançylygyna päsgel berýän buýruklaryny depgilemäge taýýardyrlar, ýöne ol duýduryşlary aradan aýyrmagyň netijeleri olar üçin ullakan duýdansyzlyk bolup geler. Eger kanun hökman däl bolsa, onda ony bozmakdan gorkmak gerekmikä? Şonda şahsy hususyýetçilik howp astyna düşýär. Adamlar öz goňşularynyň emlägine eýeçilik eder-de, iň güýçli adam iň baý adam bolar. Yaşaýşyň özüne bolan hormat ýitiriler. Är - aýallyk kasamy şondan soň, nikadaky wepalylygy aňladyp durmazdy. Güýçli adam islän wagtynda, ýakynynyň aýalyny elinden alyp bilerdi. Bäşinji tabşyryk dördünji bilen bilelikde aýrylyp taşlanylardy. Eger şeýle etmek bilen özleriniň günäli isleglerini hem höweslerini kanagatlandyrjakdyklaryny bilseler, onda çagalar hatda öz ene - atalaryny öldürmekdenem gaýtmazdylar. Siwilizasiýalaşan dünýä garakçylaryň we haýyn ganhorlaryň bandasyna öwrülerdi, parahatçylyk, asudalyk hem bagt ýeriň ýüzünden gaýyp bolup giderdi.BG 477.2

    Adamlaryň Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý etmekden azatdyklary baradaky taglymat eýýäm ahlak borjy gowşadyp, nogsanlyga tarap ýol açdy. Kanunsyzlyk, azgözlük we haramçylyk biziň üstümizden uly akym kimin inýär. Telim maşgalalarda şeýtan özüni gaty ynamly duýýar. Onuň baýdagy hatda mesihi hökmünde atlandyrylýanlaryň göripçiligiň, şübheçilligiň, ikiýüzlüligiň, Hudaýdan daşlaşmanyň, bäsdeşligiň, duşmançylygyň, haýynlygyň, erbet ten höwesine eglişik etmäniň höküm sürýän ýeri bolan öýleriniň üstünde pasyrdap dur. Jemgyýetçilik durmuşynyň fundamenti hem esasy bolmaly bolan dini prinsipleriň hem taglymatlaryň bütin sistemasy islendik pursatda pytrap dökülmäge taýýar bolup duran ürgün çäge kimin maddadyr. Barypýatan jenaýatçylar, jemgyýetiň zibilleri eden jenaýatlary sebäpli, türmä düşenlerinde, özleriniň mynasyp bolmadyk üns berilmesinden peýdalanýarlar. Olara, edil bir gahrymançylykly bir zat eden ýalyy, sowgatlar berilýär. Olaryň durmuşyna we gabahat işlerine uly ünsler berilýär. Neşirlerde günäniň iň ýigrenji jikme - jiklikleri peýda bolýar. Şeýdip, ençeler kezzaplyga hem zorluga baş urýarlar, şeýtanam, özüniň dowzahy planlarynyň gazanan üstünl iklerine begenip aňyrsyna çykman bilmeýär. Günäniň pes derejeliligi, sebäpsiz, manysyz adam öldürmeler, özüňe erk etmezlik we islendik görnüşdäki we derejedäki kanunsyzlyk Hudaýdan gorkýanlaryň hemmesini: “Erbetligiň bu akymyny nädip saklamaly?” diýen soragyň üstünde oýlanmaga ruhlandyrmalydyr.BG 478.1

    Kazylar satylypdyrlar. Ygtyýara eýe bolan adamlara ýeňil eklenje we üýtgewsiz lezzetlere bolan söýgä teşnelik ýolbaşçylyk edýär. Özüne erk etmezlik köp adamlaryň aklyny garaňkyratdy, şol sebäpdenem, şeýtan olaryň üstünden doly ygtyýarlygy diýen ýaly, öz eline aldy. Adalaty goraýjylar parahorlara, pes ahlakly adamlara öwrüldiler. Serhoşluk, jalaýlyk, göripçilik, pes derejä düşmeklik - bu zatlaryň hemmesi “kanunyň janköýerleri” bolmak üçin goýlan adamlaryň arasynda ýaşaýar.BG 478.2

    Adalat yza çekilýär,
    dogrulyk uzakda;
    şäher meýdançasynda büdreýär hakykat,
    dogruçyllyk aramyza girip bilmeýär
    BG 478.3

    (Işaýa 59:14).

    Papalygyň hökümdarlygy wagtynda gülläp ösen haramçylyk we ruhy nadanlyk Mukaddes Ýazgyny basyp ýatyrmanyň gutulgysyz netijesi boldy. Ýöne biziň döwrümizdäki hudaýsyzlygyň, Hudaýyň Kanunyny ret etmäniň ähli heläkçilikli netijeleri bilen bilelikde giň ýaýramasynyň sebäbini - doly hoşhabar nuruny we din azatlygyny—nireden gözlemeli? Indi şeýtan dünýäni Mukaddes Yazgydan mahrum etmäge güýji ýetmeýän wagtynda, ol şol bir maksadyna ýetmek üçin başga serişdelere ýüz urýar. Mukaddes Kitaba bolan ynamy ýok etmekligem, edil Mukaddes Kitabyň özüni ýok etmeklik ýaly, şeýtanyň bähbidine gulluk edýär. Hudaýyň Kanunynyň hökman däldigini ýaýratmak we ynama girizmek bilen şeýtan adamlary edil Kanunyň duýduryşlary hakda eşitmedik ýaly edip, günä etmeklige üstünlikli alyp barýar. Häzirem, ol edil öňki asyrlardakysy ýaly, Ýygnagyň üsti bilen hereket edip, öz niýetlerini durmuşa geçirmegini dowam etdirip ýör. Häzirki zaman dini guramalar Mukaddes Ýazgyda aňrybaş aýanlyk bilen beýan edilen bolsa-da, meşhur bolmadyk hakykatlary diňlemekden boýun towlaýarlar. Şonuň üçin olar bilen alyp barýan göreşinde her hili düşündirişleri oýlap tapýarlar. Munuň netijesinde şübheçilligiň hem imansyzlygyň tohumy ekilýär. Papalygyň janyň tebigy ölümsizligi we adamyň ölümden soňky huşunda bolma ýagdaýy baradaky ýalan taglymaty kabul etmek bilen olar özlerini spiritizmiň aldawyndan goraýan ýeke - täk goragdan mahrum edýärler. Ebedi görgüler baradaky taglymat ençeleri Mukaddes Kitaba ynanmagy bes etmeklige alyp bardy. Ýazgynyň dördünji tabşyrygynyň talaplaryny adama açyp görkezýändigi sebäpli, adamlar ony ýerine ýetirmegiň zerurlygyna düşünip başlaýarlar. Olary özleriniň islemeýän taglymatyndan azat etmek üçin meşhur mugallymlar Hudaýyň Kanunynyň asla gerek däldigini aýdýarlar. Şeýle etmek bilen olar bir wagtyň özünde, hem Kanuny, hem sabady taşlarlar. Sabady üýtgetmäniň tarapdary bolan hereket giňeldigiçe, Kanuny inkär etmekligem, dördünji tabşyrygy ýerin ýetirmeden gaçma maksady bilen ählumumy zat bolýar. Dini halypalaryň öwütleri hudaýsyzlyga, spiritizme we Hudaýyň mukaddes kanunyna bolan ýigrençli garaýşa tarap gapy açdy. Şol sebäpdenem, mesihilik dünýäsinde hereket edýän kanunsyzlyk üçin gorkunç jogapkärçilik şol adamlaryň üstlerinde ýatandyr.BG 478.4

    Şeýle-de bolsa, zaýaçylygyň beýje tiz ýaýramagynyň sebäbiniň mesihilik sabat gününiň harlanmagynda jemlenendigini, ýekşenbe gününi hökman berjaý etmekligiň jemgyýetdäki ahlak klimaty köp derejede gowulaşdyryp biljekdigini hut şol adamlar aýdýarlar. Bu talap aýratyn tutanýerlilik bilen başga ýurtlardaka garanda, sabat güni barada köp wagyz edilen ýer bolan Amerikada ýaňlanýar. Bu ýerde - ahlak özgerişiň wajyp görkezijileriniň biri bolan - nebsiňe buýurmaklyk köplenç ýekşenbe gününi berjaý etme ugrundaky hereket bilen garyşdyrylýar. Bu hereketiň tarapdarlary özlerini jemgyýetiň beýik bähbidi ugrunda göreş alyp barýanlar hasaplaýarlar. Özlerine goşulmakdan boýun towlaýanlaryň hemmesini bolsa olar nebse buýurmanyň we reformanyň duşmanlary hökmünde atlandyrýarlar. Ýöne nädogrulygy tassyklamaga gönükdirilen hereketleriň düýp özeni boýunça peýdaly iş bilen birikjekdigi baradaky faktyň özi entek nädogrulygyň peýdasyna bolan delil bolmaýar. Zäheri iýmite goşanymyzda, biz ony bilinmeýän edip bilýäis, ýöne bu onuň öldüriji häsiýetini ýok edip bilmeýär. Gaýtam, daşyndan göräýmäge arassa hilli ýaly bolup görünýändigi üçin hiç hili şübhe döretmeýändigi sebäpli, ol has-da howply bolýandyr. Şeýtanyň mekir duzaklarynyň biri ýalana hakykatyň görnüşini bermek üçin ony hakykat bilen garyşdyrmagynda jemlenendir. Yekşenbe gününiň berjaý edilmeginiň tarapdarlary halkyň mätäç bolan reformasyny hem-de Mukaddes Kitap bilen doly ylalaşýan prinsipleri gorap çykyş edip bilerler, munuň bilen bir wagtda Hudaýyň Kanunyna garşy durýan talaplaryň öňe sürülýändigi üçni Hudaýyň gullary olar bilen birigip bilmeýärler. Hudaýyň tabşyryklaryny adam duýduryşlary bilen çalyşýanlary hiç zat aklap bilmez.BG 479.1

    Iki beýik nädogrulyk - janyň ölümsizligi we ýekşenbäniň mukaddesligi - adamlary şeýtanyň ygtyýaryna berýär. Bularyň birinjisi spiritizmiň düýbüni tutýar, ikinjisi bolsa, protestantlary Rime ýakynlaşdyrýar. Birleşen Ştatlaryň protestantlary uçudyň üstünden spiritizme baka ellerini birinji bolup uzadarlar, soň olar rim häkimiýetiniň elini gysmak üçin düýpsiz ummanyň üstünden ätläp geçer. Şeýdip, bu üç taraplaýyn bolan şol brileşmäniň täsiri astynda biziň ýurdumyz Rimiň ýoly bilen wyždan azatlygyny depgilemek üçin gider.BG 480.1

    Häzirki zaman spiritizmi formal mesihilige öýknmegi köp hem çuň öwrenendigi sebäpli, bu onuň azdyrmasyna öňküden-de, uly güýç berýär. Şeýtanyň özi häzirki zaman tertiplerine we ahlaklaryna görä bolýar: ol nur perişdesiniň keşbine girýär. Spiritizmiň üsti bilen gudratlar görkeziler, syrkawlar sagaldylar, şeýle hem, inkär edip bolmajak adatdan daşary telim hadysalar bolup geçer. Ruhlaryň özleriniň Mukaddes Kitaba ynanýandyklaryny aýtjakdygy we ýygnak institutlaryna hormat goýjagyny nygtajakdygy sebäpli, olaryň işi Hudaýyň güýjüniň aýan bolmasy hökmünde kabul ediler.BG 480.2

    Mesihi hökmünde atlandyrylýanlar bilen hudaýsyzlary tapawutlandyrýan araçäk çalaja bildirýär. Yygnak agzalary-da, dünýäniň gowy görýän zatlaryny gowy görýärler, şonuň üçin hemişe oňa goşulmaga taýýar bolýarlar, şol sebäbe görä-de, şeýtan öz işini berkidip, hemmeleri spiritizme çekjek bolup, olary birikdirme kararyna gelýär. Hakyky Ybadathananyň alamaty hökmünde gudratlara daýanýan katolikler şol gudrat dörediji güýç bilen aldawa alnyp gidiler. Hakykat galkanyny taşlasa, protestantlaram aldanylar. Katolikler, protestantlar, dünýewi adamlar - bularyň hemmesi takwalaryň görnüşine girip, onuň güýjüni inkär ederler. Şol bir wagtyň özünde-de, olar bu birleşmä tutuş dünýäni imana getirmäge gulluk etmeli bolan we dünýäni öňden bäri garaşylýan müňýyllyk patyşalyga alyp barmaly bolan beýik hereket hökmünde gararlar.BG 480.3

    Spiritizmiň üsti bilen şeýtan adamlary kesellerinde bejermek we dünýä dini imanyň has ýokary sistemasyny teklip edýän ýaly hereket etmek bilen özüni adamzat nesliniň howandary hökmünde görkezýär, emma ol şol bir wagtyň özünde-de, weýran ediji hökmtinde hereket edýär. Onuň azdyrmasy müňlerçe adamlary ölüme alyp barýar. Özüňe erk etmezlik adamlary paýhasdan mahrum edýär. Bu bolsa, öz yzy bilen azgynçylygy, gan dökülişigi we beýleki elhençlikleri alyp gelýär. Şeýtan uruşlardan aýratyn lezzetalýar, sebäbi ol adamyň kalbynda üýtgewsiz höwesi alawladýar. Mundan soň, ol günäler bilen murdar bolan we gan bilen tegmillenen pidalaryny bakyýete alyp gidýär. Halklary birek - birege garşy öjükdirmeklik şeýtanyň maksadydyr, sebäbi şeýle etmek bilen ol adamlaryň pikirini Mesihiň gelmegine taýýarlanmakdan sowýar.BG 480.4

    Heläk bolup barýan janlaryň hasylyny ýygnarnak üçin şeýtan tebigy hadysalaryň üsti bilenem hereket edýär. 01 tebigatyň syrlaryny öwrendi, şonuň üçin Rebbiň ýol berişiçe, onuň hadysalaryna erk etmek üçin güýjünde baryny edýär. Şeýtana Eýýuby gynamaga rugsat berlende, Eýýubyň sürüleri, öýleri, hyzmatkärleri hem çagalary nähili adaty bolmadyk tizlik bilen gaýyp boldy - bir betbagtlyk beýlekisiniň yzyndan geldi! Diňe Hudaý Öz ýaradan zatlaryny aýap, ony weýran edijiden goraýar. Yöne mesihilik dünýäsi Yehowanyň Kanunyny inkär etdi, Rebbem indi duýduran zadyny ýerine ýetirer. Reb ýeri Öz ak patasyndan mahrum eder, Öz Kanunyna hem taglymatyna garşy gozgalaň turzanlary we beýlekileri goramagy bes eder. Hudaýyň aýratyn usul bilen goramaýan adamlary şeýtanyň ygtyýary astynda bolýandyr. Şeýtan käbirleriniň şahsy bähbidinde gülläp ösmegine ýardam etmek bilen ak pata berýär, başga birlerine bolsa, çäksiz kynçylyklar hem hasrat berip, özleriniň ähli betbagtçylyklarynyň sebäpkäriniň Reb bolup durýandygyna olary ynandyrýar.BG 481.1

    Ähli keselçilikleri bejermek isleýän we bejerip bilýän beýik lukman hökmünde adamlara özüni görkezip, şeýtan keselçilikler bilen betbagtçylyklar getirýär, şol sebäplide, köp adamly şäherler boşap galan harabaçylyklara öwrülýär. Ol eýýämden bu işi edip ýör. Betbagtçylykly ýagdaýlar, suwdaky hem gury ýerdäki bela - beterler, gorkunç berbat ediji ýangynlar, gazaply harasatlar, doly ýagdyrýan hem güýçli ýelli eýmenç tupanlar, suw basmalary, siklonlar, ýer titremeleri we ägirt uly “sunami” tolkunlary - dürli ýerlerde we dürli görnüşlerde ol öz güýjüni ýüze çykarýar. Ol hasyly ýok edýär, açlyk bilen betbagtçylyk onuň yzyna düşýär. Ol howany ölüm howpuny ýokanç zatlardan doldurýar, şonuň üçin mtiňlerçe adamlar epidemiýadan ölýärler. Muňa meňzeş weýrançylykly betbagtçylyklar has ýygy - ýygydan hem berbatçylykly bolar. Ölüm haýwanlaryňam, adamlaryňam başlaryndan iner. “Ýerýüzi solýar, guraýar heläk bolup, ýitip gider dünýä; dünýäniň halklarynyň güýçlileri heläk bolarlar.BG 481.2

    Dünýäniň ilaty harama çykardy ony,
    çünki olar kanunlardan çykdylar,
    parzlary saklamadylar,
    ebedi ähti bozdular
    BG 482.1

    (Işaýa 24:4-5).

    Soň beýik ýalançy öz betbagtçylyklarynyň sebäpkärleriniň hut Hudaýa gulluk edýänler bolup durýandyklaryna adamlary ynandyrmaga çalyşýar. Rebbe gaharlana günäkärler özleriniň bar betbagtçylyklarynda Hudaýyň tabşyryklaryna wepalylyklary bilen düzgün bozujylar üçin ýazgarma bolup gulluk edenleri günäkärlärler. Ýekşenbe gününi äsgermezçilik edýän adamlaryň Hudaýy kemsidýändikleri, hemme ýerde ýekşenbäni baýramçylyk edip ýola goýýançalar şol günäniň bes edilmeýän bela-beterleri döretjekdigi, dördünji tabşyrygy ýerine ýetirýänleriň şeýle etmek bilen adamlarda ýekşenbe gününe bolan hormatly garaýşy ýok etjekdigi, halky öjükdirip, ony Hudaýyň ak patalaryndan mahrum etjekdigi yglan ediler. Şeýdip, öz wagtynda Hudaýyň bir hyzmatkärine garşy bildirilen aýyplama gaýtalanýar: “Ahap Ylýasy görüp, oňa: «Ysraýyl halkyny biynjalyk edýän senmisiň?” diýdi. Ylýas oňa şeýle jogap berdi: «Ysraýyl halkyny biynjalyk edýän men däldirin. Sen we seniň ata-babalaryň Rebbiň tabşyryklaryny terk edip, Bagalyň yzyna eýerdiňiz” (1 Patyşalar 18:17-18). Bu ýalan aýyplama bilen öjükdirilen halkyň gazaby soňky derejesine ýetende, ol Hudaýyň ilçilerine imandan dänen Ysraýylyň Ylýasa garaýşy ýaly garaýar.BG 482.2

    Spiritizmiň üsti bilen görkezilen gudratly güýç adama däl-de, Hudaýa köpräk tabyn bolma kararyna gelenlere garşy gönükdiriler. Ruhlar ýalňyşlyklary içinde ýekşenbäni inkär edýänleri ýurdunam kanunlaryna edil Hudaýyň Kanunyna tabyn bolan ýaly tabyn bolmalydygyna ynandyrjak bolup, özleriniň Hudaý tarapyndan iberilendiklerini nygtarlar. Olar dünýäniň hudaýsyzlygyna ýüreklerini paralan bolarlar, şol bir wagtyň özünde-de, ahlaklylygyň şeýle pese düşmegine ýekşenbe gününiň sebäp bolandygyny aýdýan dini mugallymlary goldaýarlar. Şunuň ýaly şaýatlyklary kabul etmekden boýun towlaýanlara garşy bolan ýigrenç nähili güýçli bolar!BG 482.3

    Hudaýyň halky bilen boljak şol beýik göreşde şeýtan gökdäki gozgalaňynyň başyndakysy ýaly hereket eder. Ilki ol Hudaýyň dolandyrmasyny berkitmäge çalyşýandygyny aýtdy, emma gizlinlikde welin, ony agdarmak üçin mümkin bolan zatlaryň hemmesini etdi. Şonda ol özüniň dyrjaşýan zadynda wepaly perişdeleri aýyplady. Şunuň ýaly mekirlikler Rim Ybadathanasynyň taryhyna-da, mahsusdyr. Ybadathana özüni Gögüň ýerdäki wekili hökmünde yglan etdi, şol bir wagtyň özünde-de, Hudaýdan ýokary galmaga we Onuň Kanunyny üýtgetmäge dyrjaşdy. Rimiň hökümdarlygy döwründe Injile bolan wepalylygy üçin görgi görüp ölenler ýeretikler hem jenaýatçylar hökmünde ygla edildi, olary şeýtan bilen gatnaşykda bolmakda aýypladylar, olara masgaraçylyk tagmasyny basyp, adamlaryň, hatda öz—özleriniň öňünde-de, barypýatan näletkerde edip görkezmek üçin her hili serişdeler ulanyldy. Biziň döwrümizde-de, şonuň ýaly bolar. Hudaýyň Kanunyny hormatlaýanlary ýok etmek üçin şeýtan ol adamlaryň kanuny bozujylar, Hudaýa ysnat getirýän we dünýäniň üstüne bela getirýän adamlar hökmünde ýazgarylmagy üçin hemme zady gurnar.BG 482.4

    Hudaý adamyň erkini hem wyždanyny hiç haçanam mejbur etmeýär, şeýtan bolsa, başga ýol bilen özüne çekip bilmeýän adamlaryny şu ygtyýaryna tabyn etjek bolup, elmydama zorluga hem zalymlyga ýüz urýar. Gorkyny hem güýç ulanmak bilen ol adamyň wyždanyny gul etmäge we şeýdip, hormat bilen tagzym edilmäni gazanmaga synanyşýar. Munuň üçin şeýtan dini hem raýatlyk häkimiýetlerini ulanýarda, olary Hudaýyň Kanunyna garşy çykýan kanunlary çykarmaga alyp barýar.BG 483.1

    Mukaddes Kitap sabat gününi saklaýanlar kanunyň hem tertipdüzgüniň duşmanlary, jemgyýetçilik ahlagyny berbat edijiler, anarhiýa hem çüýreme getirijiler hökmünde yglan ediler. Olara Hudaýyň ýerdäki sudlarynyň baş sebäpkärleri hökmünde gararlar. Olaryň päk ynsaplylygy hem wepalylygy kejirlik hem tabyn bolmazlyk hökmünde atlandyrylar. Olary döwletden nägile bolmakda aýyplarlar. Hudaýyň Kanunyny ýerine ýetirmegiň hökmanylygyna garşy çykýan ýygnak gullukçylary münberlerden raýatlyk häkimiýetine-de, edil Hudaýyň gurany hökmünde tabyn bolmaklygyň her bir adamyň borjudygy hakda gürrüň ederler. Kanun çykaryjy ýygnaklarda we sudlarda tabşyryklary ýerine ýetirýän adamlara myjabatlar ýapylar we ýazgarylarlar. Olaryň sözleriniň manysyny üýtgederler, ähli niýetleri bilen hereketlerini iň erbet görnüşde düşündirerler. Protestant ýygnaklarynyň Mukaddes Ýazgynyň Hudaýyň Kanunlarynyň Peýdasyna şaýatlyk edýän aýdyň subutnamalaryny inkär edýändigi üçin olar imanyny Mukaddes Kitap bilen inkär edip bilmedik adamlaryny dymmaga mejbur etmäge çalşarlar. Olar muny boýun almak islemeselerde, barybir ynsabyň emri bilen galan mesihilik dünýäsiniň yzyna düşüp, papalygyň sabat gününi ykrar etmekden ýüz öwürýänleri yzarlama ýoluna düşýärler.BG 483.2

    Ybadathananyň her döwletiň ýolbaşçylary satyn alma, ynandyrma we güýç bilen jemgyýetiň ähli gatlaklaryny ýekşenbe gününi hormatlamaga mejbur etmek üçin birigerler. Hudaýyň abraýynyň ýetmezçiligi zorlukly çäreler bilen doldurylar. Syýasatçylaryň satylaganlygy adalata bolan söýgini, hakykata bolan hormaty kül edýär. Hatda azat Amerikanyň döwlet ýolbaşçylaram, kanun çykaryjylaram, jemgyýetiň göwnünden turjak bolup, halka eglişik edip, ýekşenbe gününiň hökmany ýerine ýetirilmegini ýola goýarlar. Birgiden adamlaryň gany bilen gazanylan wyždan azatlygy depgileniler. Ýakynlaşyp gelýän bu göreşde biz pygamberiň: “Onsoň aždarha aýala gaharlandy. Aýalyň neslinden galan we Hndayyň buýruklaryny berjaý edip, Isa şaýatlyk edýänler bilen uruşmaga gitdi” (Ylham 12:17) diýen sözleriniň amala aşmasyny görýäris.BG 483.3

    Larger font
    Smaller font
    Copy
    Print
    Contents