Loading...
Larger font
Smaller font
Copy
Print
Contents
Beýik Göreş - Contents
  • Results
  • Related
  • Featured
No results found for: "".
  • Weighted Relevancy
  • Content Sequence
  • Relevancy
  • Earliest First
  • Latest First
    Larger font
    Smaller font
    Copy
    Print
    Contents

    39—Njy Bap.
    Jepalar Döwri

    Şol wagt seniň halkyňy goraýan baş serdar Mikaýyl öňe çykar. Şonda milletler döräli bäri görlüpeşidilmedik jebir-jepaly döwür geler. Emma şol wagt seniň halkyňdan ady kitapda ýazylanlaryň ählisi halas bolar” (Danyýel 12:1).BG 501.1

    Üçünji perişdäniň habarynyň wagzy tamamlananda, Hudaýyň rehimdarlygy ýeriň günäleri adamlaryny terk eder. Hudaýyň halky öz işini etdi: ol “giçki ýagşy”, “Rebbiň huzuryndan täzelenme” aldy we geljek synag sagadyna taýýarlandy. Perişdeler derrew göge geçiriler. Ýerden gaýdyp gelen perişde öz işiniň tamamlanandygyny, diinýäniň soňky synaga duçar edilendigini, Hudaýyň tabşyryklaryna wepaly galanlaryň hemmesiniň “Hudaýyň möhürini” alandygyny yglan edýär. Şonda Isa gökdäki mukaddes ýerde Özüniň araçylyk gullugyny bes edýär. Ol ellerini galdyryp, gaty ses bilen: “Berjaý boldy!” diýip gygyrar. Isa: “Erbetlik eden ýene erbetlik etsin, hapa bolan hapalygynda galsyn. Dogry adam ýene dogrulyk etsin. Mukuddes-de mukaddesligine galsyn” (Ylham 22:11) diýip dabaraly yglan edende, bütin gögüň goşuny özleriniň täçlerini çykararlar. Her bir adamyň ykbaly çözüldi - ölüme ýa-da ýaşaýşa. Mesih Öz halky üçin ýaraşdyrma işini etdi we onuň günälerini tekizledi. Oňa tabyn bolanlaryň sany artdy; “patyşalyk hem hökümdarlyk, gök astyndaky patyşalygyň ajaýyplyklary” gutulyşyň mirasdarlaryna berler. Şonda Isa şalaryň Şasy, rebleriň Rebbi hökmünde patyşalyk etmelidir.BG 501.2

    Mesih mukaddes ýeri terk edende, ýeri tümlük gurşap alar. Şol eýmenç wagtda dogry adamlar mukaddes Rebbiň öňünde Töwellaçysyz ýaşarlar. Imansyz adamlary hiç zat saklamaz, şeýtanam, imana gelmedikleriň üstlerinden doly ygtyýary alar. Hudaýyň sabyrlylygynyň soňy geldi. Dünýä Onuň merhemetini inkär etdi, söýgüsini ýigrendi we Kanuny depgiledi. Hudaýsyzlar üçin merhemet wagty gutardy. Olaryň tutanýerlilik bilen garşylyk görkezen Ruhy, ýagny Hudaýyň Ruhy, ahyrsoňunda, ýerden alyndy. Hudaýyň goragyndan mahrum bolan hudaýsyzlar ganym duşmanyň ygtyýary astynda goragsyz galdylar. Şonda şeýtan ýeriň ýaşaýjylaryna soňky ummasyz jepany çekdirer. Hudaýyň perişdeleri adam höwesleriniň zabun ýelini saklamagyny bes edenlerinde, ähli duşmançylykly hadysalar herekete geler. Bütin dünýä-de, gadymky lýerusalimiňkiden hem beterräk gorkunç weýrançylyga sezewar bolar.BG 501.3

    Müsüriň ähli ilkinji doglan çagalaryny ýok eden ýekeje perişde bütin ýer ýüzüni agydan doldurypdy. Dawut ilat ýazuwyny geçirmek bilen Hudaýyň öňünde günä edende, bu günäniň jezasy hökmünde bir perişde ýerde eýmenç boşatma geçiripdi. Mukaddes perişdeler Hudaýyň emri boýunça hudaýsyzlary heläk edipdiler. Hudaý şonuň ýaly zadyň bolmagyna ýol berende, arwahlaram şeýle ederler. Gara güýçler eýýäm taýýar bolup, ýer ýüzüni boşatmaklyga Hudaýyň rugsat bererine garaşyp durýar.BG 502.1

    Hudaýyň Kanunynyhormatlaýanlary dünýäniň üstüne Hudaýyň suduny getirmekde aýyplarlar, olara tutuş ýer ýüzüni jebir — jepalardan doldurjak elhenç tebigy hadysalaryň, duşmançylyklaryň, gandöküşikleriň sebäpkärleri hökmünde gararlar. Soňky duýduryş bilen geljek güýç hudaýsyzlary gazap atyna atlandyrar, şonuň üçin olaryň gazaby bu habary kabul edenleriň hemmesine garşy alawlar, şeýtan bolsa, ýigrenç hem yzarlama ruhuny has-da ulaldar.BG 502.2

    Ruhanylar bilen halk Hudaýyň barlygynyň ýeriniň gutamykly boşandygyny bilmediler - Reb ýehudylary terk etdi. Şeýtanyň gol astynda, iň gorkunç hem heläk ediji höwesleriň ygtyýary astynda bolubam, olar özlerini barybir saýlanylan halk hasapladylar. Ybadathanalardaky gulluk dowam etdirildi, haramlanan gurbanlyk sypalarynyň üstünde gurbanlyklar getirildi, her gün Hudaýyň Oglunyň gymmatly Ganyny dökmekde günäkär bolan hem-de Onuň gullukçylarydyr resullarynyň janyna kast etmegini dowam etdirip ýören halka her gün Hudaýdan ak pata soraldy. Mukaddes ýerde gutarnykly karara gelnip, dünýäniň ykbaly yza öwrülmez ýagdaýda kesgitlenilen pursatynda ýeriň ýaşaýjylary muny bilmezler. Hudaýyň Ruhy tarapyndan gutarnykly terk edilen halk dini formallyklary we däp - dessurlary saklarlar, erbetligiň patyşasynyň öz mekir pirimlerini ýerine ýetinnek üçin halka berjek yhlasy Hudaýa gabanjaňlykly bolma gömüşine eýe bolar.BG 502.3

    Sabat gününiň daşynda bütin mesihilik dünýäsinde göreş turanda we ýekşenbäni zor bilen ýerine ýetirtmek üçin dini hökümdarlyk döwlet hökümdarlygy bilen birigende, ujypsyzja azlygyň umumyhalk talabyna tabyn bolmakdan tutanýerli boýun towlamasy ony ählumumy ýigrenjiň predmeti eder. Şona Ybadathananyň permanlaryna, döwlet kanunyna garşylyk görkezýän bujagaz toparjyga eglişik edilmeli däldigi, bütin halky gozgalaňa hem kanunsyzlyga alyp barandan, olaryň görgi göreniniň gowulygy yglan ediler. On sekiz asyr mundan ozal şunuň ýaly aýyplamany “halkyň ýolbaşçylary” Mesihe ýöňkediler. Kaýafa: “Ähli halkyň helük holmagynyň deregine bir adamyň halk üçin ölmeginiň bize peýdalydygyna düşünmeýärsiňiz” (Ýahýa 11:50) diýdi. Bu delil olara gaty ýerlikli görner, şonuň üçin tizara sabat gününi hormatlaýanlara garşy dördünji tabşyryk boýunça perman çykararlar. Bu perman olary iň zalym jezalara mynasyp hökmünde yglan eder-de, belli bir wagtdan soň, olary ölüme bermede halka azatlyk berer. Köne Diinýädäki Katolisizm we Täzedäki pese düşen protestantizm Hudaýyň buýruklarynyň hemmesini berjaý edýänler babatda birmeňzeş pozisiýany eýelär.BG 502.4

    Şonda Hudaýyň halky pygamber tarapyndan Ýakubyň döwründäki aladaly gün hökmünde ýazylan ezýetlerini hem betbagtçylygyny çeker.BG 503.1

    “Reb şeýle diýýär: «Biz paraliatlyk dal-de, howp hem howsala sesini eşitdik ...Näme üçin hemmäniň ýüzi soluk? Wah, bu nähili gorkunç gün, onuň ýaly gün başgaýokdur. Bu Yakup üçin aladaly döwürdir, emma ol ondan ýene-de gutular” (Ýermeýa 30:5-7).BG 503.2

    Ýakubyň ýürek hasratlary bilen geçiren gijesi, doga edip, özüniň Esawyň elinden saplanmagy üçin eden göreşi (Gelip çykyş 32:24-30), Hudaýyň halkynyň jepalar döwriinde çekmeli bolan kynçylyklaryny görkezýär. Kakasyndan Esaw üçin niýetlenilen ak patany aldaw ýoly bilen alan Ýakup doganynyň haýbatlaryndan gorkup, gaçmak bilen janyny gutarýar. Uzak ýyllaryň dowamynda gaçgaklykda bolandan soň, Rebden aýallary hem çagalary, sürüleri bilen bilelikde ata watanyna gaýdyp barmaga görkezme alýar. Ýurduň araçägine baranda, Ýakup Esawyň ýaragly adamlaryň bir topary bilen öz öňiinden çykmak üçin gelýändigini eşidende gorkýar. 01 doganyny ar alma duýgusynyň gurşap alandygyna şübhelenmeýärdi. Yakubyň ýaragsyz hem ejiz ýoldaşlary gutulgysyz zorlugyň hem ganhorlugyň pidasy bolmaly ýaly bolup görünýärdi. Howsala bilen gorkudan başga-da, ony wyždanyň gynamasy horlaýardy. 01 öz günäsiniň hemmeleri şeýle howpuň astyna salýandygyna düşünýärdi. Onuň ýeke - täk umydy Hudaýyň rehimdarlygyndady. Doga etmeklik onuň ýeke - täk goragydy. Şol sebäpli-de, ol doganynyň öňündäki günäsini ýuwmak we ýakynlaşyp gelýän howpuň öňüni almak üçin mümkin bolan zatlaryň hemmesini etdi. Mesihiň yzyna eýerijilerem ýetip gelýän jepalar döwrüniň öň ýanynda adamlara özlerini dogry görnüşde görkezmek, ters pikirleri aýyrmak we wyždan azatlygyna abanýan howpuň öňüni almak üçin tagalla baryny etmelidirler.BG 503.3

    Öz lapykeçligini şaýat bolmazlary ýaly, Yakup öziiniň ýakynlaryny ýanyndan aýyrýar-da, Hudaýdan rehim haýyş etmek üçin Hudaý bilen ýekelikde galýar. Ol öz günälerini boýun alýar, Rebbe rehimdarlygy üçin minnetdarlyk bildirýär, çuň tabynlykda öz atalary bilen baglaşylan ähte we Beýteldäki gije gören gömüşinde hem-de gaçgaklykda bolan ýurdunda özüne berlen wadalara salgylanýar. Onuň durmuşyndaky iň kyn pursat ýetip geldi; hemme zat orta goýuldy. Garaňkylykda hem ýekelikde ol doga etmesini hem Hudaýyň öňünde kiçelmesini dowam etdirdi. Garaşylmadyk yagdaýda onuň egnine el goýuldy. Yakup duşman özüni öldürjek bolýandyr öýdüp, güýjünde bary ny edip, gelen kişi bilen göreşmäge başlaýar. Daň atyp gelýärkä, nätanyş özüniň adatdan daşary güýjüni görkezýär. Ýekeje el degirme bu güýçli adamy ysmaz eden ýaly edende, Ýakup syrly garşydaşynyň döşüne özüni goýberip, ejizlikde möňňürýär. Indi Ýakup özüniň ähtiň Perişdesi bilen göreşenine düşünýär. Güýçden gaçsa-da, aýagynda güýçli agyry duýýan bolsa-da, Ýakup ýan bermek islemedi. Ol uzak wagtyň dowamynda aljyraňňylyk, wyždanyň horlamasyny duýup, öz günäleri zerarly ejirler çekip, betbagtçylyklary gördi. Şonuň üçin indi ol özüniň bagyşlanylandygyna ynamly bolmalydy. Hudaýyň goýbereni ony taşlap giderli göründi, ýöne Yakup ak pata bermegini ýalbaryp sorap, ondan berk ýapyşdy. Perişde: “Meni goýber, daň atyp gelýär” diýip nygtady, emma nesilbaşy: “Maňa ak pata berýänçäň, Seni goýbermen!” diýip ýüzlendi. Nähili ynamlylyk! Nähili durnuklylyk hem tutanýerlilik! Eger Ýakubyň sözlerinde öwünjeňlikli özüne göwniýetme bolan bolsa, onda ol şobada ýok edilerdi, ýöne ol öz ejizligini hem mynasyp dälligini boýun alýan we barybir ähti saklaýan Hudaýyň rehimine bil baglaýan günäkäriň tutanýerliligini görkezdi.BG 503.4

    Perişde bilen göreşip ýeňdi” (Hoşeýa 12:4). Özüniň peselmesi, toba etmesi, özüni inkär etmesi bilen bu azaşan ölümli, bu günäkär adam Hudaýyň Beýikligini ýeňdi. 01 Hudaýyň wadalaryna sandyrama bilen ynandy, şonuň üçin Tükeniksiz Söýginiň ýüregi günäkäriň ýalbary şyny eşitmän bilmedi. Ýeňşiň alamaty hökmünde we Ýakubyň göreldesi bilen başgalary-da ruhlandyrmak üçin onuň günäni ýatladýan öňki ady ýeňşi görkezýän başga ada çalşyldy. Yakup Hudaýy ýeňdi - bu onuň adamlary-da ýeňjekdiginiň girewi bolupdy. Indi ol doganynyň gazabyndan gorkmaýardy, sebäbi Hudaý onuň goragçysydy.BG 504.1

    Ýakuby gorkusy sebäpli heläk etmegi niýetine düwen şeýtan ony Hudaýyň perişdeleriniň öňünde aýyplady. Esawy Yakuba garşy çykmaklyga şeýtan meýillendirdi. Uzaga çeken göreşli gijede-de, şeýtan nesilbaşyny lapykeç etmek we Hudaýa bil baglamadan mahrum etmek üçin onuň günä duýgusyny ýitileşdirmäge dyrjaşdy. Gökden kömek bolmasa, özüniň heläk boljakdygyny bilen Ýakup lapykeçlik ýagdaýyna alnyp barlypdy diýen ýalydy. 01 özüniň uly günäsine çyn ýürekden toba etdi we Hudaýyň rehimdarlygyny çagyrdy. Ol öz maksadyndan el çekmedi, ýöne ýeňýänçä, ajy agy bilen tutanýerli ýalbaryp, Perişdeden berk ýapyşdy.BG 504.2

    Öz wagtynda Esawy Yakuba garşy gitmäge öjükdiren şeýtan jepalar döwründe Hudaýyň halkyny ýok etmeklige hudaýsyzlary küşgürer. Ýakuby aýyplaýşy ýaly, ol Hudaýyň halkynam aýyplar. Şeýtan ýeriň ýaşaýjylaiyny özüniň tarapdarlary hasaplaýar, ýöne Hudaýyň tabşyryklaryny berjaýedýän adamlaryň kiçi topai^ onuň ygtyýaryna tabyn bolmaýar. Eger olary ýok etmek özüne başardaýsa, onuň ýeňşi doly bolardy. Şeýtan olary mukaddes perişdeleriň goraýandyklaryny, şoňa görä-de, günäleriniň bagyşlanandygyny göiýär, ýöne olaryň gökdäki mukaddes ýerde eýýäm ykbalynyň çözülendigini bilmeýär. Olaryň ähli günäleri şeýtana jikme - jik aýan, sebäbi adamlary onuň özi synaga salypdy ahyry. Şonuň üçin olary Hudaýyň öňünde iň erbet görnüşde hem özi görkezýärde, olaryň özi, ýagny şeýtan bilen deň derejede Hudaýyň rehiminden mahrum bolmalydyklaryny aýdýar. Şeýtan eger Reb adalatly bolsa. onda olaryň günälerini bagyşlap bilmeýändigini, beýleki jynlar bilen bielikde ýok etmelidigini aýdýar. Ol adamlara öz oljasy hökmünde garap, olara özüniň hukugynyň bardygyny aýdyp, jezalandyrylmak üçin olaryň öz eline berilmegini talap edýär.BG 504.3

    Şeýtanyň Hudaýyň halkyny günälerinde aýyplaýandygy sebäpli, Hudaý adamlary iň gazaply synaglara salmagyna ýol berýär. Olaryň Hudaýa bolan ynamy, imany we berkligi synanylar. Geçmişe nazar aýlanda, olar uinydyny ýitirýärler, sebäbi özleriniň bütin durmuşynda olar gowy zady juda az tapýarlar. Olar özleriniň ejizligine we mynasyp däldiklerine doly akyl ýetirýärler. Şeýtan olary özleriniň ýagdaýlarynyň umytsyzlygy, etmişleriň murdarlygyndan saplanmagyň mümkin dälligi baradaky pikir bilen olary gorkuzmaga çalyşýar. Olar synaga düşüp, Hudaýdan ýüz öwrer ýaly, ol olaryň imanyny ýok etmäge umyt baglaýar.BG 505.1

    Hudaýyň çagalarynyň daşy özlerini heläk etmäge jan edýän duşman bilen gurşalan bolsa-da, olary yzarlamalardan gorkmaklyk lapykeçlige alyp barmaýar-da, haýsydyrbirbagyşlanylmadykgünäniň bar bolaýmagynyň mümkinligi lapykeçlige alyp barýar, şonuň üçin Halasgäriň: ” . bütin dünýänih üstüne injek synag sagadyndan seni goraryn‘ (Ylham 3:10) diýen wadasyna umydyň bolmazlygy mümkin. Eger olar bagyşlanandyklaryna ynamly bolsalar, onda gynamalaram, ölümem olary gorkuzyp bilmez, ýöne olar mynasyp däl bolup çyksalar, ölümem olary öz yzy bilen alyp gitse, onda Hudaýyň mukaddes adyna ysnat geler.BG 505.2

    Olar hemme ýerlerde dildüwşüklere duş gelýärler, Hudaýa garşy gozgalaňyň göze görnüp duran alamatlaryny görýärler, şonuň üçin olar bu ullakan imansyzlygyň we haramçylyklaryň ahyrynyň gelmegini bňtin ýürekleri bilen isleýärler. Olar Hudaýdan gozgalaňçylary terk etmegini haýyş edýärler, ýöne kuwwatly akymyna garşy durmaga we ýoluny baglamaga özlerinde güýjiiň ýokdugyna gynanmaklyk olary horlaýar. Eger özleri bar ukyplaryny, güýçden güýje geçip, hemişe Mesihiň gullugyna beren bolsalar, onda şeýtanyň güýçleriniň özlerini ýeňmäge az mümkinçiliginiň boljakdygyna akyl ýetirýärler.BG 505.3

    Olar geçmişde özleriniň köp günälerini Rebbiň bagyşlandygyny görkezmek we Halasgäriň:BG 506.1

    “Ya-da ol pena yzlap, Maňa ýapyşsyn,
    Meniň bilen ýaraşyk etsin,
    ýaraşyk etsin Meniň bilen”
    BG 506.2

    (Işaýa 27:5)

    diýen wadasyna salgylanmak bilen Hudaýyň öňünde ýüreklerini tabyn edýärler. Olar dogalaryna şobada jogap almasalarda, berk ynanmaklaryny dowam etdirýärler. Güýçli birahatlyk, gorky hem sustupeslik tarapyndan gynanylsalaram, barybir doga etmegini bes etmeýärler. olar Yakubyň Perişdeden ýapyşyşy ýaly, Hudaýyň güýjünden berkýapyşýarlar-da: uMaňa ak pata berýänçäň goýbermen!” diýip nalaýarlar.BG 506.3

    Eger Ýakup öňi bilen günäsine, nowbaharlyk hakyky aldaw ýoly bilen alma günäsine, toba etmedik bolsa, Hudaý onuň dogasyny eşitmezdi we janyny aman saklamazdy. Jepalar döwründe-de, şeýle bolar: eger Hudaýyň çagalary günälerini tobasyz galdyrsa, onda jebirler bilen gorky olary ýeňer. Lapykeçlik olaryň imanyny bes eder, şonuň üçin olar özleriniň halas bolma diläp eden dogalaryny Hudaýyň eşidýändigine ynamly bolmazlar. Olar özleriniň mynasyp däldiklerine çuň akyl ýetirseler-de, olarda ýekeje-de gizlin günä bolmaz. Olaryň günälerine ozal sudda garaldy we aýryldy, şonuň üçin olaryň günälerini ýada salyp bilmezler.BG 506.4

    Hudaýyň az zatdaky biwepalyga üns bermeýändigine şeýtan köpleri ynandyrýar, emma Rebbiň Yakuba bolan garaýşy Onuň erbetligi hiç haçanam aklamaýandygyny we oňa çydam etmeýändigini görkezýär. Öz günäsini aklamaga ýa-da gizlemäge synanyşýanlary, şoňa görä-de, olary göklerdäki kitaplarda toba edilmedik we bagyşlanylmadyk günä hökmünde bellenilgi galdyrýanlary şeýtan ýeňer. Olaryň derejesi näçe ýokary bolsa, jenaýatlary Hudaýyň nazarynda şonçada, agyr bolar we olaryň duşmanynyň üstünlik gazanma mümkinçiligi şonçada köp bolar. Özüniň Rebbiň gününe taýýarlanmasyny yza goýýanlar muny jepalar döwründe ýa-da ondan soňam edip bilmezler. Olar heläkçilige uçrandyrlar.BG 506.5

    Soňky eýmenç söweşe taýýarlanmadyk mesihiler lapykeçlik içinde günälerine toba edip başlarlar, imansyzlar bolsa, diňe olaryň üstlerinden gülerler. Olaryň tobasy Esawyň ýa-da Iudanyň toba edişine meňzeş bolar. Munuň ýaly toba etme bilen olar günäleriň özleri Liçin aglamaýarlar-da, olaryň netijeleri üçin aglaýarlar. Olar günä bolan hakyky gynanjy-da, ýigrenji-de duýmaýarlar. Olar günälerini diňe jezadan gorkýandyklary üçin boýun alýarlar, ýöne jeza howpy aýrylandan soň, derrew gadymky fyrown ýaly, ýene-de Göge garşy baş galdyrýarlar.BG 506.6

    Ýakubyň taryhy bize Hudaýyň synagyň täsiri astynda günä edip, ýöne soň Özüne çyn ýürekden toba edip ýüzlenýänlerdenýüzöwürmeýändigini öwredýär. Şunuň ýaly adamlary heläk etjek bolup, şeýtan jan edende, Hudaý oiara teselli bermek hem goramak üçin Öz perişdelerini goýberýär. Şeýtanyň hüjümleri gazapiy hem aýgytlydyr, onuň aldawy eýmençdir, ýöne Rebbiň gözleri Öz halkynyň üstündedir, şonuň üçin Ol olaryň ähli nalalaryny eşidýär. Olaryň görgüleri gaty güýçli, gyzyp duran pejiň ýalny olary ýuwutmaga taýýar, ýöne beýik Erediji oduň synagyndan geçirilen altyn kimin, olary halas edýär. Iň gazaply synag döwründe Hudaýyň Öz çagalaryna bolan söýgüsi, edil olaryň iň abadançylykly günlerindäkisi ýaly, güýçlüligine hem näzikligine galýar, emma olara otly pejiň içinden geçmek zerurdyr. Ýerdäki zatlaryň hemmesi kämillikde Mesihe meňzeş bolar ýaly, ody ýok etmelidir.BG 507.1

    Bu jepalar hem lapykeçlik döwri bizden ýadawlygy, haýallygy hem açlygy ýeňýän imany, hatda iň gzaply synaglaryň öňünde-de gowşamaýan imany talap edýär. Beýik jepa taýýarlanmak üçin hemmelere synag wagty berler. Yakup ýeňdi, sebäbi ol tutanýerli hem aýgytly boldy. Onuň ýeňşi doga etmede yza çekilmezek güýjüň bardygyna şaýatlyk edýär. Ýakup ýaly, Hudaýyň wadalaryna daýanjaklaryň we şonuň ýaly Çynlakaýlygy hem tutanýerliligi görkezjekleriň hemmesi üstünlige ýeterler. Öz “meninden” el çekmek, Hudaý bilen gynalyp göreşmek.BG 507.2

    Onuň ak patasyny sorap, uzak hem janypkeşlik bilen doga etrnek islemeýänler, şolary almazlaram. Hudaý bilen göreşmek - munuň nämäni aňladýandygyna nähili az adam düşünýär! Özleriniň dogalaryny Hudaýyň eşitmegi üçin şeýle az adam öz janyny gynaýar, biynjalyk bolýar. Söz bilen şekillendirip, beýan edip bolmajak çykgynsyzlyklaryň tolkunlary doga edýän adamy öz aýlawy bilen alyp gitme howpuny salanda, şeýle pursatlarda Hudaýyň wadalarynda sarsmaz iman bilen asuda oturjaklar nähili az!BG 507.3

    lmany gowşak adamlara şeýtanyň ýalňyşma ygtyýaryna düşmäniň we wyždany mejbur ediji görkezmesine tabyn bolmanyň uly howpy abanýar. Eger olar synaglara döz gelseler-de, jepa döwri olary çuň depressiýa we kalbyň janhowly ýagdaýyna düşürer, sebäbi olar Hudaýa biil baglamagy endik edinmändiler. Olar sustupesligiň gorkunç sütemi astynda özleriniň birwagtlar äsgermezçilik eden ynanma sapagyny öwrenmäge mejbur bolarlar.BG 507.4

    lndi biz wadalary duýup, Hudaýy tanamalydyrys. Perişdeler çyn ýürekden çykýan we çyndan edilýän her bir dogany ýazýarlar. Hudaý bilen gatnaşygy äsgermezçilik edenden, egoistik lezzetlerden el çekeniň gowudyr. Hudaý tarapyndan terk edilen adam bolup, baýlykdan, hormatdan, dostlukdan keýp alanyňdan, hiç zada eýe bolman gaiyplykda ýaşanyň, ýöne Rebbiň nazarynda merhemet tapanyň gowudyr. Biz doga etmek üçin wagt tapmalydyrys. Eger ýerdäki bähbitler bizi ýuwutsa, onda Hudaý altyn butlardan, öýlerden we hasylly ýerlerden mahrum etmek bilen Özüni ýatladyp biler.BG 507.5

    Ýaşlar özleriniň Hudaýdan ak pata sorap biläýjek ýerinden başga ýoly saýlamakdan ýüz öwrüp, özlerini günäden saklap bilerler. Eger Hudaýyň bu dünýä soňky duýduryşy ýaýradýan habarçylary Hudaýdan ak pata sorap, sowuk, höwessiz hem perwaýsyz doga etmän, Ýakubyň edişi ýaly, gyzgyn hem iman bilen doga etseler, onda olarda: “...men Hudaýy ýüzbe-ýüz görübem, diri galdym” (Gelip çykyş 32:30) diýjek ýagdaýlary köp bolardy. Şonda Göz olary Hudaýy hem dünýäni ýeňip biljek güýje eýe bolan knýazy hasaplar.BG 508.1

    Tizara “görlüp—eşidilmedik” jepanyň döwri geler. Şonda bize entek özümizde bolmadyk we köpleriň almaga ýaltanýan tejribesi gerek bolar. Köplenç garaşmalar hakykatdan gorkunç bolýar, ýöne bu öňde duran kynçylyga degişli däldir. Hudaýyň halkynyň paýyna düşjek agyr duýgularyň suratyny iň janly pikirlenişem çekip bilmez. Synagyň şol wagtynda, Hudaýyň öňünde her bir jan özbaşdak durmaly bolar. Eger Nuh, Danyýel we Eýýup diri bolan bolsalar, “ne ogullaryny, ne-de gyzlaryny halas ederler. Olar dogruçyllyklary bilen dihe öz janlaryny halas edip bilerler” (Ezekiýel 14:20).BG 508.2

    Indi Baş Ruhanymyz biziň ýaraşmamyzy berjaý edenden soň, biz Mesihde kämil bolmaga çalyşmalydyrys. Halasgärimiz hatda synaga düşme pikiriniň gelmegine-de ýol bermedi. Şeýtan adam ýüreginiň içinde aslyşar ýaly ejizlik tapýar, şeýtanyň synagy güýje eýe bolar ýaly, ýekeje eglişik edilen günä-de ýeterlikdir. Ýöne Mesih Özi hakda: “Onuh Men barada erk-ygtyýary ýokdur” (Ýahýa 14:30) diýdi. Hudaýyň Oglunyň üstünden ýeňiş gazanmaga mümkinçilik berer ýaly hiç zady şeýtan Ondan tapyp bilmedi. Ol Öz Atasynyň tabşyryklaryna wepalylygy saklady. Jepa döwründe berk durmak isleýänleriň hemmesem şunuň ýaly ýagdaýda bolmalydyrlar.BG 508.3

    Bu durmuşda biz Mesihiň halas ediji Ganyna bolan iman arkaly özümizden günäni aýyrmalydyrys. Halasgärimiz bizi Özi bilen birikmeklige, ejizligimizi Öz güýji bilen birikdirmäge, nadanlygyzy Öz akyldarlygy bilen, mynasyp dälligimizi Öz hyzmaty bilen birikdirmäge çagyrýar. Hudaýyň öňden görüjiligi biziň üçin mekdep bolup durýar. Şol mekdepde biz Isanyň tabynlygyny hem kiçigöwünlil igini öwrenmelidiris. Reb bize özümiz üçin saýlan aňsat hem ýeňil ýolumyzy däl-de, hemişe ýaşaýşyň hakyky maksadyny görkezýär. Bize Gögüň öz häsiýetimizi Hudaýyň nusgasy boýunça üýtgetjek serişdelerini kabul edäýmek galýar. Bu işdäki her bir äsgermezçilik etmäniň hem haýalýagallyga ýol bermäniň soňy jan üçin elhenç töwekgelçilik bolar. Resul Ýahýa görnüşde: “Yer we deňiz, waý sizih halyhyza! Çünki iblis wagtynyh azlygyny bilip, gahar-gazaba münüp, sizih üstühize geldi” (Ylham 12:12) diýýän gaty sesi eşitdi. Bu ýüzlenmäni döreden hakykat nähili aýylganç! Wagtynyň soňunyň ýakynlaşýandygy sebäpli, şeýtanyň gazaby gitdigiçe güýçlenýär, onuň ýaýradýan azgynçylygy bilen weýrançylygy jepa döwründe öz kulmimasiýasyna ýeter.BG 508.4

    Tizara biz gökde eýmenç adatdan daşary hadysalary - gudratlar görkezýän arwahlaryň ygtyýarynyň alamatyny - göreris. Şeýtanyň ruhlary patyşalara we bütin dünýä girer-de, olary öz ýalňyşlyklarynda berkider we gögüň dolandyryşyna garşy soňky göreşinde şeýtana birikmäge ynandyrar. Hökümdarlary hem olaryň raýatlaryny aldamak olara başardar. Özlerini Mesih hökmünde görkezjek adamlar çykyp başlarlar-da, diňe dünýäniň Halasgärine degişli bolan ady we seždäni özüne alar. Olar şypa beriji gudratlar görkezerler we gökden ylham alandyklaryny aýdarlar, ýöne ol ylhamlar Mukaddes Ýazgynyň şaýatlygyna garşylykly bolar.BG 509.1

    Aldamanyň beýik dramasynyň jemleýji akty şeýtanyň özüni Mesih edip görkezmesi bolar. Ýygnak öz umytlarynyň amala aşmasy hökmünde Halasgäriň gelerine garaşýandygyny bireýýämden bäri aýdyp gelýär. Indi beýik ýalançy Mesihiň gelşiniň gömüşini döreder. Dünýäniň dürli böleklerinde şeýtan adamlaryň arasynda göz gamaşdyryjy öwüşgine beslenen beýik jandaryň gömüşinde adamlaryň arasynda peýda bolup, Ýahýanyň Ylhamda (Ylham 1:1315 serediň) suratlandyran Hudaýyň Ogluny ýada salyp başlar. Ony gurşap aljak şöhrat şu wagta çenli adamyň gören şölnatlaryndan artykmaç bolar. “Mesih geldi! Mesih geldi!” diýip guwançly gygyrýan sesler howany doldurar. Adamlar beýik guwançda onuň öňünde dyza çökerler; ol ellerini galdyryp, Mesihiň ýerdekä edişi ýaly, olara ak pata berer. Onuň sesi ýumşak hem boguk, şonuň bilen birlikdede hoş owazly. Mylaýymlykdan hem rehimdarlykdan doly ses bilen ol birwagtlar Mesihiň aýdan gögüň merhemetli hakykatlarynyň käbirlerini gaýtalaýar. Ol adamlaryň kesellerine şypa berip, soňam, Mesihe öýkünip, sabat gününi ýekşenbe gününe geçirendigini aýdar we özak pata beren gününi hemmelere honnatlamagy buýruk berer. Ol entegem, ýedinji güni mukaddes saklaýanlaryň özlerine nur hem hakykaty getirýän perişdelere gulak asmakdan boýun towlamak bilen öz adyna ysnat getirýändiklerini aýdýar. Nähili güýçli we ýeňip geçip bolmajak aldaw! Şonda samarýalylary aldan Simun jadygöýe uludan kiçä çenli hemmeleriň üns berişleri ýaly, bu jada-da üns bererler-de: “Hudaýyň uly gudraty, ine, şudur” (Resullaryň işleri 8:10) diýerler.BG 509.2

    Ýöne Hudaýyň halkyny aldamak başartmaz. Ýalan mesihin taglymaty Mukaddes Ýazga garşy bolýar. Ol janawara hem onuň suratyna tagzym edýänlere ak pata berýär. Mukaddes Kitap bolsa, şonuň ýaly adamlaryň üstlerinden Hudaýyň gazabynyň hiç hili rehimsizlikli injegini aýdýar.BG 509.3

    Mundan başga-da, Mesihiň geliş usulyna öýkünmäge rugsat berlin däldir. Halasgär Öz gelşiniň nähili bolup geçjekdigini görkezmek bilen Özüniň halkyna şuňa meňzeş ýalanyň boljakdygyny duýdurdy: “Çünki ýalan mesihler, ýalan pygamberler döräp, mümkin boldugyça, saýlananlaryda azdyrjak bolup, uly alamatlar, gudratlar görkezerler... Şeýlelikde, size: <Ine, Mesih çölde> diýselerde çykmaň, <Ine, içki otaglarda> diýseler-de ynanmaň. Çünki ýyldyrym nähili gündogardan turup, günbatarda hem görünýän bolsa, Ynsan Oglunyň gelşi hem şeýle bolar” (Matta 24:24-27; şeýle hem, Matta 24:31; 25:31; Ylham 1:7; 1 Selanikliler 4:16-17 serediň). Munuň ýaly gelişi galplaşdyrmak mümkin däldir. Ol hemme ýerde belli bolar, ony bütin dünýä görer.BG 510.1

    Diňe Yazgyny yhlas bilen öwrenýänler, hakykatyň söýgüsini kabul edenler tutuş dünýäni ýesir etjek aldawyň güýjünden goralar. Olar Hudaýyň Sözüniň güýji bilen ýalançyny paş ederler. Hemmeler synalarlar. Synag hakyky mesihileri ýüze çykarar. Bu azgynlyga ýan bermez ýaly, häzir Hudaýyň halky Onuň Sözünde berk durmyka? Bu agyr döwürde bu halk Mukaddes Kitaba, diňe Mukaddes Kitaba esaslanarmy? Bu güne taýýarlanmaklyga päsgel berjek bolup, şeýtan mümkin bolan zatlaryň hemmesini eder. Adamlar ýerdäki baýlyk bilen başagaý bolar ýaly, agyr, surnukdyryjy ýükleri çeker ýaly, ýürekleri ýaşaýyş aladalary zerarly agralar ýaly we synag sagadynyň olaryň üstlerine bir garakçy kimin geler ýaly, şeýtan her hili päsgelçilikleri döreder.BG 510.2

    Dürli mesihi hökümdarlary tarapyndan Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý edýänlere garşy çykarylan görkezmeler tassyklanylanda, ol görkezme mesihileri döwlet häkimiýetiniň goragyndan mahrum edip, olary mesihileriň ölümini isleýänleriň ellerine bererler, Hudaýyň çagalary şäherlerden obalardan gaçyp, çola hem çöl ýerlerde gaçybatalga tapynarlar. Barmasy kyn bolan daglar köpler üçin gaçybatalga bolar. Pýemontyň mesihileri kimin, olar belent daglary özleriniň mukaddes ýeri ederler-de, “aýak basylmadyk gaýalar” üçin Hudaýa minnetdarlyk bildirerler (Işaýa 33:16). Yöne ähli halklardan bolan köp adamlar, dürli gatlaklardan bolan, meşhur hem ýönekeý, baý hem garyp, gara hem ak adamlar rehimsizlik bilen gul edilerler. Hudaýyň söýgüli çagalary zynjyrlara baglanyp, türme diwarlarynyň içinde ysgyndan düşüp, ölüme höküm edilip, şatlyksyz günleri başdan geçirerler. Käbirleri ýigrenji ýerasty zyndanlarda açlykdan ölmeklige duçar ediler. Olaryňyňňyldylaryny hiçkim eşitmez, ýekeje hem, olara kömek etmek üçin uzamaz.BG 510.3

    Synagyň şu sagadynda Reb Öz halkyny ýatdan çykarariny? Suw alan dünýäniň üstünden höküm inende, Hudaý wepaly Nuhy terk etdimi? Gökden ot düşüp, şäheri küle öwrende, Hudaý Luty ýadyndan çykardymy? Ol Müsürde daşyny butparazlar gurşap alan Yusuby unutdymy? Izabel Ylýasa-da, Bagalyň ykbalynyň garaşýandygyny aýdanda, Hudaý Ylýasy unutdymy? 01 garaňky hem porsy çukurda ysgyndan gaçan Ýermeýany ýatdan çykardymy? Üç iman gahrymanyny peçdekäler ýatdan çykardymy? Ýolbarsly çukurdaky Danyýeli unutdymy?BG 510.4

    Emma Siýon:BG 511.1

    “Reb terk etdi meni,
    Taňrym meni unutdy” diýdi.
    Emdirýän balasyny unudyp bilermi ene?
    Özünden önen çaga rehim etmezmi?
    Hatda öz balasyny unutsa-da ene,
    Men seni unutmaryn.
    Ine, Men adyhy ellerimiň aýasyna ýazdym
    BG 511.2

    (Işaýa 49:14-16). “

    Siýona (size) degen hut Meniň görejime degýändirBG 511.3

    (Zakarýa 2:8).

    Duşmanlary Hudaýyň hyzmatkärlerini tünnä salyp bilselerde, türmäniň diwarlary olaryň kalbyny Mesihden aýryp bilmez. Olaryň her bir ejizligini Bilýän, her bir synag bilen tanyş Bolan ýerdäki ygtyýarlyklaryň hemmesinden ýokaiydyr. Perişdeler baryp bolmajak zyndanlara baryş, özleri bilen olaryň ýanyna nur hem parahatlyk getirer. Şonda zyndan edil köşk kimin bolar, sebäbi ol ýerde imana baýlar bolýar we uzak geçmişde Pawlus bilen Silas Filipi şäherinde bendilikde bolanlarynda, ýarygije doga edip, aýdym aýdanlarynda bolşy ýaly, gaýgyly gümmezlerini gögüň nury ýagtyldar.BG 511.4

    Hudaýyň hökümi Onuň halkyny ezmäge we heläk etmäge çalyşýanlaryň başyndan iner. Hudaýyň hudaýsyzlara bolan sabyrlylygy olara güýç berýär, ýöne haýal bolsa-da? jeza gutulgysyz hem gorkunç bolar.BG 511.5

    “Çunki Öz işini,täsin işini,
    amalyny, geň amalyny ýerine ýetirmek üçin,
    Perazim dagynda edişi ýaly aýaga galar Reb,
    BG 511.6

    Gibgon jülgesindäki ýaly gazaba müner” (28:21). Biziň rehimdar Hudaýymyz üçin jeza - bu “adaty bolmadyk” işdir. uÖz barlygymdan ant içýärin. Muny Taňry Reb diýýär. Men erbet adamyň ölümini islemeýärin” (Ezekiýel 33:11). Reb: BG 511.7

    “Rehimli we merhemetli Hudaýdyryn.
    Men giňgöwünli,
    Tükeniksiz söýgüden doly we wepalydyryn.
    Etmişi, ýazygy we günäni bagyşlaýaryn
    Yöne günälini jezasyz hem goýmaýaryn”
    BG 511.8

    (Müsürden çykyş 34:67: Nahum 1:3 - başga terjime:

    “Ol Öz adalatynda rehimsiz bolar we depgilenen Kanunynyň abraýyny galdyrar). Günäkäre garaşýan jezanyň berkligini Rebbiň adalata höwessiz ýüz tutýandygyndan bilmek bolar. Hudaýyň uzak sabyr edýän we ýok etmeýän halky, Hudaýyň nazarynda öz kanunsyzlyklarynyň ölçegini doldurýança, ahyrsoňunda rehim garylmadyk gazap käsesinden içer.BG 511.9

    Mesih gökdäki mukaddes ýerde Özüniň araçylyk gullugyny tamamlanda, Hudaýyň rehimsiz gazaby “janawara we onuň snratyndaky buta sežde edýänleriň, maňlaýyna ýa eline onuň tagmasyny kabul edenleriň” (Ylham 14:9-10) üstlerinden döküler. Hudaýyň halky doly halas edilmezinden öň dünýäniň başyndan injek hökümler Ysraýyl halas edilmezinden öň Müsüriň üstüne iberilen ýaralardan-da, eýmenç bolar: “Janawaryň tagmasy bolan we onuň suratyndaky buta sežde eden adamlarda erbet hem gaty agyryly ýaralar peýda boldý” “Deňiz öliniň ganyna meňzeş gana döndi, içindäki bütin jandarlar öldi”. “... derýalar, suw bulaklarý‘ gana döndi. Bu betbagtçylyklar eýmenç bolsa-da, Hudaý durşuna adalatlydyr. Hudaýyň perişdesi: “... Hudaý! Sen bu hökümleriňde adylsyň. Çünki Sen şeýle höküm çykardyň. Çünki olar mukaddesleriň hem pygamberleriň ganyny dökdüler. Sen-de olara içmäge gan berdiň. Olaryň almyty budy” (Ylham 16:2-6) diýip gygyrdy. Hudaýyň halkyny ölüme höküm etmek bilen edil eli bilen eden ýaly, olaryň ganyny dökmekde günäkär boldular. Isa-da, edil şunuň ýaly edip, Öz döwründäki ýehudylary Habylyň günlerinden başlap, mukaddes adamlaryň hemmesiniň ganyny dökmekde aýyplady, sebäbi olaram şol ruhdan doly bolup, pygamberleri öldürenler ýaly hereket etmäge çalyşdylar.BG 511.10

    Indiki ýara güne “Güne ynsanlary ot bilen ýakyp-gowurma güýji berildi. Ynsanlar güýçli gyzgyn bilen gowruldylar” (8-9 aýat). Adamlaryň şol aýylganç wagtdaky ýagdaýyny pygamber şeýle suratlandyrýar:BG 512.1

    Meýdanlar boşady, toprak aglaýar,...çünki weýran boldy onuň gallasy. meýdandaky baglaryň gurady bary... gutardy şol sebäpden ynsan şatlygy” “Tohumlar çüýredi kesek astynda, ... Mal-gara neneňsi zarym yňranýar! sygyr sürüleri yranyp barýar, çünki olar üçin ýokdur ýaýlalar; ...çünki gurap galdy suw akarlary, ot hem ýalmap ýuwutdy gök ýaýlalarý” (Ýowel 1:10:12, 17-20).BG 512.2

    “Şol gün köşk aýdymlary ahy-nala öwrüler. Ähli ýer taşlanan jesetlerden dolar. Ümsüm boluň!» Muny Taňry Reb aýdýandyr” (Amos 8:3).BG 512.3

    Emma bu ýaralar hemmeleri berbat etmez, ýogsam, ýeriň ýaşaýjylary doly gyrlardy. Bu ölümli adamlara garaşýan jezalaryň iň erbedi bolar. Zamananyň ahyryna çenli adamlaryň başlaryndan inen hökümleriň hemmesi rehimdarlyk bilen garyşdyrylypdy. Mesihiň Gany Hudaýa ýalbaryp, günäkäre günäsi üçin doly almytyny bermän rehim etmegini soraýar, ýöne gutarnykly sudda Hudaýyň rehimdarlyk bilen garyşdyrylmadyk gazaby döküler.BG 512.4

    Şol günde köpler özleriniň şeýle uzak wagtlap inkär eden zadynda, Hudaýyň rehimdarlygynda gaçybatalga tapmak islärler.BG 512.5

    Şeýle günler geler, Men ýurda açlyk ibererin. Muny Taňry Reb diýýär, emma bu çörek bilen suwuň gytlyg)’ däl-de, Rebbiň sözlerini eşitmek küýsegi bolar. Rebbiň sözüni agtaryp, ynsanlar deňizden-deňze, demirgazykdan gündogara entärler. Olar ol ýerden bu ýere ylgaşarlar, emma ony tapyp bilmezler” (Amos 8:11-12).BG 512.6

    Hudaýyň halky-da, görgülerden gaça durup bilmez, ýöne yzarlamalary we azarlary çekseler-de, mahrum bolmalar bilen açlygy görseler-de, ölüm üçin galdyrylmaz. Ylýasyň aladasyny eden Hudaý Özüniň özüni pida edýän ýekeje çagasynyň deňindenem geçip gitmez. Çagalarynyň kellesindäki saçlaryny sanan Reb olaryň aladasynam edýär, şonuň üçin açlyk döwrüniň bütin dowamynda olar dok bolarlar. Hudaýsyzlara açlykdan hem ýaralardan ölme howpy abananda, dogry adamlary perişdeler gorar we olaryň mätäçlikleriniň aladasyny eder. Dogurlykda gezýän adama şeýle wada berlendir:BG 513.1

    ” ...çörekleri berler, teşne galdyrylmazlar ”
    “Garyplar, mätäçler suw agtarýarlar, ýöne suw ýok;
    teşnelikden kepeýär agyzlary,
    Men—Reb olara jogap bererin,
    Ysraýylyri Hudaýy Men olary terk etmerin”
    BG 513.2

    (Işaýa 33:16; 41:17).

    Injir agajy güllemese-de, Üzüm agaçlary miwe getirmese-de, Zeýtun agaçlary hasyl bermese-de, Ekin meýdanlary hasyl öndürmese-de, Dowar agyllary boş galyp, Ýataklar mal-garasyz bolsa-daf Men Rebde şatlanaryn, Halasgärimde ýüregim joşar” (Habakuk 3:17-18).BG 513.3

    Seniňsakçyň Rebdir, seniňsagyňdaky kölegäň Rebdir. Seni gündizine Gün, gijesine Aý urmaz. Reb seni, seniň janyňy ähli ýamanlykdan saklar “Ol seni awçynyň duzagyndan we heläkçilikli mergiden halas eder. Çünki ol perleri bilen seni örter, sen Onuň ganatlarynyň aşagywa sygynarsyň; Onuň hakykaty galkan we sowutdyr. Ne gijäniň howpundan, ne gündiz uçýan okdan; Ne garaňkyda gezýän mergiden, ne-de öýlän heläk edýän gyrgyndan gorkarsyň. Gapdalyňda müň adam, sagyňda on müň adam ýykylar welin, ölüm saňa ýakynlaşmaz. Sen diňe gözleriň bilen gözlärsiň we erbetleriň jezalandyrylyşyny görersiň. Çünki sen:“Reb meniň penamdyr” diýdiň, hemmeden beýik Bolany özüňe mesgen edindiň. Ýamanlyk ýüzüni görmersiň we mergi seniň çadyryňa ýakynlaşmaz ‘ (Zebur 121:5-7; 91:3-10).BG 513.4

    Adam nukdaýnazaryndan Hudaýyň çagalary öňki görgi görenleriň edişleri ýaly, tizara öz şaýatlygyny gany bilen möhürlejek ýaly bolup görner. Olaryň özlerem, Reb özlerini duşmanlaryň ygtyýaryna berendir öýdüp howatyrlanyp başlarlar. Bu örän lapykeçlik döwri bolar. Olar gije - gündiz Hudaýdan halas etmegini sorap gygyrarlar. Kanunsyzlar heşelle kakyp, ýaňsy bilen: “Indi siziň imanyňyz nirede? Eger siz, dogrudanam, Hudaýyň çagasy bolsaňyz, onda Ol näme üçin sizi biziň elimizeden halas etmeýär?” diýip gygyryşarlar. Yöne garaşýanlar Golgota haçynda ölen Isany hemde ruhanylar bilen ýolbaşçylaryň: “Özgeleri halas etdi, ýöne Özüni halas edip bilmeýär. Ol Ysraýylyň Patyşasy bolsa, goý, häzir haçdan aşak insin, biz-de Oňa iman edeli” (Matta 27:42) diýen ýaňsyly seslerini ýada salarlar. Ýakup kimin, olaryň hemmesi Hudaý bilen göreşerler. Olaryň ýüzlerinde içki dartgynly göreş görünýär. Hemmesiniň ýüzleri solgun. Şeýle-de bolsa, olar çyn ýürekden doga etmesini dowam etdirýärler.BG 513.5

    Eger adamlarda ruhy gözleri bolan bolsa, onda Mesihiň sabyrlylyk sözüni saklaýanlary kuwwatly perişdeleri goraýandygyny görerdiler. Perişdeler mähir hem rehimlilik bilen olaryň görgülerini synlaýarlar, dogalaryny eşidýärler. Perişdeler olary halas etmek üçin özleriniň Hökümdarynyň sözlerine garaşýarlar. Yöne ýene birazrak garaşmak gerek. Şeýle-de bolsa, saýlanylanlaryň hatyrasyna jepa döwri gysgaldylýar. “Hudaý gijegündiz Özüne ýüz lutup, perýat edýrin saýlananlarynyň hakyny almazmy? Ölaryň hakyny almagy gijikdirermi? Size diýýärin: haklaryny tiz alar. Emma Ynsan Ogly gelende ýeriň ýüzünden iman taparmyT (Luka 187-8). Zaamanaň soňy adamlaryň garaşyşyndan tizräk geler. Bugdaýlar Hudaýyň ammary üçin desselener, haşal otlar bolsa, ýakylmak üçin.BG 514.1

    Gögüň öz borjuna wepaly bolan garawullary oýa bolmagyny dowam etdirýärler. Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý edýänleriň hemmesiniň ölüme berilmeli wagty perman bilen eýýäm bellenilen bolsa-da, duşmanlary muny irräk etmäge çalyşýarlar. Emma her bir wepaly jany goraýan garawullaryň kuwwatly hatarlarynyň arasyndan hiç kim geçip bilmez. Şäherlerden we obalardan gaçan wagtlarynda, käbirleriniň üstlerine çozarlar, ýöne olaryň üstüne göterilen gylyçlar saman kimin döwlüp düşerler-de, döwler. Başgalary bolsa, esgerler görnüşindäki perişdeler tarapyndan goralarlar.BG 514.2

    Hudaý ähli asyrlarda Öz halkyny goramak hem halas etmek üçin mukaddes perişdeleriň üsti bilen hereket etdi. Olar ýyldyrym kimin öwşün atyp duran lybaslarda göründiler, olar adaty syýahatçylaryň keşbinde geldiler. Olar Hudaýyň hyzmatkärleriniň ýanlaryna adamlaryň sypatynda göründiler. Olar edil ýoldan ýadap gelen ýaly, günortanlaryna kölegeli agaçlaryň kölegesinde dynç aldylar. Olar adamlaryň myhmansöýerliginden peýdalandylar. Olar gije ýolda azaşan jahankeşdelere ýol görkezdiler. Olar gurbanlyk sypasynyň oduny öz elleri bilen ýakdylar. Olar türmäniň gapylaryny açyp, Hudaýyň hyzmatkärleri azatlyga alyp çykdylar. Gögüň geýmini geýnip, olar Halasgäriň gabrynyň agzyndan daşy togalap aýyrmak üçin indiler.BG 514.3

    Perişdeler köplenç adamlaryň keşbinde dogrulaiyň ýygnagynda bolýarlar, şeýle hem, birwagtlar Sodoma ýaşaýjylarynyň işlerini ýazmak we Hudaýyň sabrynyň çäklerinden geçen geçmänini çözmek üçin baryşlary ýaly, hudaýsyzlaryňam üýşmeleňlerine barýarlar. Reb rehim etmegi gowy görýär, şonuň üçin Özüne çyn ýürekden wepaly bolan az sanly adamlaryň hatyrasyna 01 jezany uzaga çekdirýär we köp sanly adamlaryň rahatlygyny uzaldýar. Hudaýa garşy baş galdyrýanlar durmuşy üçin Hudaýyň az sanly wepaly çagalaryna, ýagny özleriniň üstlerinden gülmegi we azar bermegi gowy görýän Hudaýyň çagalaryna borçludyklaryna azajyk akyl ýetirýärler.BG 514.4

    Dünýäniň hökümdarlary oýuna—pikirine getirmeýän bolsalar-da, olaryň maslahatlarynda perişdeler çykyş edýärler. Adamlar olara seredýärler, çykyşlaryny diňleýärler, tekliplerini ýaňsylaýarlar. Adamlar olara dil ýetirýärler we olary kemsidýärler. Maslahatlar zallarynda we sud edaralarynda gögüň habarçylaiy adam taryhyny çuňdan bilýändiklerini görkezýärler. Olar iň zehinli we dilewar aklawçylardan-da, ussatlyk bilen ezilenleri goraýandyklaryny subut edýärler. Olar Hudaýyň işini saklap biläýjek we Onuň halkyna ejir berip biläýjek mekir pirimleri kül - owram edýärler. Howp hem betbagtçylyk wagtynda, “Rebbiň perişdesi Ondan gorkýanlaryň daşynda düşelge gurýandyr, olary halas edýändir” (Zebur 33:7).BG 515.1

    Hudaýyň halky umyt bilen öz Patyşasynyň gelmeginiň alamatlaryna garaşýar. Garawullardan: “daň atara näçe wagt bar?” diýip soranlarynda, olar ikirjiňlenmän: “Daň aiyp barýar, ýöne entek gije” (Işaýa 21:11-12) diýerler. Ýagtylyk dag başyndaky bulutlaryň arasyndan şöhle saçýar. Tizara Onuň şöhraty açylar-da, Dogrulyk Güni dogar. Dogrular üçin ebedi günüň başlangyjy bolan daňdan, hudaýsyzlar üçin ebedi gije bolan garaňkylyk ýakynlaşdy.BG 515.2

    Hudaýyň çagalary doga edip, Hudaý bilen göreşmegini dowam etdirende, olardan gizlenilýän göze görünmez zatlar açylar. Gökler ebedi günüň şapagynyň ýalkymy bilen ýalpyldar. Şonda olar perişdeleriň horunyň: “Bar zadyňyzy berk tutuň. Kömek ýakynlaşyp gelýär” diýen sözlerine meňzeş sesi eşiderler. Mesih - Gudratygüýçli Ýeňiji - Özüniň görgüler gören esgerleri üçin ölmez şöhratyň täjini taýýarlady. Olar açyk derwezelerden Onuň: “Ine, Men siziň bilen. Gorkmaň, Men siziň çeken jepalaryňyzyň baryny bilýän. Men siziň hasratlaryňyzyň hemmesini çekdim. Siz Meniň göreşýän duşmanlaryma garşy göreşýärsiňiz. Men siziň hatyraňyza göreşdim, şonuň üçin siz Meniň hatyrama ýeňijilerdende artykmaçsyňyz” diýen sesini eşiderler.BG 515.3

    Gymmatly Halasgärimiz iň gerek wagtynda, biziň ýanymyza geler. Göge barýan ýoly Onuňdabanlary mukaddes etdi. Biziň tenimizi deşi—deşim edýän tikenler Ony ýaralady. Biziň götermeklige çagyrylan haçymyzy ilki Ol göterdi. Jany göklerdäki asudalyga taýýarlamak üçin Reb çaknyşyklaryň bolmagyna ýol berdi. Jepalar döwri - bu Hudaýyň halky üçin juda gorkunç synagdyr, ýöne bu wagtda hakyky mesihi öziini gurşap alan wadalar älemgoşaryny iman bilen görmek üçin ýokary seretmelidir.BG 515.4

    Rebbiň azat edenleri yza dolanarlar, aýdym aýdyp, Siýona gelerler, başlarynda ebedi şatlyk bolar, begenç hem şatlyk taparlar olar, gamgussa hem nala ýok bolar.BG 515.5

    «Size göwünlik berýän Mendirin, näme üçin ölümli ynsandan, ot kimin solýan adam oglundan gorkýarsyňyz?BG 515.6

    Sizi ýaradan...BG 516.1

    Rebbi unutdyňyz.BG 516.2

    Sizi ýok etmek niýetinde bolan zulumkäriň gazabyndan uzakly gün gorkýarsyňyz.BG 516.3

    Hany, zulumkäriň gazaby nirede?BG 516.4

    Ýesirler basym azat ediler, ölmez, gabra inmez olar, çörekleri kemlik etmez.BG 516.5

    Tolkunlary uwlasyn diýip, deňzi çaýkaýan Hudaýyňyz Reb Mendirin”.BG 516.6

    Onuň ady Hökmürowan Rebdir.BG 516.7

    «Sözlerimi agzyňa saldym, seni elimiň kölegesinde gizledim” (Işaýa 51:11-16).BG 516.8

    “Munuň üçin, eý, azap çeken, çakyrsyz serhoş bolan halk, muny eşit!BG 516.9

    Taňry Rebbiňiz, Öz halkyny goraýan Hudaýyňyz şeýle diýýär:BG 516.10

    «Ine, Men serhoş edýän käsäni eliňden aldym, Meniň gazap käsämden mundan beýläk içmersiň.BG 516.11

    Bu käsäni sütemkärleriňiň eline bererin, Olar saňa:BG 516.12

    “Üstüňden geçerimiz ýaly, ýerde ýüzin ýat” diýdi.
    Senem olar geçer ýaly
    ýer kimin, ýol kimin etdiň arkaňy
    BG 516.13

    (Işaýa 51:21-23).

    Ýerdäki hökümdarlyklar Hudaýyň halkyna garşy aýaga galanda, asyrlaryň içinden geçýän Hudaýyň gözleri Öz halkynyň wagtynyň ýakynlaşýandygyny gördi. Yalňyş kowlanlar kimin, olar açlykdan hem zorlukdan ölmekden gorkarlar. Emma Gyzyl deňzi ysraýyllylaryň öňlerinde ikä bölen Mukaddes Öz kuwwatyny görkezip, olary halas eder. “Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Meniň bellän günüm olar Meniňki bolar. Olar Meniň gymmatly halkym bolar. Atasynyň özüne hyzmat eden ogluna haýpy gelşi ýaly, Meniň hem olara haýpym geler” (Malaky 3:17). Eger şol wagtda Mesihiň wepaly şaýatlarynyň gany dökülse, onda ol görgi görüp ölenleriň tohumy Hudaýyň hasyl ýygymy üçin miwe getiren gany kimin bolmazdy. Olaryň wepalylygy başgalary hakykata ynandyrjak şaýatlyk bolmazdy, sebäbi rehimdarlyk tolkunlary gatan ýürege baryp urlardy-da, gaýdyp yzyna öwrülmezdi. Eger indi dogry adamlar öz duşmanlarynyň oljasy bolan bolsa, bu garaňkylygyň patyşasyna uly şatlyk getirerdi. Mezmurçy: “Çünki ýaman günde Ol meni penasynda gorar, çadyrynyň gizlin ýerinde saklar; meni bir gaýanyň üstüne galdyrar” (Zebur 27:5) diýýär. Mesih:BG 516.14

    “Geliň, eý, halkym,
    otaglaryňyza giriň-de,
    içinden ýapyň gapylary!
    Gazap geçýänçä,
    az salym gizleniň.
    Çünki Reb dünýäniň ähli ilatyna
    etmişleri üçin jeza bermäge
    Öz mekanyndan çykyp gelýär;
    ýer üstüne dökülen gany äşgär eder,
    öldürilenlerini ýaşyrmaz indi”
    BG 516.15

    (Işaýa 26:20-21).

    Rebbiň gelerine sabyrlylyk bilen garaşanlaryň, atlary ýaşaýyş kitabynda ýazylanlaryň, halas edilişi diýseň şöhratly bolar.BG 516.16

    Larger font
    Smaller font
    Copy
    Print
    Contents