Loading...
Larger font
Smaller font
Copy
Print
Contents
Beýik Göreş - Contents
  • Results
  • Related
  • Featured
No results found for: "".
  • Weighted Relevancy
  • Content Sequence
  • Relevancy
  • Earliest First
  • Latest First
    Larger font
    Smaller font
    Copy
    Print
    Contents

    12—Nji Bap.
    Fransiýadaky Reformasiýa

    Şpeýerdäki garşydaşlykdan we Germaniýadaky Reformasiýanyň baýdagyny galdyran Augsburgdaky wagyzlardan soň, göreş hem garaňkylyk ýyllary geldi. öz tarapdarlarynyň arasyndaky dawa - jenjeller sebäpli, gowşan hem güýçli duşmanlarynyň üznüksiz hüjümlerine duçar bolan protestantizm soňky günlerinde ýaşaýan ýaly bolup göründi. Müňlerçe adamlar hakykata bolan wepalylygyny ganlary bilen möhürlediler. Raýatlyk urşy turdy. Protestant hereketi öz ýolbaşçy larynyň biriniň eline berildi. Meşhur protestant knýazlar imperatoryň eline düşdüler, şonuň üçin olary ýesirler kimin, bir şäherden beýlekisine kowdular. Yöne dabaraly ýeňiş ýaly bolup görnen pursatda imperator ýeňildi. Ol eline düşen oljany saklap bilmejegini gördi. Şol sebäpdenem, ahyrsoňy ýok etmesi dunnuşy maksadyna öwrülen taglymatyna diňe çydam edýändigini yglan etmäge mejbur boldy. Ol imperiýasyny höwes bilen garyp düşürdu gaznany boşatdy we ýeresi köki - damary bilen ýok etmek üçin janyna töwekgelçilik etdi.BG 172.1

    Indi ol öz goşunynyň gandöküşikli uruşlarda derbi - dagyn edilenini, serişdeleriniň sowrulanyny, gol astyndaky ýerleriň köpüsinde gozgalaňlaryň turma howpunyň abanýandygyny, emma bogjak bolup biderek hereket eden imanynyň gitdigiçe giň ýaýraýandygyny gördi. Karl V gudratygüýçli güýç bilen göreşdi. Hudaý: “Goý, nur bolsun” diýdi, emma imperator garaňkylygyň dargamagyny ielemedi. Onuň planlary çym - pytrak boldy; wagtyndan öň garrap, uzaga çeken göreşler sebäpli ejir baryny gören imperator tagtdan el çekip, ömrüni monastyrda tamamlady.BG 172.2

    Germaniýada bolşy ýaly, Şweýsariýada-da, Reformasiýa üçin garaňky günler geldi. Köp kantonlar reformatorçylyk imanyny Kabul edende, beýlekileri köre — körlük bilen Rime ynanmagyny dowam etdirdi. Hakykaty saklamak islänleri yzarlamalaryň soňy raýatlyk urşuna ýazdy. Swingli bilen onuň köp tarapdarlary Kappeliň eteginde bolan gandöküşikli söweşde wepat boldular. Bu gorkunç betbagtçylyklar zerarly gaty tolgunan Ekolampadius tizara öldi. Rim muňa juda begendi. Köp welaýatlarda ol öňki ýitiren täsirini dikelden ýaly bolup göründi. Yöne planlary ebedi bolan Reb Özüni hem Öz halkyny ýadyndan çykarmady. Onuň eli gutulyş taýýarlady. Başga ýurtlarda Ol Reformasiýa işini dowam edip bilen adamlary ruhlandyrdy.BG 172.3

    Fransiýada daň şapagy ol ýerde Lýuter hakda eşitmänkäler atyp başlapdy. Nury kabul eden ilkinji adamlaryň biri-de, goja Lefewr bolupdy. Bu giň gözýetimli adam öz garaýyşlary boýunça papaçylygyň hakyky hem janköýer tarapdarydy. O1 gadymy edebiýaty öwrenme bilen meşgullananda, Mukaddes Kitabada üns berýär we ony öwrenme dersi hökmünde talyplaryň arasynda öwredýär.BG 173.1

    Lefewr mukaddesleri ýüregi bilen sylaýan adam bolupdyr, şol sebäplem, ybadathana rowaýatlarynyň esasynda mukaddesleriň we ynamy üçin görgi göriip ölenleriň taryhyny ýazma kararyna gelýär. Bu beýik iş eýýäm ep - esli öňe süýşenden soň, ol Mukaddes Kitabyň uly jedel döretmeginiň mümkindigini bilip, ony öwrenip başlaýar. Bu Kitaba ol mukaddesleriň durmuş beýanyny, dogrudanam, tapdy, ýöne ondaky mukaddesler rim kalendarynda berlen mukaddeslerdäki mukaddesler däldi. Hudaýyň nurunyň akymlary onuň aňyny ýagtyltdy. Onuň bu zatlara akly haýran bolup, öz - özüne ýigrenç duýýar-da, özüniň öňki maksadyndan ýüz öwrüp, ömrüni Hudaýyň Sözüni öwrenmeklige bagyş edýär. Tizara ol özüne açylan gymmatly hakykatlary wagyz edip başlaýar.BG 173.2

    1512 - nji ýylda, Lýuteriň we Swingliniň reformasiýa işinden öň, Lefewr: “Hudaý bizi iman arkaly aklaýar; ýöne biziň merhemet bilen alan dogrulygymyz bizi ebedi ýaşaýyş üçin aklaýar” diýip ýazýar. 01 gutulyşyň syrlary hakda pikirlenende: “O, hakykatyň beýikligi beýan edip boljak zat däldir: Günäsiz höküm edilen. günäkär aklanylan; merhemet Tapan näleti göterýär, näletlenilen ak patany göterýär; Ýaşaýyş ölýär, öli direlýýär; Şöhrat garaňkylyga batýar, masgaraianan bolsa, şöhrata beslenýär” diýip ýüzlenýär.BG 173.3

    Ol gutulyş şöhratynyň diňe Hudaýa degişlidigini öwredýän bolsa-da, ol şu ýerde Ýaradana gulak asmagyň adamyň borjudygyny aýdýar. Ol: “Eger sen Mesihiň Ýygnagynyň agzasy bolsaň, onda Onuň teniniň bir bölegisiň; eger Onuň teniniň bir bölegi bolsaň. özüňde Hudaýyň tebigatynyň dolulygyny göterýänsiň. Wah, eger adamlar düşünseler, onda olar munuň artykmaçlykdygyna düşünerdiler! Olaryň durmuşy näderejde arassa, paýhasly we beýik bolardy; olar özleriniň içindäki göz bilen görüp bolmaýan şöhrat bilen deňeşdireniňde, hiç zat bolup galýan bu dünýäniň bar şöhradyndan nähili ýigrenç bilen ýüz öwrerdiler”.BG 173.4

    Lefewriň talyplarynyň içinde oňa beýik gyzyklanma bilen üns berenleri-de tapyldy. Olar özleriniň mugallymynyň sesi ömürlik dymandan soňam, uzak ýyllaryň dowamynda hakykaty wagyz etdiler. Şonuň ýaly habarçylaryň arasynda Uilýam Farel hem bardy. Takwa ene—atanyň ogly bolandygy we Ybadathananyň ähli taglymatlaryny köre - körlük bilen kabul edendigi sebäpli, ol resul Pawlus bilen bilelikde: “Men dinimiziň iň berk mezhebi boýunça fariseý bolup ýaşadym” (Resullaryň işleri 26:5) diýdi. Janköýer katolik bolan Farel Ybadathana garşy çykmaga het edip bilen her bir adamy ýok etme islegi bilenalawlaýardy.uKimdirbiriniňpapa garşy çykýandygyny eşidenim, edil wagşy möjek ýaly, dişimi gyjaýardym” diýip, ol öz durmuşyny ýatlanda, gürrüň berýär. Ol mukaddesleri gowy görmesinde ganmazakdy, şonuň üçin Lefewr bilen bilelikde, Parižiň ähli ybadathanalaryny aýlanyp, gapylaryň ýanynda doga edip we mukaddes gabyrlara sadakalar goýmakdan ýadamady. Emma bu zatlaryň hijisem, onuň kalbyna rahatlyk getirmedi. Hatda köp sanly ybadatbana däplerini ýerine ýetirenden soňam, günälilik duýgusy onda ýitileşdi. Gökden gelen ses kimin bolup, reformatoryň: uGutulyş mehmemet boýunça alynýar. Bigünä höküm edilen, jenaýatçy aklanylan. Diňe Mesihiň haçy gögüň gapylaryny açýar we dowzahyň gapylaryny ýapýar” diýen sözleri onuň gulagyna baryp ýetdi.BG 173.5

    Farel hakykaty höwes bilen kabul etdi. Imana gelenden soň, Pawlus kimin, ol hem däp—dessurlar ýüküni taşlap, Hudaýyň çagalarynyň azatlygyny aldy. “Wagşy möjegiň ganan suwsan ýüreginiň deregine, oňa näzik hem kiçigöwünli guzynyň ýüregi berildi. Ol papadan doly ýüz öwrüp, özüni durky bilen Isa Mesihe bagyş etdi”.BG 174.1

    Lefewr talyplaryň arasynda hakykat nuruny ýaýratmagyny dowam etdirip ýörkä, Mesihiň işiniň gullukçysyna öwrülen Farel ozalky papa gulluk edendäkisi ýaly yhlas bilen hakykaty köpçüligiň öňünde wagyz edip başlady. Tizara oňa katolik Ybadathanasynyň ýokary derejeli iýerarhlarynyň biri bolan Mes şäheriniň ýepiskopy hem goşuldy. Özleriniň sadakalarynyň hem alymlygynyň arkasyndan uly hormatdan peýdalanyp ýören beýleki mugallymlaram peýda boldy. Olar hemişe Injili wagyz etdiler, şol sebäplem, Injil tiz wagtyň içinde dürli adamlaryň - ussalardan we daýhanlardan başlap, täç geýen adamlara çenli adamlaryň-ýüreklerini özüne ýesir etdi. Şol wagtlarda patyşalyk edip ýören Fransiska I aýal dogany reformatorçylyk imanyny kabul etdi. Korolyň özi bilen ejesi hem, belli bir wagtda täze imana mähirli garadylar, şonuň üçinem, tutuş Fransiýa ýakyn geljekde Injili kabul etjek ýaly bolup göründi.BG 174.2

    Ýöne olaryň umydyna ýerine ýetmeklik miýesser etmedi. Mesihiň şägirtlerine synaglar hem yzarlanmalar garaşýardy. Ýöne bu Mesihiň merhemeti bilen olardan gizlindi. Olara berlen asuda wagt öňde duran synaglary hem kynçylyklary abraýly garşy almaga güýç toplamak üçin zerurdy. Reformasiýa üstünlikli ýaýrady. Mes şäheriniň ýepiskopy dini şahsyýetleri bolşy ýaly, halkyda, hakykat nury bilen ýagtylandyryp, öz ýeparhiýasynda zähmet çekýärdi. Nadan hem gänäkär ruhanylary aýryp, olary billimli hem takwa adamlar bilen çalyşdylar. Ýepiskop Hudaýyň Sözüniň halka düşnükli bolmagyny diýseň isleýärdi. Onuň bu islegi uzaga çekmän amala aşdy. Lefewr Täze Ähtiň terjimesine başlady. Lýuteriň nemes dilindäki Mukaddes Kitaby Wittenbergde peýda bolan wagynda, Mes şäherinde hem, fransuz dilindäki Täze Äht çap bolup çykdy. Yepiskop öz ýygnagyna gelýän adamlaryň aradynda Täze Ähti ýaýradanda, hiç kimden hyzmatam, serişde-de almak islemedi, şol sebäpdenem, onuň sebitlerindäki daýdanlaryň hemmesi Täze Ähti aldylar.BG 174.3

    Suwsuzlykdan ölüp barýan ýolagçylaryň dirilik suwuna tarap okdurylyşy ýaly, bu janlar gögüň habaryny kabul etdiler. Adamlar atyzlarda ýa-da ussahanalarda işlänlerinde, Mukaddes Yazgynyň gymmatly hakykatlary hakda gürrüň etdiler. Indi gijelerine olar meýhanalara we humar oýnalýan ýerlere gitmän. doga edip hem Rebbi şöhratlandyryp, Hudaýyň Sözüni öwrenmek üçin kimdir biriniň öýünde ýygnanyşýardylar. Bu toparlardaky uly üýtgeşmeler derrew göze ilip başlady. Iň pes gatlakdan bolup, agyr zähmete uýgunlaşan ýönekeý, sowatsyz zähmetkeşler Hudaýyň merhemetiniň güýji bilen has-da päk ahlakly hem ruhlandyrylan adamlar boldular. Pes göwünli, söýýän, takwa bolan bu adamlar Injili çyn ýürekden kabul edenlerde Injiliň nähili zatlary amala aşyryp biljekdiginiň diri mysaly boldular.BG 175.1

    Mes şäherinde ýakylan çyra uzaklara ýaýrady. Gün geçdigiçe, imana gelenleriň sany artdy. Iýerarhiýanyň gazabyny monahlaryň çäkliligine we fanatizmine ýigrenç bilen sereden korol saklady, ýöne ahyrsoňunda papaçylar ýeňiş gazandylar. Otlaryň ýalynlary asmana galdy. Mes şäheriniň ýepiskopy ot bilen ýüz öwürmäniň arasynda saýlaw etmäge mejbur bolanda, ýüz öwürmäni saýlady, emma öz ruhy çopanynyň imandan dänenine garamazdan, süri mizemezligine galdy. Köpler oduň ýalny içinde özleriniň hakykata wepalylygyna şaýatlyk etdiler. Bu sada mesihileriň höküm pursatynda görkezen batyrlygy we hakykata wepalylygy parahatçylykly ýagdaýda aýdylan her bir wagyz sözünden has gaty sesli hem ynandyryjy wagyz boldy.BG 175.2

    Görgüleriň hem üstünden gülmeleriň içinde diňe bir ýönekeý hem garyp adamlar Mesihe şaýatlyk etmedi. Ajaýyp galalaryň içinde-de hakykaty öz baýlygyndan, derejesinden, hatda janyndanam, gymmatly gören beýik wezipelli adamlaram tapyldy. Korolyň ýokary derejedäki adamlary mantiýadan we mitradan has beýik hem berk bolan ruhy gizlediler. Lui de Berken meşhur maşgaladan gelip çykandy. Batyr hem sypaýy pälwan ylym bilen gyzyklanýardy, özüniňem, häsiýeti juda edepli bolandygy sebäpli, beýik ahlaklylygy bilen tapawutlanýardy. Bir ýazyjy: “Ol papaçylygy ň ýany p duran tarapdarydy, yhlas bilen messalara gatnaşardy, höwes bilen wagyzlary diňlärdi. Onuň gowy gylyklary lýuteriançylyga degişli bolan zatlaryň hemmesine bolan ýigrenç bilen utgaşdy” diýip ýazýar. Yöne başga-da, köp adamlar ýaly, Mukaddes Kitap bilen tanyşandan soň, Hudaýyň gudratynyň aýratyn aladasynyň kömegi arkaly ol “Mukaddes Kitapda Rimiň däl-de, Lýuteriň taglymatlaryny tapdy”. Bu onuň özünem juda haýran galdyrdy. Şol pursatdan başlap, ol öziini durky bilen Hoş Habaryň işine bagyş etdi.BG 175.3

    “Fransiýanyň meşhur adamlaryndan bolan iň bilimli adam”, tanymal orator, gaýduwsyz, joşgunly, köşkde sözi ýöreýän, korolyň gowy görýän adamy bolan Berkeni köpler öz watanynyň iň abraýly reformatory bolmaga çagyrylan adam hasaplaýardylar. Ol hakda Beza: “Eger Dransiska I-de ikinji kurfýursty tapan bolsa, onda Berken ikinji Lýuter bolardy” diýip ýazýar. Milletparazlar: “O1 Lýuterden has beter” diýip naladylar. Hemmeden beter ondan Rimiň Fransiýadaky tarapdarlary gorkýardylar. Berkeni ýeresde aýyplap, tiirmä saldylar, emma korol ony azatlyga çykardy. Bu göreş ýyllar boýy dowam etdi. Fransisk Rim bilen Reformasiýanyň arasynda yraň atdy, şol sebäplem, kä monahlaryň gazaply janköýerligine ýol berdi, käte ony saklady. Papaçylar Berkeni üç gezek tiirmä saldylar, ýöne korol her gezegem ony boşatdy. Berkeniň akyldarlygynyň we takwalygynyň ýesiri bolan korol ony azaşan dini ýolbaşçylara gurban bermek islemedi.BG 176.1

    Berkene Fransiýada öz üstiine howpuň abanýandygyny köp duýdurdylar we meýletin sürgünlikden gaçybatalga tapanlaryň göreldesine eýermegi hygtap - nygtap maslahat berdiler. Gorkak, wagta hem ýagdaýlara görä bolýan Erazma alymlygynyň näderejede şöhle saçýandygyna garamazdan, ahlak beýiklik ýetmezçilik edýärdi. 01 hakykaty öz janyny hem abraýyny tölemek bilen goramak üçin Berkene: “Seni haýsydyr bir Ýewropa döwletine ilçi edip goýbermeklerini haýyş et ýada Germaniýa syýahata ugra. Sen Bezi we oňa meňzeşleri taýanarsyň. O1 agzyndan zäher seçip duran müňkelleli aždarhadyr. Seniň duşmanlaryň ady - legion. Hatda seniň işiň Isa Mesihiň işinden-de, takwa bolsa-da, olar seni ýok edýänçäler köşeşmezler. Korolyň howandarlygyna gaty bir ynanybam durma. Islendik ýagdaýda-da, meni ylahyýet fakultetinde biabraý etme” diýip ýazdy.BG 176.2

    Howp güýçlendi, ýöne bu Berkeniň batyrlygyny hem yhlasyny artdyrdy. Erazmyň diplomatik hem egoistik maslahatyny kabul ederden gaty uzakda bolan Berken diňe bir hakykaty goramak üçin däl-de, eýsem, ýalňyşlygy paş etmek üçinem, has batyrgaý hereket etmegi makul bildi. Papaçylaryň özüne garşy öňe süren ýeresde aýyplamasyny Berken papaçylaryň özleriniň başyndan inderdi. Pariž uniwersitetiniň ruhy meseleler boýunça bütin ýurtdaky iň abraýly hasaplanylýan ylahyýet bölüminiň alymlary bilen monahlary Berkeniň iň barlyşyksyz hem ganym duşmanlarydy. Bu ylahyýetçileriň düzmelerinden Berken 12 kadany alyp, köpçüligiň öňünde olary “Mukaddes Kitaba garşy, şol sebäpdenem, ýeretik” diýip yglan etdi hem-de korola ýüzlenip, bu jedelde kazylyk etmegini sorady.BG 176.3

    Göreşýän taraplaryň güýjüni hem akyldarlygyny deňeşdirmek islän we tekepbir hem ulumsy monahlary pesgöwünli etme pursatynyň gelendigine begenen monarh katolikleriň öz goragyny Mukaddes Kitabyň esasynda gurmaklaryny talap etdi. Olar bu ýaragyň özlerine üstünlik getirmejegini bilýärdiler. Olar türme, gynama, ot ýaly serişdelere has gowy erk edýärdiler. Indi olaryň rollary ýerini çalyşdy, şonuň üçin olar özleriniň Berkeni taşlamaga umyt baglan kert gaýasynyň gyrasynda özleriniň durandyklaryny gördüler. Ol doly aljyraňňylyk içinde ýüze çykan ýagdaýdan çykalga gözläp başladylar.BG 177.1

    “Hut şol wagtda şäher köçeleriniň biriniň burçunda duran Merýem Gyzyň heýkeli betnam edilipdi”. Bu şäherlileriň arasynda tolgunyşyk döretdi. Bu wakanyň bolan ýerine gynançly hem gaharly adamlaryň jemagaty akym kimin indi. Korolam, bolan zat sebäpli, çuň kemsindi. Berkeniň duşmanlary üçin gaty gowy pursat geldi, şonuň üçin bu pursatdan peýdalanyp, olar: “Ine, berkeniň taglymatynyň miwesi. Hemme zat dinem, kanunlaram, tagtam - bu lýuteran dildüwşügi sebäpli, tizara agdarylar” diýdiler.BG 177.2

    Şol sebäpdenem, Berken ýene-de tutuldy. Edil şol pursatda korol Parižde däldi, şonuň üçin monahlar hereket etmekde azatlyk aldylar. Reformatory sud edip, oňa ölüm jezasyny berdiler. Fransiska I Berkeni halas etjek bolup goşulmazlygy üçin hökümi haýal etmän ýerine ýetirme kararyna geldiler. Günortan höküm edileni jeza berilýän ýere getirdiler. Ol ýerdäki adamlaryň sany - sajagy ýokdy. Köpler howsala hem haýran galma bilen Fransiýanyň iň gowy hem takwa maşgalalarynyň biriniň wekiliniň papaçylygyň pidasy bolandygyny bellediler. Geň galma, gaharlanma, ýigrenç we ajy duşmançylyk ol ýerdäkileriň ýüzlerini gaýgyly keşbe girizdi. Görgi göreniň pikirleri bu bulagaýlyklardan daşdady. Ol diňe Rebbiň barlygyny duýýardy.BG 177.3

    Breken özüni mündürilip alnyp barylýan arabanyň jygyldysynam, jellatlaryň hyrsyz ýüzlerinem görmeýärdi. 01 özüne garaşýan elhenç öliim hakda asla pikir etmeýärdi. Ölsede, “häzir diri” Bolan, asyrlar boýyda diri Boljak, elinde jennetiň hem dowzahyň açary Bolan Berken bilen biledi. Berkeniň ýüzünde gökleriň nury bilen rahatlygy öwşün atýardy. 01 özüniň beýik gelip çykyşyna laýyklykda ol “mahmal plaş, gyzyl reňkli atlaz kamzol (ýeňsiz gursakça) hem altynsöw reňkli pantalonlydy”. Onuň patyşalaryň hem bütin Älemiň Patyşasynyň öňünde öz imanyna şaýatlyk etmeli sagady gelip ýetdi. Ol wagt ýekeje gynanç kölegesi-de, onuň şatlygyna gynaç gatyp bilmedi.BG 177.4

    Bu topar köp adamly köçeler bilen öňe süýşüp barýardy. Hemmeler Berkeniň howsalasyz, zemini bolmadyk eşretden doly ýüzüne geň galyp seredýärdi. Adamlar: “Ol ybadathanadaky haýsydyr bir mukaddes zat hakda pikir edýän adama meňzeýär” diýýärdiler.BG 178.1

    Sütüne daňylan Berken halka bir—iki agyz söz aýtjak boldy, emma munuň netijesinden gorkan monahlar galmagal turuzdylar, esgerlerem ýaraglaryny şakyrdatdylar welin, görgi gören Berkeniň sesi galmagalyň içinde ýitip gitdi. “Ölüp barýan görgüliniň ölümiň öňünde aýtmaly sözlerini öçüren medeniýetli hasaplanan Parižiň dini ýolbaşçylary 1793-nji ýyldaky fransuz garamaýaklaryna baryp, 1529njy ýylda ýigrenji görelde bolupdylar”.BG 178.2

    Berkeni bogup, jesedinem ýakdylar. Onuň ölümi hakdaky habar Fransiýadaky Reformasiýa janköýerlik edenleriň hemmesinde çuň gynaç döretdi. Emma ol ýöne ýere ölmedi. Hakykatyň şaýatlary: “bizem göreçlerimizi bakyýete dikip, ölümi şatlyk bilen garşy almagataýýardyrys” diýdiler.BG 178.3

    Mes şäherindäki yzarlamalar döwründe, reformatorçylyk imany bolan adamlara wagyz etmeklik gadagan edildi. Şol sebäplem, olar başga ülkelere gitdiler. Birazrak wagt geçenden soň, Lefewr Germaniýa gitdi. Farel hakykatyň nuruny ýaýratmak üçin Fransiýanyň gündogaryndaky öz mähriban şäherine gitdi. Wagtyň geçmegi bilen Mes şäherinde bolan wakalar baradaky myş - myşlar ol ýere-de baryp ýetdi. Şeýdip, Fareliň şeýle gaýduwsyzlyk hem yhlas bilen wagyz edýän hakykaty öz tarapdarlaryny tapdy. Emma tizara häkimiýet başyndakylar ony dymmaga mejbur etjek bolup synanyşdylar, soňam, şäherden kowdular. Aç - açan işlemek mümkin bolmady. Şol sebäpli hem, ol uzak ýerlerde öýden - öýe baryp, obadan - oba gidip, köplenç çagalykda köp gezekler gizlenip gören gowaklarynda hem tokaýlarda pena tapynyp, daýhanlara Ijnili wagyz etdi. O1: “Haç, yzarlamalar we şeýtanyň oýunlary, ýagny özüme duýdurylan zatlar, eýmenç hem öz güýjümden artyk bolup çykdy, ýöne Reb—meniň Ata, maňa güýç berdi. Onuň özümi terk etmejekdigine men ynanýaryn” diýdi.BG 178.4

    Resullaryň günlerinde bolşy ýaly, yzarlamalar “Hoş Habaryfi ýaýramagyma ýarandy” (Filipililer 1:12). Parižden hem Mesden kowlanlar “a ýlanyp, Hudaýyň sözüni yglan etdiler” (Resullaryň işleri 8:4). Şeýle ýol bilen nur Fransiýanyň uzakdaky obalaryna-da aralaşdy.BG 178.5

    Reb gitdigiçe köp adamyň Hoş Habary ýaýratmagynyň aladasyny etmegi dowam etdirdi. Parižiň okuw jaýlarynyü birinde oýlanyşykly hem bir boluşly bir ýigit okaýardy. O1 adatdan daşary hem ýiti akly bilen tapawutlanman, eýsem, içki arassalygy hem dini yhlaslylygy bilenem tapawutlanýardy. Ajaýyp ukyby hem janypkeşligi ony gysga wagtyň içinde kollejiň guwanjyna öwürdi. Şonuň üçin hem, hemmeler Jan Kalwiniň rim Ybadathanasynyň zehinli hem hormatly goragçylarynyň biri boljakdygyna ynanýardylar. Ýöne Hudaýyň nury Kalwini gurşap alan sholastika hem butparazlyk diwarynyň içindenem böwsüp geçdi. Täze taglymatlar ony juda haýran etdi, şol sebäpli hem, ol ýeretikleriň oda mynasypdygyna ýekeje-de şübhelenmeýärdi. Inede, ol düýbünden tötänleýin ýeres bilen ýüzbe - ýüz bolýar-da. protestant taglymaty bilen göreşde rim teologiýasynyň güýjüni synap görmäge biygtyýar mejbur bolýar.BG 178.6

    Kalwiniň Reformasiýanyň tarapdary bolan doganoglany Parižde ýaşaýardy. Doganlar ýygy - ýygydan duşuşyp, ähli mesihileri tolgundyrýan meseleler hakda gürrüň edýärdiler. Protestant Oliwetan: “Dünýäden iki din bar. Dinleriň birini adamlar oýlap tapdylar. Bu dinde adamlar gutulyşy adatlaryň hem gowy işleriň üsti bilen gazanmaga çalyşýarlar. Ikinjisi bolsa, Mukaddes Kitap ynamydyr. Bu ynam adama gutulyşy diňe Hudaýyň merhemetiniň azat sylagy arkaly gözlemegi öwredýär” diýdi.BG 179.1

    Kalwin hem: “Seniň taglymatyňa hiç hili dahylly bolmak islämok. Ýa-dasen men bütin ömrüme ýalňyşýandyryn öýdýärmiň?1’ diýip gygyrdy.BG 179.2

    Kem - kemden öz isleginiň hem erkiniň daşyndan bu ýigidi garaşylmadyk pikirler haýran edip başlady. ol ýeke galanda, öz doganynyň sözleriniň üstünde oýlandy. Özüniň günäliligi baradaky pikir ony terk edip gidibermedi. Ol özüni dogry hem adalatly Kazynyň öňünde Töwellaçysyz gördi. Mukaddesleriň goragçylygy, gowy işler, ybadathananyň däp-dessurlary zatlaryň hemmesi günä töleg bolardan ejiz bolup göründi. Öňde ebedi lapykeçligiň elhençliginden başga zat ýokdy. Ylahyýetçiler onuň hasratyna kömek etjek bolup. biderek ýere jan etdiler. Günäsine toba etme sözleri-de, ybadathana däpleri-de kömek etmedi. Bu zatlaryň hiç birem kalbyny Hudaý bilen ýaraşdyryp bilmedi.BG 179.3

    Şunuň ýaly ruhy göreş ýagdaýynda Kalwin bir gezek meýdançada ýeretigiň ýakylmasynyň şaýady boldy. Ol görgi görüp öleniň ýüzündäki höküm süren rahatlyk bolan keşbe diýseň aňk boldy. Şunuň ýaly elhenç ölümiň penjesindede, Ybadathanadan çykarylan (bu fiziki ölümden-de gorkunçdy) ol adam imanyny hem batyrlygyny saklady. Şol iman bilen batyrlygy ýaş talyp bolan Kelwin özüniň sustupesligi hem çykgynsyzlygy bilen deňeşdirdi. Ýogsam, ol Ybadathananyň taglymatyna jany - teni bilen tabyn bolupdy. Ol bu ýeretikleriň öz imanynda Mukaddes Yazga esaslanýandyklaryny bilýärdi, şoňa görä-de, Yazgynyň syryny açmak üçin Mukaddes Kitaby öwrenmek kararyna geldi.BG 179.4

    Ol Mukaddes Kitapda Mesihi tapdy. Ol: “Eý, Atam, Onuň gurbanlygy Seniň gazabyňy rehime öwürdi; Onuň Gany meniň hapalyklarymy ýuwdy, O1 haça meniň lagnatlarymy alyp gitdi, Onuň ölümi meni halas etdi. Biz öz akylsyzlygymyz içinde gark bolýarys, ýöne Sen fakel kimin edip, meniň elime Öz Sözüňi gowşurdyň hem-de Isanyň işlerinden başga zatlaryň hemmesine ýigrenç duýarym ýaly, meniň ýüregime galtaşdyň” diýip doga etdi.BG 179.5

    Kalwinidiniderejänikabuletmeklige taýýarlap ýördüler. O1 12 ýaşyndaka, kiçiräk ybadathana kapellan edilip bellenildi, ýepiskopam, ybadathana kanunyna laýyklykda onuň saçyny syrdy. Oňa el goýmadylar, şoňa göräde, ol ruhanynyň hiç hili wezipesinem ýerine ýetirmedi, ýöne klirik bolup, şoňa gabat gelýän aýlygam aldy.BG 180.1

    lndi bolsa, hiç haçan ruhany bolma kararyna gelmejekdigine düşüneninden soň, hukuk öwrenmäge başlady, ýöne öz ömrüni Hoş Habara bagyş etme umydy bilen tizara bu niýetindenem el çekdi. Ýöne Hoş Habaryň wagyzçysy işi ony gorkuzýardy. Ol häsiýeti boýunça utanjaňdy, üstesine-de, bu işiň jogapkärçiligine düşünýärdi. Mundan başga-da, ol ylmy derňewlerini dowam etdirmek isleýärdi. Ahyrsoňy, dostlarynyň bir diýenini gaýtalap durmalaryna boýun bolup, ol razylaşdy. Ol: “Geň galaýmaly, beýle pes gelip çykyşy bolan adam beýle beýik hormata mynasyp boldy” diýdi.BG 180.2

    Kalwin öz işine arkaýyn başlady. onuň sözleri-de, ýere düşýän sergin çyga meňzeşdi. Ol Parižden gidip, kiçiräk welaýat şäherinde mekan tutup, Hoş Habara wepaly bolup, onuň şägirtlerine howandarlyk eden şa zenany Margaritanyň goragy astynda boldy. Kalwin ol wagtlarda ýumşak hem salykatly hösniýetli ýigitdi. Başda ol öýden - öýe bardy. Öýündäkileriň hemmesi bilen bilelikde ol Mukaddes Kitaby okaýardy we adamlara gutulyşyň hakykatyny açýardy. Bu habary eşidenler ony başgalara ýetirýärdiler. Şeýdip, täze mugallym köp wagt geçmänkä, şäheriň golaýyndaky obalara gidip ugrady. 01 galalara-da, garyp külbelere-de girmäge ýol tapdy hem-de geljekki ýygnaklaryň düýbüni tutup, gyşarnyksyz öňe gadam urdy.BG 180.3

    Birnäçe aý geçenden soň, ol ýenede Pariže gaýdyp bardy. Alymlaryň arasynda adaty bolmadyk tolgunyşyk bardy. Gadymy dilleri öwrenmeklik adamlary biygtyýar Mukaddes Kitabyň üstünden alyp barypdy. Hatda ýüreklerine onuň hakykatlary täsir etmedik adamlaram, käwagt papaçylar bilen çekeleşige girip, bu soraglary ara alyp maslahatlaşýardylar. Kalwin ylahyýet çekeleşiginde güýçli bolsada, onuň öňünde bu galagopçy alymlara garanda, has beýik missiýany ýerine ýetirmeklik durdy. Adamlaryň aňlary oýanypdy, şol sebäpdenem, bu olary hakykat bilen tanyşdyrmak üçin iň oňaýly pursatdy. Uniwersitetiň zallarynda gyzgyn ylahyýet çekeleşmeleri geçýän wagtynda Kalwin öýden öýe baryp, adamlara Mukaddes Kitaby açyp, olara Haça çüýlenilen Isa Mesih hakda gürrüň berýärdi.BG 180.4

    Parižde Hoş Habaryň ýene bir gezek ýaňlanmagy Hudaýyň akyldarlygyna makul boldy. Lefewr bilen Fareliň çagyryşlary inkär edildi, ýöne bu uly şäheriň her birýaşaýjysy ýene-de habar eşitmelidi. Syýasy garaýyşlar sebäpli, korol Reformasiýa garşy göreşde, entek Rimiň tarapyna geçmändi. Şa zenany Margarita öňküleri ýaly, ýüreginde protestantizmiň dabaralanjakdygy baradaky umydy saklaýardy. Şol sebäbe görä-de, ol Parižde reformatorlyk imany wagyz edilmeli diýen karara berk gelipdi. Korol ýok wagtynda, ol protestant gullukçysyna şäheriň ybadathanalarynda wagyz etmegi buýruk berdi. Binany derrew ýygnagyň esbaplary bilen üýtgetdiler we her gün bu ýerde belli bir wagtda ýygnanyşyklaryň geçiriljekdigi, oňa ähli gatlaklaryň adamlarynyň çagyrylýandygy yglan edildi.BG 181.1

    Adamlaryň ullakan toparlary her gün bu zala geldiler. Olaryň arasynda döwlet işgärleri, ýuristler, täjiler hem ussalar bardy. Köşk ybadathanasyndan başga-da, olar goňşy binalaram eýelediler. Karol bu ýygnaklary gadagan etmäniň deregine, Parižde olary geçirer ýaly, ýene iki sany ýygnak binasyny gurmagy buýruk berdi. Hudaýyň Sözi entek hiç haçanam, adamlaryň ýüreklerine beýle täsir etmändi. Gökdäki ýaşaýyş ruhy adamlary direldýän ýaly boldy. Arakhorluk, azgynçy lyk, duşmançylyk we boş sözlülik erk etme, arassalytk, tertiplilik hem zähmetsöýerlik bilen gysylyp çykaryldy.BG 181.2

    Ýöne dini ýolbaşçylar irkilmediler. Korol wagyz etmeleri saklamakdan ýüz öwrende, papaçylar nadan hem yrymçyl märekede gorky, ters pikirleri hem fanatizmi oýarmak üçin hiç zadyň öňünde saklanman, şäheriň pes derejeli adamlaryna ýüz tutdular. Pariž gadymky Iýerusalime meňzäp, özüne gelnen wagty we öz parahatçylygyny nämäniň goraýandygyny bilmedi. Iki ýylyň dowamynda paýtagtda Hudaýyň Sözi wagyz edildi. Şonda köpler Hoş Habary kabul eden bolsa-da, köpler ony inkär etdiler. fransisk I özüniň dine çydam edýänini aç - açan görkezdi, ýöne ol muny öz bähbidini aramak bilen etdi, şonuň üçin papaçylar öňki ýitiren ygtyýaryna eýe boldular. Yenede, ýygnanyşyklar ýapyldy, ölüm kündesi guruldy.BG 181.3

    Kalwin entegem Pariždedi. Sapaklara, pikirlenmelere we dogalara gark bolup oturan Kalwin öňde duran gulluga hem nury ýaýratmaklyga taýýarlanýardy. Ýöne ol ahyrsoňunda şübhe astyna düşýär. Şäher häkimiýeti ony otda ýakmagy karar edindi. Bir gezek howpuň abanýandygyny pikir hem etmän oturan Kalwiniň ýeke ýaşaýan ýerine tolgunýan dostlary ylgaşyp geldiler-de, häzir ony tussag etjek bolýandyklaryny habar berdiler. Edil şol pursatda gapy kakylýar. Ýekeje pursatam elden bermeli däldi. Onuň dostlarynyň birnäçesi baryp, ofiserleri tutdular, beýlekileri Kalwine penjireden aşak düşmäge kömek etdiler. Şeýdip, ol şäheriň gyrasynda gizlendi. Ol Reformasiýanyň tarapynda bolan bir ussanyň öýünde gaçybatalga tapdy-da, hojaýynyň geýimlerini geýip, egninede kätmen alyp, ýola düşýär. Durman gündogara tarap ýöräp, ol ýene-de şa zenany Margaritanyň mülkünde özüne gaçybatalga tapdy.BG 181.4

    Ol bu ýerde birnäçe aý ýaşady, öz kuwwatly dostlarynyň howandarlygy astynda goraldy we adatdakysy ýaly, Mukaddes Kitap sapaklaryna we Hudaýyň Sözüni öwrenmeklige doly berildi. Ýöne Fransiýada hakykaty ýaýratmak baradaky pikir ony terk edip gitmeýärdi, şol sebäplem, ol uzak wagtlap hereketsiz oturyp bilmedi. Tupan birneme ýatyşan badyna, ol işlemek üçin Puatýede başga iş meýdançasyny tapdy. Bu ýerde uniwersitet bardy, täze taglymatam höwes bilen kabul edilipdi. Ähli gatlaklaryň adamlary Hoş Habar hakykatyny şatlyk bilen kabul etdiler. Kalwin ol ýerde köpçüligiň öňünde wagyz etmedi-de, özüniň ýaşan ýeri bolan baş kazynyň öýünde wagyz etdi, käwagt bolsa, ebedi ýaşaýyş sözüni şol söz hakda diňlemek isleýänlere jemgyýetçilik bagynda açdy. Diüleýjileriň sany göz görtele köpelenden soň, şäheriň daşynda ýygnanyşmak howpsuzrak diýlen karara geldiler. Agaçlar bilen hem-de abanyp buran gaýalar bilen gowuja örtülen gowaklary gözlediler. Bu ýere adamlar dürli ýollardan ýöräp, göze ilmezlige çalşyp, az - azdan gelýärdiler. Şeýdip, uzakdaky ýeke gowakda adamlar Mukaddes Kitaby okaýardylar we zerur bolan düşündirişleri alýardylar. Şol ýerde Fransiýasynyň protestantlary ilkinji gezek Rebbiň Agşamyna gatnaşdylar. Bu kiçijik yýgnakdan birnäçe sanyBG 182.1

    wepaly hoşhabarçy çykdy. Şeýdip, Kalwin ýene-de Pariže galdyp geldi. Bütin fransuz halkynyň Reformasiýanyň ideýalaryny kabul etjekdigi baradaky umyt ony terk etmeýärdi. Ýöne köp wagt geçmänkä, ol bu ýerde işlemäge mümkinçiligiň asla ýokdugyna göz ýetirdi. Hoş Habary wagyz etmeklik derrew eşafotyň üstüne barmaklygy aňladýardy. Ahyrsoňunda, ol Germaniýa gitme kararyna geldi. 01 Fransiýadan çykan badyna, ýene-de, protestantlaryň üstünde elhenç tupan turdy. Şoňa görä-de, eger ol Fransiýada galan bolsa, aman sypmazdy.BG 182.2

    Nemes hem şweýsar doganlaryndan galmak islemedik fransuz reformatorlary hem, Rimiň butparazlygyna zarba urup, bütin milleti herekete getirmegi karar edindiler. Bir gijäniň içinde bütin Fransiýa messany tankyt edýän plakatlar ýelmenilip çykyldy. Yöne garaşylýan üstünligiň deregine, bu gyzgyn hem oýlanyşyksyz ädilen bu ädim diňe bir bu işi edenler üçin däl, eýsem, Reformasiýanyň Fransiýadaky dostlary üçinem, heläkçilikli boldy. Papaçylar özleriniň şeýle uzak garaşan zadyny - tagt hem milli ylalaşyk üçin howply bolan wagyzçylar hökmünde ýeretikleri doly ýok etmek üçin ulanmasy gerek bolan bahanany—aldylar.BG 182.3

    Kimdir biriniň eli - belki, Reformasiýanyň paýhassyz dostunyň, belki-de, mekir duşmanynyň eli - umunan, bu bilinmän galgy - plakatlaryň birini korollyk kabinetiniň gapysyna ýelmedi. Korolyň gaty gahary geldi. Bu hat näçe ýüzýyllyklardan bäri şeýle hormat hem gadyr goýma bilen seredilip gelnen butparazlyga gaýgyrylman zarba urýardy. Monarhyň ýüzüne beýle gödek hem sypaýyçylyksyz sözleri aýtmaga het edip bilenleriň barlyşyksyz edepsizligi koroly gazap atyna atardy. Ol gahardan ýaňa sandyrap durşuna, biraz wagtlap dili tutulan ýaly bolup durdy. Soň onuň gahary aşaky eýmenç sözlerde çogup çykdy: “Goý, lýuteriançylykda şübheleni lýänleriň hemmesi, derejesine garalmazdan, tutulsyn. Men olaryň hemmesini ýok etjek”. Bije atyldy. Korol Rimiň tarapyna gutarnykly hem yza gaýtmasyz geçmegi karar edindi.BG 182.4

    Pariždäki lýuterianlaryň hemmesini tussag etmek üçin çäreleriň hemmesi görüldi. Papaçylar reformatorçylyk imanynyň tarapdary bolup, adatça imanlylary gizlin ýygnanyşyga çagyran ussany tutup, gutulgysyz ölümiň haýbaty astynda özüne belli bolan protestantlaryň hemmesiniň nirede ýaşaýandygyny papanyň emissaryna görkezmäge mejbur etdi. Ilki bu betbagt adam munuň ýaly pes işi etmekden ýüz öwürdi, emma elhenç ölüm bilen ölme howpy ony öz doganlarynyň dönügi bolmaga mejbur etdi. Esgerler hem ruhanylar, monahlar bilen bilelikde korolyň gözlegçisi bolan Morin hem-de öz ynsabyndan geçen betbagt adam şýheriň köçeleri bilen ýuwaşjadan öňe süýşüp başladylar. Bu dabara protestantlaryň messa ýetiren kemsitmesini ýuwma akty hökmünde “mukaddes çäreleriň” hormatyna edildi. Ýöne bu “sahnalaşdyrmalaryň” hemmesi gabahat planlary gizleýärdi. Lýuterianlaryň öýüniň deňine ýetenlerinde, haýn eli bilen yşarat etdi welin, barýan dabara saklandy. Esgerlerem, şobada onuň öýüne okdurylyp girip, hemmeleri birýandan tutdular-da, zynjyrladylar. Soň gorkunç ýöriş täze pidalaryň gözleginde ýoluny dowam etdirdi. Olar “ýekeje öýi-de sypdyrmadylar. Gözgyny kepbelere-de, uniwersitet binasyna-da... girdiler. Tutuş şäher Moriniň öňünde sandyrady... Hemme ýerde gorky bilen elhençlik höküm sürdi”.BG 183.1

    Tussag edilenleri erbet gynanlaryndan soň öldürdiler. Aýratyn buýruk boýunça, tussaglaryň ejirini uzaga çekmek üçin ody haýal ýakyldy. Ýöne görgi görenler ýeňijiler kimin, yranmaz berkük hem bozulmaz asudalykda öldüler. Olaryň batyrlygyny yrandyrardan ejiz gelen yzarlaýjylar bolsa, özlerini ýeňilen duýdular. “Parižiň ähli kwartallarynda eşafotlar guruldy. Adamlarda gorky döretmek hem-de ýeretiklere nähili ykbalyň garaşýandygyny görkezmek iiçin her gün täze pidalar ýakyldy. Ýöne ahyrsoňunda ýeňiş Injiliň tarapynda bolup çykdy. Pariž täze taglymatyň nähili adamlary emele getirýänine düşündi. Ejir çekenleriň daňylan sütünleri iň gowy münber boldy. Jezalandyrylýan ýere barýan adamlaryň ýüzlerini şöhlelendirýän bozulmaz şatlyk; ýalynly oduň içinde-de olary terk etmedik gahrymançylykly batyrlyk gysgajyk hemme zady bagyşlama pursaty gahary rehimdarlyga, ýigrenji söýgä bir gezek öwrüp goýmady; bu zatlaryň hemmesi ýeňip bolmajak güýç içinde dilewarlyk bilen Injiliň peýdasyna şaýatlyk etdi”.BG 183.2

    Halky ň gaharynyň ýatyşmazlygynyň aladasyny eden ruhanylar protestantlar hakda akla sygmajak myş - myşlary ýaýratdylar. Olary katoliklere garşy gandöküşikli dildüwşükde, döwleti agdarma we koroly öldürme niýetide aýypladylar. Emma munuň bilen bilelikde beýle aýyplamalary tassyklaýan ýekeje subutnama-da getirilmedi. Bu gorkunç welilikler amala aşdy, ýöne düýbünden başga ýagdaýlara amala aşdy. Katolikleriň bigünä protestantlara eden zalymlyklary özleriniň başyna indi. Birnäçe asyrlar geçenden son, Fransiýanyň üstünde olaryň welilik edip aýdan tupany turdy. Korol, onuň köşgündäkiler we wezir - wekilleri gaty erbet ejir çekdiler, ýöne hudaýsyzlaryň ellerinden ejir çekdiler. Protestantizmi ýaýratmaklyk dälde, ony köki bilen ýok etmeklik üç ýüzýyllyk geçenden soň, Fransiýanyň üstünden ateistik rewolýusiýanyň eýmenç betbagtçylyklarynyň inmegine alyp bardy.BG 184.1

    Jemgyýetiň ähli gatlaklaryny şübhe, ynamsyzlyk hem gorky gurşap aldy. Ählumumy biynjalyklaryň içinde lýuterançylyk taglymatynyň adamlaryň aňlarynda näderejede çuň kök urandygy aýan boldy. Şol adamlar bilimiň hem medeniýetiň sütünleri hasaplanyldylar hem-de özleriniň takwa häsiýeti bilen millete gowy täsirini ýetirdiler. Iň wajyp hem jogapkärçi1ik1i wezipeler eýelenmedik bolup çykdy. Şäherden ussalar, çapçylar, uniwersitetleriň alymlarydyr professorlary, ýazyjylar, hatda köşk emeldarlaram ýitip gitdi. Ýüzlerçe adamlar Pariži terk etdiler-de, özlerini meýletin sürgüne sezewar etdiler. Şeýle etmek bilen olar özleriniň reformatorçylyk taglymatynyň tarapdarlarydyklaryny görkezdiler. Papaçylar bolup geçýän zatlara aljyraňňylyk bilen seretdiler - olar töwereginde beýle köp ýeretikleriň bar ekendigi hakda pikirem etmeýärdiler.... Şonuň üçin özleriniň ygtyýary astynda bolanlaryň hemmesiniň üstlerine has gazaply indiler. Türmeler doldy, howany bolsa, Injiliň şaýatlarynyň ýakylan odunyň tüssesi tutdy.BG 184.2

    Fransisk I özüni XVI asyryň başynda şöhratlanan beýik ylmy hereketiň başy saýdy... Ol öz ýanyna bütin dünýäden alymlary höwes bilen çagyrdy. Onuň Reformasiýa çydam etmesi käwagt özüniň aň—bilime bolan söýgüsi, monahlaryň nadanlygyna hem butparazlygyna bolan ýigrenç bilen düşündirildi. Ýöne ýeresi ýok etme höwesi bilen gurşalan bu aň - bilimiň tarapdary bütin Fransiýada çap etme işini gadagan etme baradaky buýrugy çykardy! Taryh aň - bilim medeniýetiniň dini çydamlylyk bilen utgaşandygy hakdaky mysallaryň köpüsini bilýär. Fransisk I hem, bu ýerde kadadan çykma däldir.BG 184.3

    Fransiýa özüniň protestantizmi ýok etme babatdaky barlyşyksyz niýetini uly möçberdäki köpçülikleýin jezalandyrmalar bilen tassyklady. Ruhanylar messany ýazgarmak bilen Göge ýetirilen kemsitmäniň gan bilen ýuwulmagyny talap etdiler. Korolam halkyň adyndan bu eýmenç işiň geçirilmegine köpçüligiň öňünde öz razylygyny berdi.BG 185.1

    Wagşyçylykly dabara 1535-nji ýylyň 21 - nji ýanwarynda boldy. Ol wagta çenli protestantlardan gorky we olara bütin halkyň ýigrenjini döretmek üçin hemme zatlar edilipdi. Parižiň hemme köçeleri adamdan ýaňa hyryn - dykyndy. Uly hem giň göwrümli dabara taýýarlanylýardy. “Deňinden dabaraly ýöriş geçen öýleriň hemmesiniň üstünde ýas matalary asylgy durdy, hemme ýerde sypalar abzallaşdyrylyp goýlupdy”. Her gapynyň öňünde “mukaddes däpleriň” hatyrasyna fakeller ýakylyp goýlupdy”. Dabaraly ýörişe gatnaşjaklar daň atmanka, korolyň köşgüniň öňüne ýygnanypdy. “Birinji hatarlarda ybadathana tuguny we dürli zatlaryň haça çüýlenilen şekilinde göterip geçdiler; soň şäherliler jiibüt - jübütden elleri ýanyp duran fakelli geçdiler”. Olaryň yzlaryndan dört monastyryň monahlary özleriniň geýimlerini geýip geçdilwer. Ondan doň, meşhur mukaddesleriň şekillerini alyp geçdiler, soň ýörişi tekepbir kardinallar al - elwan, gymmat bezegler bilen bezelen geýimlerde dowam etdirdiler.BG 185.2

    “Yörişe Parižiň ýepiskopy ýolbaşçylyk etdi... dört sany atly knýaz hem, onuň kellesiniň ýokarsynda ajaýyp baldahini tutup geçdi... bu märekäniň ahyrynda korol barýardy... ol gün onuň başynda täjem, korollara mahsus bolan geýimem ýokdy. Kellesini açyp, gözlerini aşak bakdyryp, elinde-de, ýanyp duran şem tutup, Fransiýanyň koroly toba edýän günäkär kimin bolup geçdi” O1 her sypanyň öňünde tabynlyk bilen dyza çöküp, ötünç sorady. 01 öz kalbyny azdyran günäleri, öz elini boýan bigünä ganlar üçin ötünç soramady, ýok, ol özüniň messany ýazgarmaga het edip bilen raýatlarynyň gorkunç günäleri üçin bagyşlama sorady. Onuň ýanynda zenan korol bilen ellerinde ýanyp duran fakelleri tutup, jübüt - jübütden ýöräp barýan döwlet işgärleri bardy.BG 185.3

    Şol gün ýepiskoplyk köşgüniň uly zalynda korol ýokary derejeli adamlara söz sözlemek bilen ýüzlendi. Korol olaryň öňüne fi*ansuz halky üçin lagnat bolan “jenaýata, hudaýsyzlyga, masgaraçylyga we hasrat’‘ sebäpli, ýüzüni gaýgylandyryp hem hasratly sözler bilen çykdy. Soň ol özüniň wepaly raýatlaiynyň hemmesini Fransiýa ölüm howpuny salýan ýeresi köki—damary bilen ýok etmäge kömek bermäge çagyrdy. Ol: “Merhemetli döwlet işgärleri, meniň siziň korolyňyzdygymyň dogry bolşy ýaly, elime ýa aýagyma şu nejis zat ýapyşan bolsa, onda size ony kesip taşlamaga rugsat berjegimem dogrudyr... Munuň üstesine-de, eger çagalarymyň biri nälet siňen taglymat bilen zaýalanan bolsa, onda men oňa rehim etmezdim... Özüm ony adalatyň eline berip, Hudaýa gurbanlyk ederdim” diýdi. Onuň bokurdagy doldy, şonuň üçin ýygnananlaryň bary möňňürişip, biragyzdan: “Biz katolik ynamy üçin janymyzy bermäge-de taýýar!” diýşip gygyryşdylar.BG 185.4

    Hakykaty inkär eden halky nähili gözedürtme garaňkylyk gurşap aldy! Fransiýa “halas ediji merhemet” aýan boldy; ýurt onuň giiýjüni hem mukaddesligini gördi, Hudaýyň kämilligine ýykgyn eden miiňlerçe adamlaryň nähili gepleşýändiklerini, şäherleriň hem obalaryň onuň nurundan ýalkym saçyşyny gördi; gördi-hem nury saýlamanyň deregine, garaňkylygy saýlap, hakykaty inkär etdi. Fransiýa özüne teklip edilen behişdi sowgady ret etdi. Ol, ahyrsoňunda, öz —özüni aldamasynyň pidasy bolýança, ýamanlygy ýagşylyk, ýagşylygy hem ýamanlyk hökmiinde atlandyrdy. Belki, Fransiýa Rebbiň halkyny yzarlamak bilen Rebbe gulluk edýändirin öýden bolmagam mümkin, ýöne bu onuň üstünden öz günäsini aýyrmady. Ol özüni ýalňyşlyklardan hem gandökülişikden halas edip biläýjek nury ýigrenç bilen inkär etdiBG 186.1

    Ýeresi köki—damary bilen ýok etmek baradaky kasam kafedral soborda ýaňlandy. Edil şol ýerde 300 ýyl geçenden soň, halk diri Hudaýy doly ýatdan çykaryp, “aklyň aýal hudaýyna” täç geýdirdi. Mundan soň, eýmenç ýöriş ýene-de, Parižiň köçelerinden öňe ýöredi. Şonda Fransiýany alamatlandyrýan adamlar etmeklige ant içilen işi amala aşyrmaga başladylar. “Biri - birinden uzak bolmadyk aralykda protestantlary diriligine ýakmak üçin niýetlenen sahnalar guruldy. “Diri otlar korol ýakynlaşanda ýakylmalydy; ýörişe gatnaşyjylar olaryň gynanyşyny görmek üçin saklandylar”. Isa Mesihiň bu şaýatlarynyň başdan geçiren ezýetlerini sandyraman suratlandyrmak mümkin däl. Olaryň özleriniň janyny ýekeje-de ikirjiňlenmän hem şiibhelenmän berendiklerini aýtmak bolar. Bir protestanty imanyndan ýüz öwürmäge yrjak bolanlarynda, ol: “Men diňe pygamberleriň we resullaryň wagyz eden zatlaryna ynanýaryn. Ähli mukaddeslerem şuňa ynandylar. Men dowzahyň ähli güýçlerini ýeňjek Rebbe ynanýaryn” diýdi. Ýöriş gaýta -gaýta gynanylýan ýerlerde saklanyp geçdi. Ahyrsoňy korolyň köşgüne baryp ýetende, halk dargap başlady, korol bilen ýolbaşçy ruhanylar bolsa, bu günde bolup geçen wakalardan göwnühoş bolup, ýeresi köki - damary bilen ýok etme işiniň beýle üstünlikli başlandygy bilen biri - birini gutlap dargaşdylar.BG 186.2

    Fransiýanyň inkär eden parahatçylyk Hoş Habary köki - damary bilen goparylyp taşlandy. Munuň netijesi gaty elneç boldy. Şol günden, Fransiýanyň reformatorlary ýok etmäge kasam içen gününden, 258 ýyl geçenden soň, 1793-nji ýylda, Parižiň köçelerinden, düýbünden başgaça niýetli bolan başga bir dabaraly ýöriş geçdi. “Dabaraly ýörişiň merkezi gahrymany ýene-de, korol boldy. Ýene-de sesler ýaňlandy, ýene-de gowgaly jemagat pida talap edýärdi, ýene-de gaýgyly eşafotlar guruldy, ýene-de gün gorkunç parçalama bilen gutardy. Öz jellatlaryna uly garşylyk görkezýän Lýudwig XVI -ny güýç bilen jelladyň baş çapýan agajynyň üstüne getirdiler-de, ony ol ýerde jellat kellesini çapýança sakladylar’. Diňe bir korol däl-de, eýsem, terroryň höküm süren şol gandöküşikli günlerinde onuň ýanynda bolan 2800 adam hem öldi.BG 186.3

    Reformasiýa dünýä Mukaddes Kitaby teklip etdi we Hudaýyň Kanunyny her bir adamyň wyždanynda möhürlemäge çalşyp, onuň talaplaryny düşündirdi. Çäksiz Söýgi adamlaryň öňlerinde Gögüň kanunlaryny hem prinsiplerini açdy. Hudaý: “Olary yhlas bileri berjaý ediň, çünki bu beýleki halklara akyl-paýhaslydygvňyzy we juda düşünjelidigiňizi görkezer Bu parzlary eşidenler: „Dogrudan hem, bu millet akylly we düşünjeli eken!” diýerler” (Kanun taglymaty 4:6) diýdi. Fransiýa bu behişdi sowgady inkär edende, ol guitulgysyz ýagdaýa rewolýusiýanyň hem terroryň miwesini getiren anarhiýa we weýrançylyk tohumyny ekdi.BG 187.1

    Messany ýazgarýan plakatlaryň peýda bolmagy bilen dörän yzarlamalardan köp öň, batyr hem joşgunly Farel öz ýurdundan gitmäge mejbur boldy. Ol Şweýsariýa gidip, ol ýerde jemgyýetçilik pikirini Reformasiýanyň peýdasyna tarap egmäge Swinglä kömek etdi. Ol ömriiniň ahyryna çenli Şweýsariýada galdy, emma Fransiýadaky Reformasiýa aýgytly täsirini ýetirmegini dowam etdirdi. Kowlan ilkinji ýyllarynda ol esasan hem, özüniň dogduk ýurdunda Hoş Habaryň ýaýramasynyň aladasyny etdi. O1 özüniň serhediň golaýynda ýaşaýan watandaşlarynyň arasynda Injili wagyz etdi, ýadamazak üns bilen göreşiň gidişini synlady, ruhlandyryjy sözleri hem maslahatlary bilen kömek etdi. Beýleki kowlan adamlaiyň kömegi bilen nemes reformatorlarynyň düzmeleri fransuz diline terjime edildi. Mukaddes Kitap bilen bilelikde olar fransuz dilinde gaty köp mukdarda çap edildi. Ol kitaplar bütin Fransiýa ýaýrady. Olary arzan bahasyndan kitap satyjylaryna berdiler, ondan gelen girdejini bolsa, öz işlerini dowam etdirmekleri üçin olary ruhlandyrdylar.BG 187.2

    Farel Şweýsariýada ýönekeý mekdep mugallymynyň rolunda işläp başlady. Kiçi ybadathana jaýynda ýeke bolup, özüni çagalary okatmaklyga bagyş etdi. Adaty mekdep dersleriniň daşyndanam, ol soňy bilen ene - atalary-da, gyzyklandyrma umydy bilen seresap bolup, çagalary Mukaddes Kitap hakykatlary bilen tanyşdyryp başlady. Olaryň birnäçeleri imanly adamlar boldular, emma ruhanylar butparaz oba ýaşaýjylaryny Farele garşy öj ükdirip, onuň işine garşy çykdylar. Ruhanylar. “Mesihiň Hoş Habary - bu boljak zat däl. Ony wagyz etmeklik parahatçylyk däl-de, uruş alyp gelýär” diýip nygtadylar. Ilkinji şägirtleriň göreldesine eýerip, Farel bir şäherden kowsalar beýlekisine gitdi. Sergezdançylyk çekip ýörşüne, ol obadan - oba, şäherden - şähere aýlandy, açlyga, sowuga, ýadawlyga döz gelip, hemişe howpa tarap ýöredi. Ol bazar meýdançalarynda, ybadathanalarda, käwagt hem, sobor münberinde wagyz etdi. Käwagt ol boşap duran ybadathana tapýardy, kä halatlarda bolsa, onuň wagzy gykylyklar, gülküler bilen bölünýärdi. Kä ýagdaýlarda bolsa, ony münberden süýräp aýyrýardylar. Garamaýak halky onuň üstüne birnäçe gezekler küşgürdiler, olararn, ony çalajan halyna çenli ýençýärdiler. Şonda-da, ol öňe ýöreýärdi. Köp gezeklerde ýeňlişe sezewar bolsada, gowşamaýan tutanýerlilik bilen hüjümini täzeleýärdi. Şonuň üçin ozal papalygyň garamagynda bolan obalar tizara Hudaýyň habarynyň öňünde öz gapylaryny açdylar. Onuň ilkinji işläp başlan ybadathana binasyndakylar haýal etmän reformatorçylyk imanyny kabul etdiler. Morat hem Noýhatel ýaly şäherler hem katolik däplerini taşlap, özleriniň ybadathanasyndan butuň şekillerini çykaryp zyňdylar.BG 187.3

    Farel protestantizmiň baýdagyny Ženewada dikme islegini ýüreginde uzak wagtlap göterip ýördi. Eger bu şäheri eýelemek başardaýsa, onda ol Fransiýa, Şweýsariýa hem Italiýa üçin Reformasiýanyň merkezi bolardy. Bu maksada özüni beren Farel Ženewanyň töweregindäki şäherlerdir obalar reformatorçylyk imanyny kabul edýänçä, janypkeşlikli zähmetini dowam etdirdi. Diňa şondan soň, ol özüniň ýeke - täk dostuny ýanyna alyp, Ženewa girip bildi. Ýöne ol ýerde oňa bary - ýogy iki gezek wagyz etmek başartdy. Ruhanylar ony raýatlyk häkimiýetiniň aýyplamasyny gazanyp bilmänlerinden soň, Fareli ybadathana maslahatyna çagyrdylar. Olar bu ýerde ony öldürmekligi berk karar edinip, eşikleriniň astynda gizlenilen ýarag bilen geldiler. Binany dubinkalar we gylyçlar bilen ýaraglanan gazaply märeke gurşap aldy. Ol ruhanylaryň elinden sypaýanda-da, garamaýaklaryň eline düşýärdi. Ony şäher häkimiýetiniň we ýaragly esgerleriň bolmagy halas etdi. Ertesi gün daňdan Farel ýoldaşy bilen bilelikde kölüň üsti bilen howpsuz ýere iberildi. Onuň Ženewada Hoş Habary wagyz etjek bolup eden synanyşygy şeýle gutardy.BG 188.1

    Indiki synanyşyk üçin göze ilmeýän ýarag saýlanyldy - ýaş ýigit şeýle bir gelşiksiz görnüşde boldy welin, hatda Reformasiýanyň dostlaram ony sowuklyk bilen kabul etdiler. Bu ýaş ýigit Fareliň özüniň ýeňlen ýerinde näme edip biler? Çekinjeň hem az tejribeli bolan bu ýigit şeýle batyr hem güýçli adamlaryň gaçmaga mejbur bolan tupanlarynyň hüjüminiň öňünde nädip durar? “Güýç we zorluk bilen däl-de, diňe Meniň Ruhum bilen iş bitirersiň” (Zakarýa 4:6). “Çünki Hudaýyň «akmaklygy» adam akylyndan üstün, Hudaýyň «ejizligi” adam güýjünden güýçlüdir. Ýöne Hudaý aky’ldarlary utandyrmak üçin, dünýäniň akmak saýýanlaryny saýlady” (I Korintoslylar 1:25, 27).BG 188.2

    Froment öz işini mekdep mugallymy hökmünde başlady. Çagalara öwreden hakykatlaryny çagalar öýlerinde gaýtaladylar. Şol sebäpdenem, Mukaddes Kitabyň düşündirilişini diňlemek üçin tizara ene - atalaram gelip başladylar, şonuň üçin klas otagy kem - kemden ünsli diňleýjilerden dolup başlady. Gelip, täze taglymaty diňlemäge het edip bilmediklere Täze Ähti hem kitapçalary okamaklyk teklip edildi. 01 kitapçalar hemmelere düşnüklidi. Birnäçe wagt geçenden soň, bu işçi-de, gaçmagamejbur boldy, emma onuň yglan eden hakykatlary adamlaryň aňyna ornaşmaga ýetişipdi. Reformasiýanyň tohumy topraga taşlanyldy, hereket berkemegini hem giňemegini dowam etdirdi. Habarçylar gaýdyp geldiler. Şol sebäplem, olaryň çeken zähmetiniň arkasyndan, ahyrsoňy, protestant ýygnaklary Ženewada berkedi.BG 189.1

    Uzak sergezdançylykdan we ýalňyşlyklardan soň, bu ýerde Kalwin peýda bolanda, Ženewa eýýäm Reformasiýany aç - açan ykrar edipdi. Kalwin dogduk ýerlerinden Bazele gaýdyp geldi, ýöne ýollar Karl V-iň goşunlary tarapyndan ýapylan bolup çykdy, şoňa görä-de, ol Ženewa aýlanyp barýan ýoly saýlamaga mejbur boldy.BG 189.2

    Kalwiniň gelmesinde Farel Hudaýyň elini gördi. Ženewa reformatorçylyk imanyny kabul eden bolsa-da, bu ýerde uly işleri alyp barmaklyk öňde durdy. Hudaýa ýüzlenmeklik tutuş ýygnak bolup ýerine ýetirilmeýär-de, her adam tarapyndan ýekelikde ýerine ýetirilýär; ýürek bilen wyždan soboryň kanunlary bilen däl-de, Mukaddes Ruh tarapyndan arassalanylýar. Ženewa Rimiň zalymlygyny ret eden bolsada, Rim hökümdarlyk eden wagtynda gülläp ösen nogsanlyklary ýeňip geçmäge entek olar taýýar däldiler. Hudaýyň akyldarlygy tarapyndan özleri üçin öňden bellenilen ýagdaýa mynasyp bolmaklary üçin Injiliň arassa prinsipleri boýunça ýaşamagyň wajypdygyna adamlary ynandyrmak aňsat iş bolmady.BG 189.3

    Farel Kalwiniň bu işde hyzmatdaşlyk etmesi gerek bolan adamdygyna ynanýardy. Rebbiň ady bilen ýaş hoşhabarçydan bu ýerde galyp zähmet çekmegi haýyş etdi. Bu teklip Kalwini gorkuzdy. Häsiýeti boýunça çekinjeň hem parahatçylyk söýüji bolan Kalwin Ženewanyň batyr, garaşsyz hem gyzma adamlaryndan gaça durýardy. Saglygynyň pesligi we ylmy sapaklara bolan ymtylyşy ony ýekelikde bolmak üçin ýer gözlemäge meýillendiripdi. Ol öz düzmeleri Reformasiýa has gowy kömek eder diýip hasaplaýardy, şoňa görä-de, öz galamy bilen ýygnaga goldaw hem nesihat berjek bolup, sapaklary üçin gizlin ýer tapmak isleýärdi. Yöne Fareliň dabaraly haýyşy onuň üçin Gökden gelen ses kimin bolup eşidildi, şol sebäpli hem, boýun towlamaga het edip bilmedi. Onuň göwnüne edil “Hudaý göklerden elini uzadyp, öz üstüne goýan hem-de hiç hili garşy çykmalara gulak asman, Kalwini özüniň tizräk terk etmek islän ýerinde goýan” ýaly boldy.BG 189.4

    Şol wagtlarda protestantlara uly howp abanýardy. Papanyň anafemleri Ženewanyň üstüne indi we kuwwatly döwletlerem, oňa ölüm haýbatyny atdylar. Bu uly bolmadyk şäher köplenç korollaryň hem imperatorlaryň tabyn bolan güýçli iýerarhiýasyna nädip garşy çykyp bildi? Ol beýik basybalyjylaryň goşunlarynyň öňünde nädip durup bildi?BG 190.1

    Bütin mesihilik dünýäsinde protestantizme gorkunç duşmanlar haýbat atdylar. Reformasiýa üçin ilkinji ýeňiş döwri geçdi. Rim Reformasiýany ýok etme umydy bilen täze güýç ýygnady. Bu wagtda ýezitleriň - papalygyň iň zalym, prinsipsiz hem güýçli tarapdarlarynyň - monastyry döredildi. Yerdäki ähli ysnyşyklardan hem gyzyklanmalardan saplanan, özlerindäki tebigy duýgulary hem meýilleri öldüren, wyždanyň hem aklyň sesini basyp ýatyran bu adamlar öz monastyryna gulluk etmekdenbaşga hiç hili düzgünleri. hiç hili borçlary hasaba almadylar. Olar öz monastyryny güýçlendirmegi özleriniň ýeke - täk borjy hasaplaýardylar. Mesihiň Hoş Habary öz tarapdarlaryny islendik howplary abraý bilen garşy almaga, görgülere, açlyga, sowuga, mahrum edilmelere, mätäçliklere döz gelmäge ukyply etdi, gynamalardan, türmelerden we otlardan gorkman, hakykatyň baýdagyny beýik tutmaga kömel etdi. Ýezitler bu güýje özlerine şuňa meňzeş kynçylyklara hem howplara döz gelmäge kömek edýän we hiç bir serişdelerden çekinmän, hakykata garşy göreşmäge kömek edýän fanatizmi garşy goýdular. Olaryň edip bilmejek jenaýaty ýokdy, olaryň juda peslik hasaplaýan aldawy ýokdy, olaryň ýüz urup bilmejek mekirligi ýokdy. Ebedi garyplyk hem tabynlyk kasamyny içibem, olar öz öňlerinde maksat - özleriniň monastyryny baýlaşdyrma, protestantizmi ýok etme we papalygyň hökümdarlygyny täzeden dikeltme maksadyny - goýdular.BG 190.2

    Bu monastyryň agzalary özleriniň dünýäden el çekendiklerini belläp we ýagşylyk baryny edip, hemme ýerlere aýlanan Isanyň mukaddes adyny göterýändiklerini ýatlap, türmelere we keselhanalara barmak, garyplara hem syrkawlara gulluk etmek bilen mukaddeslik maskasyny geýdiler. Ýöne bu gowy hereketleriň aňyrsynda köplenç iň jenaýatçylykly hem nejis niýetler ýatýardy. Monastyryň esasy prinsipi: “Maksat serişdeleri ödeýär” diýen prinsipdi. Şu prinsipe laýyklykda, ýalan, ogurlyk, ähtiýalanlyk, ganhorlyk diňe bir aklanylman, eýsem, ybadathananyň bähbidine gilluk edýän bolsa, onda höweslendirilýärdem. Yezitler özleriniň hakyky niýetlerini gizläp, jogapkärçilikli döwlet wezipelerine-de baryp ýetdiler, korolyň maslahatçysy derejesine eýe bolup, köp ýurtlaryň syýasatyna täsirini ýetirdiler. Olar öz hökümdarlarynyn yzynda içalylyk etmek üçin hyzmatkärler bolýardylar. Olar knýazlaryň çagalary üçin kollejler esaslandyrdylar, ýönekeý adamlar üçin mekdepler açyp, papalygyň däplerini ýerine ýetirmek üçin protestant maşgalalarynyň çagalaryny çekdiler. Katolik gulluklarynyň göz üçin edilýän bar ajaýyplygy we teatrlaşdyrmasy adamlaryň aňyny öçürip, olaryň pikirine täsir etmek üçin ulanylýardy. Netijede çagalar öz ene - atalarynyň batyrlyk bilen söweşip, gan döken azatlyk idealyna dönüklik etdiler. Bu monastyr bütin Ýewropa gaty çalt ýaýrady we hemme ýerde papalygyň täzeden dikelmegine ýardam etdi.BG 190.3

    Bu monastyryň elinde mümkin boldugyça köp hökümdarlygy jemlemek üçin papalygyň ýörite dekreti bilen inkwizasiýa döredi. Inkwizasiýa ählumumy ýigrenjiň bolandygyna garamazdan, bu eýmenç tribunal, hatda katolik ýurtlarda-da, papaçylygyň ýolbaşçylary tarapyndan gaýtadan dikeldildi. Gündiziň ýagtysyna döz gelerden juda gorkunç bolan wagşylyk gizlin türmelerde ýerine ýetirildi. Köp ýurtlarda milletiň nuruny düzýän ýüzmüňlerçe adamlar - dogruçyl hem meşhur; ýokary bilimli hem zehinli; takwa hem Hudaýa wepaly wagyzçylary; zähmetsöýer hem öz ýurduny söýýän raýatlar, tanymal alymlar hem zehinli suratkeşler; ezber ussalar öldürildi ýada sürgün edildi.BG 191.1

    Reformasiýanyň nuruny öçürmek, halky Mukaddes Kitapdan mahrum etmek we ony gaýgyly orta asyr nadanlygynyň hem butparazlygynyň içine oklamak üçin Rim şunuň ýaly serişdelere ýüz urdy. Emma Rebbiň erki bilen Hudaýyň Lýuteriň ýerine beren adamlaryyň gowy işleri arkaly protestantizm ýok edilmedi. Bu taglymat özüniňýaşaýşy berkidiji güýji üçin knýazlara we olaryň ýaraglaryna borçly däldir. Iň kiçi ýurtlar, iň ýönekeý hem ejiz milletler protestantizmiň daýanjy boldy. Mysal üçin, töweregi özüni ýok etme haýbatyny atýan duşmanlaryna gurşalan Ženewa, şol döwürlerde dünýäniň iň uly hem iň baý ýurdy hasaplanylan Ispaniýanyň zalymlygyna garşy batyrgaýlyk bilen Demirgazyk deňziň çägeli kenarlaryndas söweşen Gollandiýa, az hasylly ýerleri bolan Şwesiýa, ýagny Reformasiýanyň ýeňiş gazanan ýeri protestantizmiň daýanjy boldy.BG 191.2

    Kalwin otuz ýyla golaý Zenewada zähmet çekdi. Ilki ol diňe Mukaddes Kitabyň arassa ahlak taglymatyna esaslanýan Ýygnak döretmegiň, soň hem, bütin Yewropada Reformasiýany ýaýratmagyň üstünde zähmet çekdi. Ol özüniň jemgyýetçilik işinde ýalňyşlyklardan gaça durdy, onuň taglymatlary bolsa, ýalňyşlyklardan azat däldi. Şeýle-de bolsa, ol hakykaty, aýratynam, şol döwür üçin wajyp bolan hakykaty ýaýratmakda; papalygyň tizlik bilen täzeden dörän protestantizme garşy güýjünden ony goramakda ol meşhur roly oýnady. Ol reformatorlyk ýygnaklaryna ýönekeý hem arassa durmuşyň ýoluna düşmeklige kömek etdi, ony papalygyň hökümdarlygy içinde gülläp - ösýän tekepbirlige hem zaýaçylyga garşy goýdy.BG 191.3

    Ženewa reformatorçylyk taglymatyny hem kitaplaryny ýaýratmak üçin mugallymlary hemme tarapa iberdi. Ähli ýurtlardaky yzarlanylanlar goldaw hem nesihat sorap, olar özleriniň nazaryny dikdiler. Kalwiniň şäheri tutus Demirgazyk Yewropadaky yzarlanan reformatorlar üçin gaçybatalga boldy. Tutuş ýüzýyllyklaryň dowamyna uzan gorkunç yzarlamalardan Şaçyp, yzarlanylýan adamlar Zenewanyň derwezeleriniň ýanyna gelýärdiler. Açlyk çeken, kemsidilen, maşgalalaryndan we watanyndan mahrum bolan ol adamlar bu ýerde gyzgyn kabul edilme we tolgundyryjy alada edilmäni gördüler. Ikinji watana eýe bolmak bilen bu adamlar özlerini kabul eden şäher üçin ak pata boldular, sebäbi olar bu şähere özleriniň ussatlygyny, bilimini hem takwalygyn bagyş etdiler. Bu ýerde gaçybatalga tapanlaryň köpüsi soň ýurdunda Rimiň zalymlygyna garşy göreşmek üçin ol ýere gaýdyp gitdiler. Batyr şotland reformatory bolan Jon Noks; köp sanly iňlis puritanlary; golland hem ispan protestantlary; fransuz gugenotlary - bularyň hemmesi özleriniň ýurduny gurşap alan garaňkylygy dargatmak üçin Ženewadan hakykatyň fakelini alyp gitdiler.BG 191.4

    Larger font
    Smaller font
    Copy
    Print
    Contents