4—Nji Bap. Waldensler
- Ýelena Garmon Uaýt Ýazyjy Hem Hoşhabar Gymmatlyklarynyň Wagyzçysy Hökmünde
- Sözbaşy
- Giriş
- 1—Nji Bap Iýerusalimiň Weýran Bolmagy
- 2—Nji Bap. Birinji Ýüzýyllykdaky Yzarlamalar
- 3—Nji Bap. Ruhy Garaňkylygyň Eýýamy
- 4—Nji Bap. Waldensler
- 5—Nji Bap. Jon Uiklif (1324—1384)
- 6—Njy Bap. Gus We Iýeronim
- 7—Nji Bap. Lýuteriň Rimden Aýra Bolmagy
- 8—Nji Bap. Lýuter Seýmiň Öňünde
- 9—Njy Bap. Swingli We Şweýsariýadaky Reformasiýa
- 10—Njy Bap. Germaniýadaky Reformasiýanyň Üstünligi
- 11—Nji Bap. Knýazlaryn Garşylygy
- 12—Nji Bap. Fransiýadaky Reformasiýa
- 13—Nji Bap. Niderlandlardaky We Skandinawiýadaky Reformasiýa
- 14—Nji Bap. Giçki Döwrüň Iňlis Reformatorlary
- 15—Nji Bap. Mukaddes Kitap We Fransuz Rewolýusiýasy
- 16—Njy Bap. Piligrim—Atalar
- 17—Nji Bap. Daň Şapagynyň Habarçylary
-
- 19—Njy Bap. Tümlükdäki Nur
- 20—Nji Bap. Beýik Dini Galkynyş
- 21—Nji Bap. Ret Edilen Duýduryş
- 22—Nji Bap. Berjaý Bolan Pygamberlik
-
- 24—Nji Bap. Mukaddesleriň Mukaddesinde
-
- 26—Njy Bap. Reformanyn Işi
- 27—Nji Bap. Biziň Günlerimizdäki Galkynyş
- 28—Nji Bap. Ýaşaýyş Kitaby Bilen Ýüzbe-Ýüz Bolup
- 29—Njy Bap. Erbetligiň Gelip Çykyşy
- 30—Njy Bap. Adam Bilen Şeýtanyn Arasyndaky Duşmançylyk
- 31— Nji Bap. Erbet Ruhlaryň Gizlin Gözlegleri
- 32—Nji Bap. Şeýtanyň Duzagy
- 33—Nji Bap. Birinji Beýik Aldaýyş
-
- 35—Nji Bap. Wyždan Azatlygy Howp Astynda
- 36—Njy Bap. Geljek Göreş
- 37—Nji Bap. Mukaddes Ýazgy - Ýalňyşmalara Garşy Kepillikdir
- 38—Nji Bap. Soňky Duýduryş
- 39—Njy Bap. Jepalar Döwri
- 40—Njy Bap. Hudaýyn Halkynyn Halas Edilmegi
- 41—Nji Bap. Ýeriň Boşap Galmagy
-
Search Results
- Results
- Related
- Featured
- Weighted Relevancy
- Content Sequence
- Relevancy
- Earliest First
- Latest First
- Exact Match First, Root Words Second
- Exact word match
- Root word match
- EGW Collections
- All collections
- Lifetime Works (1845-1917)
- Compilations (1918-present)
- Adventist Pioneer Library
- My Bible
- Dictionary
- Reference
- Short
- Long
- Paragraph
No results.
EGW Extras
Directory
4—Nji Bap.
Waldensler
Papalyk häkimliginiň uzaga çeken döwründe ýeri tutuş eýelän garaňkylygyň içinde-de, hakykat nury doly öçüp guratmandy. Her ýüzýyllykda Hudaýyň şaýatlary - Mesihe Hudaý bilen adamyň arasyndakyýeke-täkAraçy hökmünde ynanan, Mukaddes Kitaba ýaşaýşyň ýeke - täk düzgüni hökmünde garan we hakyky sabat gününi ýerine ýetiren adamlar - tapylýardy. Dünýäniň şol adamlara näderejede borçludygyna adamzat ýeterlik derejede hiç haçanam düşünmez. Olara ýeretikleriň masgaraçylykly tagmasyny basdylar, olaryň maksatlary şübhe astyna salyndy, olara töhmetler atyldy, olaryň ýazan işleri gizlenildi we manysy ýoýuldy. Şeýle-de bolsa, hiç zada garamazdan, olar mizemez bolup, özleriniň imanyny geljekki nesiller üçin mukaddes miras hökmünde bar päkligi bilen nesilden nesle geçirdiler.BG 53.1
Rim agalygynyň gussaly ýüzýyllyklarynyň dowamyndaky Hudaýyň halkynyň taryhy göklerde ýazyldy, ýöne adamlaryň ýyl ýazgylarynda olar juda ýüzleý görnüşde beýan edilipdir. Biz Hudaýyň wepaly çagalary hakda olary yzarlaýjylaryň aýyplaýjy aktlarynda okap bileris! Rimiň syýasaty resmi taglymata garşy çykýan her bir pikiri ýok etmekden ybaratdy. Ol öz taglymatyna garşy çykýan zatlaryň hemmesini, adam bolsa-da, eser bolsa-da, baryny ýok etmäge çalyşýardy. Papalyk taglymatlaryň abraýyna şübhelenýän bir zat aýtmak ýeterlikdi. Beýle etmeklik baýy bolşy ýaly, garybam, meşhur adamy bolşy ýaly, ýönekeý adamam janyndan jyda düşürip bilýärdi. Rim bozgaklara özüniň gazaply daraýşynyň bar yzylaryny süpürmäge çalyşýardy. Papalyk soborlary içinde yzarlamalar hakdaky ýazgylary saklaýan kitaplaryň we materiallaryň hemmesini oda ýakmagy karar etdi. Ol wagtlarda kitap çap etmeklik ýokdy, şol sebäpdenem, kitap azdy. Ullakan hem saklamasy oňaýly bolmadyk kitaplary rim Ybadathanasynyň ýolbaşçylary aňsatlyk bilen ýok edýärdiler.BG 53.2
Rim ýuriskisiýasynyň çäklerinde ýaşaýan ýekeje ýygnagam wyždan azatlygyndan uzak peýdalanmady. Papalyk güýç alyp başlan badyna, ol öz niýetlerine garşy çykanlaryň hemmesine el gatyp başlady. Şeýdip ýygnaklar biri - biriniň yzyndan Rimiň häkimligine tabyn edildi.BG 53.3
Ilkinji mesihilik Beýik Britaniýa örän ir aralaşdy. Rimiň imandan dänmesi baryp, birinji ýüzýyllykda Hoş Habary kabul eden brittlere hiç hili täsirini ýetirmedi. Hatda şu uzak kenarlara-da, gelip ýeten butparaz imperatorlarynyň yzarlanmalary ilkinji britan ýygnaklarynyň Rimden alan ýeke - täk sowgady bolupdy. Yzarlanylan mesihileriň köpüsi Angliýadan gaçyp, Şotlandiýada özlerine gaçybatalga tapdylar. Bu ýerdenem, hakykat Irlandiýa geçdi-de, hemme ýerde dostlukly garşy alynma duş geldi.BG 54.1
Sakslaryň Britaniýany basyp almagy bilen butparazlyk ol ýerde-de ygtyýar hem abraý gazanyp başlady (sakslar - Demirgazyk - Günbatar Ýewropada hem-de Britaniýada orta asyrlarda ýaşan gadymy gemian taýpalary). Ýeňijiler öz gullaryndan nämedir bir zat öwrenmegi özlerine kiçilik bilýärdiler, şol sebäpdenem, mesihiler daglara we geçip bolmaýan batgalyklara gitmäge mejbur bolýardylar. Şeýle-de bolsa, wagtlaýyn gizlin bolan çyra ýanmagyny dowam etdirdi. Bir ýüzýyllyk geçenden soň, ol çyra Şotlandiýada şeýle bir güýçli ýandy welin, onuň şöhleleri iň uzakdaky ýurtlara-da baryp ýetdi. Irlandiýadan takwa Kolumba çykyp, öz egindeşleri bilen bilelikde bütin ýurda dargadylan Hudaýyň çagalaryny lonyň ýalňyz adasynda ýygnap, ony missionerçilik işiniň merkezi etdi. Olaryň arasynda Mukaddes Kitap sabat gününi ýerine ýetirýän adam bardy. Şonuň üsti bilenem, bu hakykat halkyň gazanany boldy. lonyň adasynda öz missionerlerini diňe bir Şotlandiýa bilen Angliýa dälde, eýsem, Germaniýa, Şweýsariýa, hatda Italiýa-da iberen missionerçilik mekdebi döredildi.BG 54.2
Emma tizara Rim Britaniýany-da, öz täsiri alma kararyna gelip, oňa üns berip başlady. VI ýüzýyllykda katolik missionerleri sakson butparazlaryny özlerine öwürmäniň üstünde işläp başladylar. Olary tekepbir warwarlar hormat bilen kabul etdiler. Munuň netijesinde müňlerçe saksonlar rim ynamyny kabul etdiler. Papanyň ilçileri we olaryň öz ynamyna getiren saksonlary özleriniň işini giňeltdikleriçe, birinji asyrlarda mesihiligi wagyz eden mesihilere duş geldiler. Olaryň arasyndaky tapawut göze ilip durdy! Soňkulary salykatly hem kiçigöwünlidiler: Mukaddes Ýazgynyň nury olaryň taglymatynda, häsiýetinde, hereketlerinde şöhlelenip durdy. Emma olaryň garşydaşlary yrymçyl. tekepbir hem ulumsydylar. Rim emissarlary (emissar - resmi bolmadyk tabşyryk bilen başga ýurda iberilýän adamlar) bu mesihi ýygnaklarynyň papanyň ýokary ygtyýaryny ykrar etmeklerini talap etdiler. Brittler özleriniň hemme adamlary söýmek we olar bilen parahatçylykda ýaşamak isleýändiklerini , ýöne papanyň özüni Ýygnagyň başy hökmünde yglan etmäge ygtyýarynyň ýokdugyny, şonuň üçin özleriniň papany Mesihiň yzyna eýerijileriň her birini nähili hormatlaýan bolsalar, şol derejede hem hormatlap biljekdiklerini aýtdylar. Olary Rimiň tarapyna çekjek bolup, az synanyşyklar edilmedi. Emma rim ilçileriniň tekepbirligine haýran galan bu salykatly mesihiler öz diýenlerinde batyrgaýlyk bilen durup, Mesihden başga hojaýyny bilmeýändiklerini aýtmak bilen jogap berdiler. Şonda papanyň hakyky ruhy peýda boldy. Rim ilçisi: “Eger siz parahatçylyk getiren doganlary kabul etmeseňiz, onda uruş getiren duşmanlary kabul edersiňiz. Eger siz saksonlara ýaşaýyş ýoluny görkezmekde biziň bilen birikmeseňiz, onda ölüm howply urgy alarsyňyz” diýdiler. Bu sözler ýönekeý haýbat däldi. Britaniýanyň ýygnaklary ýok edilip ýa-da rim papasynyň ygtyýary astyna tabyn edilýänçe, Mukaddes Kitap imanynyň şaýatlarynyň garşysyna zorluk, gandökülişik, dildüwşükler, aldaw goýberildi.BG 54.3
Rim imperiýasynagaraşly bolmadyk ýurtlarda köp ýüzýyllyklaryň dowamynda papalyk häkimiýetiniň syýasatynyň düýbünden täsir etmedik mesihiler ýaşadylar. Butparazlar bilen gurşalan mesihiler, elbetde, wagtyň geçmegi bilen olaryň ýalňyşlyklarynyň täsiri astyna düşdüler, ýöne barybir Mukaddes Kitaby imanyň ýeke - täk ölçeg birligi hasaplap, onuň köp hakykatlarynaeýerdiler. Olar Hudaýyň Kanunynyň hiç hili üýtgeşmelere degişli däldigine ynanýardylar, şonuň üçinem, dördünji tabşyryga laýyklykda, sabat gününi ýerine ýetirýärdiler. Şunuň ýaly ýygnaklar Merkezi Afrikada, Aziýanyň ermeni obalarynda bardy.BG 55.1
Ýöne papalyk ygtyýaryna iň aýgytly garşylygy görkezenleriň arasynda waldensler birinji orny eýeleýär. Hut papalygyň öz tagtyny çuň ornaşdyran ýurdunda ol has durnukly garşydaşlyga duş geldi. tutuş ýüzýyllyklaryň dowamynda Pýemontedäki ýygnaklar Rim özlerini tabyn edýänçä, imany ýoýmalara we aldawa garşy çykyp, öz garaşsyzlygyny saklady. Rim diktaty bilen şoswuz bolan söweşden soň, şol ýygnaklaryň ýolbaşçylary mejbury bolsa-da, eýýäm bütin dünýäni özüne tabyn eden ýaly bolup görnen papanyň ygtyýaryny ykrar etmäge mejbur boldy. Emma papanyň we ruhany ýolbaşçylarynyň ygtyýaryna tabyn bolmakdan ýüz öwrenlerem boldy. Olar Hudaýa wepalylygyna galyp, özleriniň imanynyň arassalygyny we sadalygyny saklama kararyna geldiler. Bölünişik bolup geçdi. Gadymy ynamyň tarapdarlary dargadylar: käbirleri mähriban Alpyny terk edip, hakykat baýdagyny başga ýurtlarda galdyrdylar; beýlekileri bolsa, uzakdaky jülgelere we dag eteklerine gidip, öz ynsabynyň buýrugy boýunça şol ýerde Hudaýa gulluk etmegini dowam etdirdiler.BG 55.2
Waldens mesihileriniň köp ýüzýyllyklaryň dowamynda saklan we ýaýradan iman taglymaty Rimiň ýalan taglymatlaryndan çürt - kesik tapawutlanýardy. Olaryň ynamy mesihiligiň hakyky esasy bolup durýan hat ýüzüne ýazylan Hudaýyň Sözüne esaslanýardy. Özleriniň içgysgynç öýlerinde ýaşaýan, dünýäden aýra edilen we gündelik iýmitini goýun bakmak we üzümçilikleri işläp bejerip, agyr zähmet bilen tapan bu sadaja daýhanlar ýereslerden we imandan dänen ýygnagyň taglymatlaryndan çürt - kesik tapawutlanýan hakykaty özleri oýlap tapmady. Olar täze ynamy oýlap tapmadylar, ýok, olaryň imany atalaryndan geçen mirasdy. Olar “mukaddeslere bir gezek tabşyrylan iman” (Yahuda 3), resullyk Yygnagynyň imany bilen meşgullandylar.Dünýäniňpaýtagtynda höküm süren, tekepbir iýerarhiýa dälde, “Çölüň Ýygnagy” Mesihiň hakyky Ýygnagy, öz gezeginde dünýä bermegi üçin Hudaýyň Öz halkyna ynanan hazynalar hakykatynyň saklaýjysy boldy.BG 55.3
Hakyky Ýygnagyň Rimden bölünmeginiň sebäpleriniň biri-de, Rimiň Mukaddes Kitap sabat gününi ýigrenýändigindedir. Pygamberlikde welilik edilişi ýaly, papalyk hakykaty ýeriň ýüzüne taşlady. Hudaýyň Kanuny topraga garyldy, emma adam adatlary bilen däpleri beýgeldildi we ýokarlandyryldy. Papalyk häkimiýetiniň gol astynda bolan ýygnaklar ilki başdan ýekşenbäni mukaddes gün hökmünde hormatlamaga mejbur edildi. Köpler, hatda Hudaýyň halkynyň içindenem, käbir adamlar jemgyýetde höküm sürýän ýalňyşlyklara we yrymçyllyk sebäpli, şeýle bir kelebiň ujuny ýitirdiler welin, sabat gününi ýerine ýetirenlerinde, ýekşenbe güni-de işlemekden saklandylar. Ýöne bu papalyk häkimiýetini kanagatlandyrmaýardy. Papalyk häkimiýeti diňe bir ýekşenbäni berjaý etmegi talap etmän, eýsem, sabat günlerinde-de adamlary işlemäge mejbur etdi we bu güni hormatlanlary aýgytly ýazgardy. Şonuň üçin Hudaýyň çagalary diňe Rim häkimiýetinden uzakda, sürgünde bolmak bilen Hudaýyň Kanunyny arkaýyn ýerine ýetirip bilýärdiler.BG 56.1
Waldensler Ýewropada ilkinji bolup, Mukaddes Ýazgynyň terjimesini etdiler. Reformasiýadanýüzlerçeýyllar ozal olar eýýäm Mukaddes Kitaby öz dilindäki golýazma sanawlarynda okaýardylar. Olar ýoýulmadyk gömüşindäki hakykata eýediler. Bu hem olary aýratyn ýigrenjiň we yzarlamanyň predmeti etdi. Olar rim Ybadathanasyny Ylham kitabynda şekillendirilen imandan dänen Babyl hökmünde yglan etdiler hem-de janlaryna töwekgelçilik ediip, onuň heläk edijilikli täsirine batyrgaýlyk bilen garşylyk görkezdi. Uzaga çeken yzarlamalar köpleri eglişige gidip, kem - kemden hakykatyň esasy prinsiplerinden ýüz öwürmäge mejbur etdi, emma beýlekileri ony edermenlik bilen goramagy dowam etdirdiler. Imandan dänmäniň gaýgyly asyrlarynyň hemmesinde-de, Rimiň ýokary häkimligine garşy çykyp, butparazçylyk hökmünde ikonany hormatlamany ret edip, hakyky sabat gününi berjaý eden waldensler bolupdy. Olar iň gazaply harasatlardada, özleriniň imanyny sakladylar. Sawoý naýzalary içlerinden geçen, inkwizasiýanyň otlarynda ýanan mesihiler Hudaýyň Sözüniň arassalygy we Hudaýyň hormaty üçin olar sarsman durdular.BG 56.2
Yzarlananlara we ezileniere gaçybatalga bolup hyzmat eden dagyň aýak basylmadyk belentlikleriniň aňyrsyndan waldenslerem özierine pena tapyndylar. Şol ýerde hem, orta asyrlaryň garaňkylygy içinde hakykat çyrasy diýseň nurly parlady. Şol ýerde tutuş müňýyllyklaryň dowamynda hakykatyň şaýatlary gadymky imany sakladylar.BG 57.1
Hudaý Öz halky üçin özüne ynanylan dabaraly hakykatlara laýyk gelýän ajaýyp mukaddes ýeri taýýarlady. Bu wepaly sürgünler üçin daglar Ýehowanyň mizemez dogrulygynyň nyşany bolup hyzmat etdi. Daglar Hudaýyň çagalarynyň üstünde öz beýikliklerini giňden gerip, hiç hili üýtgemesi we özgeriş kölegeside bolmadyk, Sözi edil şol gadymy gaýalar kimin berk bolan Rebbiň ajaýyplygyny açdy. Hudaý dagiary ýaradyp, olary berk etdi, şonuň üçin çäksiz Güýçden başga hiç kim olary ýerinden gozgap bilmeýär. Ol edil şunuň ýaly tärde Öz Kanunyny - Öz häkimliginiň. gögüň we ýeriň esasyny - döretdi. Adam öz eli bilen ýakynyny janyndan mahrum edip biler, ýöne onuň daglary ýerinden gozgap, deňze taşlap bilmeýşi ýaly, ol Yehowanyň ýekeje tabşyrygynam üýtgedip ýa-da Onuň Öz islegini ýerine ýetirmäge çalyşýnlara beren tabşyryklarynyň hiç bolmanda ýekejesini aýryp bilmeýär. Hudaýyň hyzmatkärieri özleriniň Onuň Kanunyna boian sarsmaz wepalylygynda edil ebedi hem mizemez daglar kimin berk bolmalydyrlar.BG 57.2
Dagiar hem olaryň töwerekierindäki jülgeler bu jahankeşdelere hemişe Hudaýyň döredijilikli güýjüni ýatlatdy we Onuň aladasyna hem goragyna ynamly etdi. Olar Yehowanyň barlygynyň bu sessiz nyşanynyň gadryny bilmegi öwrendiier. Olar özleriniň ykbalyndan hiç haçanam arz etmediler we sessiz - üýnsiz daglarda özlerini ýeke duýmadylar. Olar adam gazabyndan we zaiymlygyndan rahatlyk hem gorag tapan bu gaçybatalgasy üçin Hudaýa minnetdardylar. Olar Hudaýa arkaýyn gulluk edip biljekdiklerine begenýärdiier. Duşmanlary tarapyndan köp yzarlanylan bu damlar şol beýik daglaryň diwarlarynyň aňyrsynda ygtybarly gorag tapdylar. Äpet gaýalaryň depelerinde olaryň Hudaýa aýdan öwgi nagmalary ýaňlandy. Rim esgerleri bolsa, bu minnetdarlyk aýdymyny sem etmäge mejbur edip bilmediler.BG 57.3
Mesihiň bu şägirtleriniň takwalygy nähili päk, hilesiz hem joşgunly boiupdy! Olar hakykatyň prinsiplerini öýlerinden, ýerlerinden, dostlaryndan, ýakynlaryndan, hatda öz janlaryndanam, gymmat gördüler. Olar şol prinsipleriň ýaşlaryň ýüreklerinde orun almagy üçin jan etdiler. Olar özleriniň çagalaryna has kiçijiklikden Mukaddes Ýazgynyň hakykatlaryny açyp we Hudaýyň Kanunyna honnatly garamagy öwredip başladylar. Mukaddes Kitap golýazmalary azdy, şonuň üçin onuň gymmatly sözleri ýat tutuldy, şol sebäpdenem, Köne hem Täze Ähtiň tutuş baplaryny köpler ýatdan bilýärdiler. Hudaý hakdaky oýlanmalar tebigatyň ajaýyp keşbi bilen hem-de gündelik durmuşyň sadaja ak patalary bilen berkedi. Kiçijik çagalar Rebbe ähli abadançylyklary hem amatlyklary Beriji hökmünde minnetdarlyk bilen garamagy öwrendiler.BG 57.4
Mylaýym, aladaçyl ene - atalar öz çagalaryny paýhasly söýgi bilen söýdüler, şonuň üçin olara özlerini inkär etmekligi öwretdiler. Ol çagalara synaglar, mahrum edilmeler garaşýardy, hatda gynanylyp öldürilmäniň hem garaşýan bolmagy mümkindi. Olar kynçylyklara döz gelmeklige, öwütlere gulak asmaklyga, şunuň bilen bilelikdede, özbaşdak pikirlenip hem hereket etmegi-de çagalykdan öwrenýärdiler. Olar jogapkärçiligiň nämedigini kiçijiklikden bilýärdiler, gürlände seresap bolmagy we dymmaklygyň akyldarlygyna düşünme başarnygyny öwrenýärdiler. Seresapsyzlyk bilen aýdylan ýekeje söz duşmanlara ýetse, diňe ony aýdanyň däl-de, eýsem, onuň ýüzlerçe doganlarynyň başyna ýetip bilýärdi, sebäbi hakykatyň duşmanlary öz awuny yzarlaýan möjek ýaly, din azatlygynyň tarapynda bolmaga het edip bilýän adamlary yzarlaýardylar.BG 58.1
Waldensler hakykatyň hatyrasyna ýerdäki abadançylygyny pida etdiler. Olar öz çöregini gazanmak üçin tükeniksiz sabyrlylyk bilen zähmet çekmeli bolýardylar. Olar daglardaky sürümli ýerleriň her bir daban ýerini uly alada bilen işläp bejerýärdiler, şonuň üçin dag eňňitleri-de, ahyrynda olaryň tamasyny ödeýärdi. Tygşytlylyk we gazaply özüňi inkär etme olaryň çagalarynyň ýeke - täk miras hökmünde alan terbiýesiniň bir bölegi bolupdy. Olara Hudaýyň özlerini ykjam hem tertip - düzgünli görmek isleýändigi, özleriniň talaplaryny diňe öz yhlasly zähmeti, öňdengörüjiligi, tagallasy hem imany bilen kanagatlandyryp bilýändikleri öwredilipdi. Bu diýseň kyn hem surnukdyryjy zatdy, ýöne adamyň öz günäli ýagdaýynda mätäç bolan mekdebi, Rebbiň Öz çagalaryny terbiýelemek we ösdürmek üçin kesgitlän mekdebi bolupdy. Ýigitlere diňe bir agyr zähmeti we mahrum edilmeleri öwretmän, eýsem, olaryň akyl taýdanam, ösüşine üns beripdirler. Adamyň ähli ukyplarynyň Hudaýa degişlidigini, şoňa göräde, özleriniň öz zehinlerini Hudaýa gulluk etmek üçin ösdürmelidiklerini we käm illeşdirmelidiklerini olaryň aňlaryna guýýardylar.BG 58.2
Waldens ýygnaklary öz arassalygy hem ýönekeýligi bilen resullaryň döwründäki ýygnagy ýada salýardy. Papanyň we ruhany ýolbaşçylarynyň häkimligini inkär ediip, olar ýeke - täk halal Çeşme hökmünde Mukaddes Kitaba esaslanýardylar. Olaryň ruhy çopanlary Rimiň tekepbir ruhanylarynyň tersine özleriniň “Özüne gulluk edilmegi üçin däl-de, eýsem, başgalara gulluk etmek üçin gelen” Mugallymynyň göreldesine eýerýärdiler. Olar Hudaýyň sürüsini Onuň mukaddes Sözüniň ýaşyl otly meýdanlaryna we diri suwly çeşmelerine alyp barmak bilen bakýardylar. Dünýewi ajaýyplygyň we tekepbirligiň predmetini düzýän zatlaryň hemmesinden uzakda bu halk kaşaň ybadathanalarda we gözel soborlarda ýygnanyşman, daglaryň penasynda, Alp daglarynyň j ülgelerinde ýygnanyşýardy lar. Howp abanan wagty bolsa, Mesihiň gullukçylarynyň agzyndan çykýan sözleri diňlemek üçin dag derelerinde ýygnanyşýardylar. Ruhy çopanlar diňe bir Hoş Habary wagyz etmän, eýsem, syrkawlary baryp görýärdiler, çagalary okadýardylar, azaşanlara kömek edýärdiler, düşnüşmezligiň ýüze çykmasyny aradan aýyrýardylar we hemmeleriň arasynda doganlyk söýgüsi bilen agzybirligiň bolmagynyň üstünde zähmet çekýärdiler. Parahatçylykly wagtda olar özieriniň imandaşlarynyň meýletin beren zekatlaryna ýaşaýardylar. ýöne her haýsysy bir käri başarýandygy üçin çadyr ussasy bolan Pawlus ýaly, mätäçlik bolan islendik ýagdaýda öz güzerany üçin özbaşdak gazanç etmäge taýýardylar.BG 58.3
Yaşlar ruhy çopanlardan öwüt - nesihat alýardylar. Umumy bilime üns berilýän bolsa-da, barybir öwrenmäniň esasy predmeti Mukaddes Kitap bolýardy. Mattanyň, Ýahýanyň Hoş Habarlary, şeýle hem, hatlaryň köpüsi ýatdan öwrenilýärdi. Käbir golýazmalarda tutuş Mukaddes Kitap bardy. Beýlekilerinde bolsa, diňe Hudaýyň Sözüni düşündirmäge ukyply boian adamlaryň tekstlere ýönekeýje düşündirişleri girizen gysgajyk parçalary bardy. Ine, şunça wagtlap, özlerini Hudaýdan ýokary galdyranlaryň gizlän hakykat hazynasy dünýä şeýie ýol bilen çykaryldy.BG 59.1
Tutuş Mukaddes Yazgy sabyrlylyk, ýadawsyzlyk bilen, käwagt çuň gowaklarda çalaja ýylpyldaýan şöhlejigiň ýagtysyna aýatma - aýat, bapma - bap göçürildi. Bu iş öňe gitdigiçe, Hudaýyň sap altyn ýaiy öwşün atýan islegi görünýärdi. Hudaýyň isleginiň hatyrasyna geçilen synaglaryň nurunda Onuň islegi bu işe gatnaşyjylar üçin has aýdyň hem gözeiliji bolup görünýärdi. Gögüň perişdeleri bu wepaiy zähmetkeşleri gurşap alýardylar.BG 59.2
Hudaýyň Sözüni papanyň egindeşleriniň kömegi biien azgynçylyklaryň, ýeresleriň we butparazçylygyň zibilleri astynda jaýiamak üçin şeýtan bar güýjüni gaýgyrmadyk bolsa-da, barybir Hudaýyň Sözi gudrat bilen gussaly orta asyrlaryň ähli ýüzýyllyklarynyň dowamynda ýoýulman saklanyldy. Bu Hudaýyň Sözüniň ynsanyň dälde, Hudaýyň möhrüni göterýändigi üçin şeýle boldy. Adamlar kejirlik bilen Mukaddes Kitap sözleriniň ýönekeý hem düşnükli sözlerini garalamaga, ýoýmaga synanyşdylar, emma ummanyň suwlarynyň üstünde aýlanyp ýören gämi kimin, Hudaýyň Sözi özüni ýok etme haýbatyny atýan tolkunlaryn okgunly zarbasyna döz gelýär. Baý altynly gatlaklaryň ýeriň astynda gizlenişi ýaly, ony diňe tutanýerlilik bilen hazyna gözleýänleriň tapyşy ýaly, Mukaddes Ýazgy hem, özünde diňe doga etme ruhunda gözleýän päk ýürekli hem sada adamlara açylýan hakykat hazynalary saklaýar. Çagalar, ýaşlar we gartaşan adamlar islendik wagtda öwrenip biler ýaly, Hudaý Mukaddes Kitaby ähli ýaşdakylar üçin okuw kitaby etdi. Ol Öz Sözüni adamlara Özi hakdaky ylham hökmünde berdi. Her bir düşnükli we özümiziň özleşdiren hakykatymyz Älemiň Awtorynyň häsiýetini has çuň açyp görkezýär. Ýazgyny öwrenmeklik Hudaýyň adamy Yaradyjy bilen berk ysnyşyga getirýän, Onuň islegine akyl ýetirmäge kömek edýän serişdesi bolup durýar. Mukaddes Kitap—bu Hudaý bilen adamyň arasyndaky gatnaşyk serişdesidir.BG 59.3
Waldensler Rebden gorkmaklygy akyldarlygyň sakasy hasaplaýan bolsalar-da, dünýä bilen gatnaşmagyň, adamlar hem durmuşy işler bilen tanyşmanyň wajypdygyna düşünýärdiler. Olar bu zatlaryň gözýetimi giňeltmeklige we düşünjäni ýiteldýändigini bilýärdiler. Daglardaky mekdebi gutaran birnäçe ýigitler Fransiýanyň we Italiýanyň okuw jaýlaryna iberilýärdi. Ol ýerlerde olaryň öňünde pikirlenmeler we synlamalar üçin mähriban Alp daglaryndakysyna garanda, has giň mümkinçilikler açylýardy. Olar günäleri görýärdiler, synaglara düşýärdiler, şeýtanyň olary iň güýçli ýereslere we howply ýalňyşmalara ynandyrmaga synanyşan mekir içalylaryna duş gelýärdiler. Yöne olaryň çagalykdan alan terbiýesi olary bu zatlaryň hemmesine taýýarlapdy.BG 60.1
Okuw jaýlarynda olar özleriniň syryny kimdir birine ynanmaga borçly däldiler. Olar geýimleriniň epimlerinde Mukaddes Ýazgynyň golýazmalaryny - özleriniň iň beýik hazynasyny - ussatlyk bilen gizläp göterýärdiler. Ýanlarynda köp aýlaryň dowamynda janaýamazlyk bilen çekilen zähmetiň miweleriniň hemişe barlygy üçin olar mümkinçilik peýda bolan badyna, mukaddes tekstler ýazylan golýazmalaryň gerek bolan bölegini hakykaty ýüregine kabul etme islegi bardygy gömen adamlaryň öňünde seresaplylyk bilen hiç kimde şübhe döretmez ýaly edip açýardylar. Ol ýigitler çagalykdan şeýle ruhda terbiýelenipdiler. Olar özleriniň borjuna aňry ýany bilen düşünýärdiler we ony wepalylyk bilen berjaý edýärdiler. Şeýdip, şol okuw jaýlarynda köpler imana gelýärdiler. Hakykat prinsipleriniň bütin uniwersitete ýaýran wagtlaram bolýardy. Şeýlelikde, hüşgärliklerine garamazdan, papalygyň ýolbaşçylary özleriniň “pyrryldak taglymat” diýip atlandyran baş sakasyna ýetip bilmediler.BG 60.2
Mesihiň Ruhy - bu missionerçilik ruhudyr. Täzelenen ýüregiň iň ilkinji islegi başgalary-da Halasgäriň ýanyna alyp gelmek bolýar. Şunuň ýaly ruh waldens mesihilerini-de gurşap alypdy. Olar Hudaýyň özlerinden hakykaty arassalykdan saklamakdan has uly bir zady talap edýändigine düşünýärdiler. Garaňkylykda oturanlara şu ýagtylygy açmanyň dabaraly jogapkärçiligi olaryň üstüne ýüklenilipdi. Şonuň üçin olar Hudaýyň Sözüniň kuwwatly güýji bilen adamlary rim Ybadathanasynyň gulçulygyndan azat etmäge dyrjaşýardylar. Waldens gullukçylary missionerler hökmünde terbiýelenipdi, şol sebäpdenem, Hudaýyň hasyl meýdanynda zähmet çekmek isleýänleriň hemmesinden ilki bilen hoşhabarçynyň tejribesini almaklyk talap edilýärdi. Öz watanyndaky ýygnaga ýolbaşçylyk etmezden öňürti, her kim haýsyda bolsa bir missionerçilik işinde azyndan üç ýyl işlemeli bolupdyr. Ilki başdan janyňy gaýgyrmazlygy we pida edijiligi talap edýän munuň ýaly usul adamy şol döwürlerde uly howp bilen baglanyşykly bolan ruhy çopançylyk gullugyna hemme zatdan-da gowy taýýarlaýardy. Mukaddes zähmet üçin başlaryna el goýlan ýaşlar özleriniň öňünde ýerdäki abadançylyk bilen hormaty görmeýärdiler-de, mahrum edilmelerden hem howpdan doly bolan, belki-de, ejirli ölümiň bolma mümkinçiliginden doly bolan durmuşy görýärdiler. Bu habarçylar edil Isanyň Öz şägirtlerini iberişi ýaly, iki - ikiden gidýärdiler. Her ýaş ýigidiň ýanynda gartaşan tejribeli işgär gidýärdi. Ýaş ýigit şol adama öz ýolbaşçysy hökmünde tabyn bolmalydy we onuň tabşyryklaryny ýerine ýetirmelidi. Gartaşan adamam öz gezeginde ýaş ýigidiň bilim almagynyň aladasyny etmelidi. Bu işdeşler hemişe bile bolmaýardylar-da, doga etmek we maslahatlaşmak üçin ýygy—ýygydan duşuşýardylar. Şeýdip, biri - birini imanda berkidýärdiler.BG 60.3
Eger Hudaýyň bu habarçylary özleriniň missiýasynyň maksady hakda aç - açan gürlän bolsalar, elbetde, olara ýeňliş garaşardy, şol sebäpdenem, olar özlerini hakyky niýetini gowy gizleýärdiler. Gullukçylaryň hersi bir kärden baş çykarýardy, şoňa görä-de, dünýewi işler bilen özleriniň Hudaý üçin çekýän zähmetini örtýärdiler. Adatça olar galantereýa harytlaryny we mata satýardylar. “Olar şol döwürlerde diňe uly bazarlarda satyn almak mümkin bolan ýüpek, şaý - sep önümlerini we beýleki predmetleri getirýärdiler. Şu zatllaryň kömegi bilen olar missioner hökmünde baryp bilmejek ýerlerine baryp bilýärdiler”. Adamlara altyndan hem göwherdende has gymmat bolan hazynany teklip etmäge akyldarlyk bermegi üçin olar pikirlerinde Hudaýa dilegler edýärdiler. Olar sowarak ýerlerde Mukaddes Kitabyň golýazmalaryny öz ýanlarynda bölekleýin ýa-da dolulygyna-da göterip ýörýärdilerde, mümkinçilik bolan badyna öz müşderileriniň ünsüni şol tekstlere çekýärdiler. Käwagt Hudaýyň Sözüne gyzyklanma döretmeklik başardýardy, şonda missionerler adamlara Mukaddes ýazgynyň aýry - aýry böleklerini sowgat berýärdiler.BG 61.1
Bu habarçylaryň işi mähriban dag eteklerinde başlanýardy-da, soň onuň çäklerinden uzaklara ýaýrap gidýärdi. Aýakýalanaç, ýoluň tozanlaryndan ýaňa gatan hem solan eşikli, ýagny özleriniň Mugallymynyň geýimleri ýaly geýimde bolan bu adamlar uly şäherleriň üstlerinden geçip, iň uzakdaky ýerlere-de bardylar. Olar baran ýerlerinde gymmatly tohumlary ekdiler Täze ýygnanyşyklar peýda boldy. Şeýdip, hakykata görgi görüp ölenleriň gany bilen şaýatlyk edildi. Rebbiň geljek güni şol wepaly adamlaryň zähmeti bilen ýygnalan janlaryň baý hasylynyň üstüni açar. Hudaýyň Sözi bildirmän we sessizlikde mesihilik dünýäsinde özüni ýol ýasady. Ol öýlerde we adamlaryň ýüreklerinde şatlyk bilen kabul edildi.BG 62.1
Mukaddes Ýazgy waldenslere diňe bir Hudaýyň adamlar bilen geçmişdäki gatnaşyklaryny görkezmän, eýsem, hazirki jogapkärçilikleri ni we borçlaryny-da görkezdi, olaryň öňünde geljekki howplary hem şöhraty açdy. Olar hemme zadyň ahyrynyň ýakynlaşandygyna ynanýardylar, şol sebäpdenem, doga etmek bilen gözýaşlar bilen Mukaddes Kitaby öwrenip, onuň gymmatly taglymatlarynyň jümmüşine aralaşýardylar we onuň halas edijilikli hakykatlaryny başgalar bilen paýlaşmagyň öz wezipesi bolup durýandygyna düşünýärdiler.BG 62.2
Mukaddes sahypalarda beýan edilen gutulyş plany olara doly düşnüklidi, şoňa görä-de, Isa iman edýändikleri üçin olar teselli, umyt hem parahatlyk tapdylar. Ýagtylyk olaryň aňyny şöhlelendireninde we ýüreklerini şatlykdan dolduranlarynda, olar bu ýagtylygyň şöhlelerini papalyk azgynçylygynyň garaňkylygynda oturanlaryň üstüne parlatmak isleginden doldular.BG 62.3
Olar papanyň we ruhanylaryň gol astynda bolanlarynda, köpleriň bagyşlama almak üçin öz tenlerini biderek ýere paralandyklaryny gördüler. Gutulyşy işleriň, şahsy güýjüň üsti bilen alyp bolýandygyna ynandyrylan adamlar hemişe özlerine bil baglaýardylar. Özleriniň günäleri hakda oýlananlarynda we Hudaýyň gazabyndan gorkanlarynda, olar janlaryny we bedenlerini surnukdyrsalar-da, hiç hili rahatlyk tapmaýardylar. Ine, hoşniýetli janlar Rimiň taglymatlary bilen şeýle bulaşyga düşürilipdi. Müňlerçe adamlar özleriniň dostlaryny terk edip, monastyrlara gitdiler. Olar ýygy - ýygydan tutulýan orazalar, özlerini gazaply horlamalar. ýary çijä çenli ýatmazlyk, sowuk hem çygly polda gijäni uklaman geçirmek, mukaddes ýerlere uzak wagtlap zyýarat etmeler, kemsidiji ybadathana jezalary we iň gorkunç bolan meýletin gynamalar bilen özleriniňynsabyny köşeşdirmäge biderek ýere dyrjaşýardylar. Özleriniň günälidigine akyl ýetirendigi we Hudaýyň jezasyndan gorky tarapyndan yzarlanandygy sebäpli, köp adamlar özlerini çendenaşa surnukdyrandyklary üçin olaryň tapdan düşen bedenleri ahyrsoňunda ýan berdi, şeýdibem, olar nuruň hem umydyň ýekeje şöhlesini-de görmän gabyra gitdiler.BG 62.4
Waldensler güýçden gaçan bu janlara Yaşaýayş Çöregini bermegi, olara Hudaýyň wadalarynda gizlenilen parahatçylyk habaryny açmagy we Mesihi - gutulyşa tarap barýan ýeke - täk ýoly - görkezmegi jany - teni bilen isleýärdiler. Olar gowy işleriň Hudaýyň kanunyny bozan günäkäri halas edip biljekdigi baradaky taglymaty “ýalňyşlyk” diýip atlandyrdylar. Adam tagallasyna bolan ynam adamlary Mesihiň çälesiz söýgüsinden daşlaşdyrýar. Mesih Özüni adam üçin gurban berip öldi, sebäbi günäli adamzadyň Hudaýyň öňünde öwünere zady ýokdy. Haça çüýlenilen we ölümden direlen Halasgäriň hyzmaty mesihilik imanynyň esasy bolup durýar. Janyň Mesihe baglylygy we onuň Mesih bilen baglanyşygy haýsy hem bolsa bir agzanyň organizm bilen ýa-da şahalaryň üzüm agajy bilen baglanyşykly bolşy ýaly durmuşy hem berk bolmalydyr.BG 63.1
Papalygyň ýolbaşçylary halky adamlar Hudaýyň häsiýetini, hatda Mesihi-de zalym, içgysgynç hem özünden daşlaşdyryjy ýaly göz öňüne getirer ýaly derejä çenli alyp bardylar. Halasgär günäkär bilen asla ýaraşmazak edilip suratlandyryldyda, ruhanylaryň we mukaddesleriň araçy bolmagy wajyp edilip goýuldy. Şonuň üçin Hudaýyň Sözi bilen aňlary şöhlelendirilen adamlar bu janlara Isanyň rehimdar, söýýän Halasgärdigini, özlerine tarap ellerini uzadyp durandygyny, hemmeleri günä, alada hem hasrat ýükleri bilen bilelikde Öz ýanyna çagyrýandygyny düşündirmegi çyn ýürekden islediler. Adamlar Hudaýyyň wadalaryny bilmän we günälerine toba etmek we bagyşlamna hem rahatlyk almak üçin Hudaýyň Özüne göni ýüzlenmezlikleri üçin şeýtanyň üsti - üstüne guran päsgelçiliklerini aýyrmaga olar ýüregi bilen jan etdiler.BG 63.2
Waldens missionari Hoş Habaryň gymmatly hakykatyny nähili höwes bilen paýlaşdy! Ol Mukaddes Ýazgydan dykgat bilen göçürilip alnan baplary bilen öz diňleýjilerini nähili seresaplylyk bilen tanyşdyrdy! Bu—toba eden, şu wagta çenli Hudaýda diňe ar alyjy kazyny gören, günä bilen ýaralanan jana umyt bermek - onuň üçin nähili beýik şatlyk bolupdy. 01 sandyraýan dilleri, gözünde ýaşy bilen, köplenç dyza çöküp, öz doganlaryna günäkäriň ýeke - täk umydy bolan gymmatly wadalary açyp görkezipdi. Şonda hakykat nury gara bulutlary dargadyp, köp gaýgyly ýüreklere giripdi, Dogrulyk Güni hem, özüniň şypa beriji şöhleleri bilen ýürekleri ýagtyldypdy. Köplenç, diňleýjileriň haýyşy boýunça, Mukaddes Yazgynyň birnäçe ýerleri adamlar çala eşitmändiklerine göz ýetirýänçäler, birnäçe gezek gaýtalanyp okalypdyr. Aýratynam: “Isanyň gany bizi hemme günälerden tämizleýändir”, “Musanyň çölde ýylany ýokaryk galdyryşy ýaly, Ynsan Ogly-da ýokaryk galdyrylmalydyr Şeýlelikde, Oňa ynanýanlaryň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowşar” (1 Ýahýa 1:7; Ýahýa 3:14-15) diýen ýaly sözler köp gaýtalanyp okalypdyr.BG 63.3
Şeýle etmek bilen adamlar Rimiň aldawyndan azat boldular. Adamlaryň ýa-da perişdeleriň günäkär üçin araçy bolmagynyň nähili manysyzdygyna köpler göz ýetirdiler. Hakyky nur özlerini ýagtylandyranda, olar şatlyk bilen: “Mesih meniň Ruhanym,BG 64.1
Onuň Gany meniň gurbanlygymdyr, Onuň sypasy—meniň toba edýän ýerimdir” diýip gygyrdylar. Olar: “Iman etmezden, Hudaý tarapyndan halanmak mümkin däldir”, “Başga hiç kimde gutulyş ýokdur. Çünki biziň halas bolmagymyz üçin adamzada berlen gaýry at asmanyň astynda ýokdur” (Yewreýler 11:6; Resullaryň işleri 4:12) diýen sözleri gaýtalap, jany—teni bilen Mesihiň zähmetine bil bagladylar.BG 64.2
Birnäçe betbagt, ikirjiňlenýän janlar üçin Halasgäriň söýgüsi derrew akyl ýetirerden juda giň, aňyrsyna - bärsine göz ýetmez ýaly bolup göründi. Munuň ýaly açyş adamlara diýseň beýik ýeňillik duýmaklygy getirdi, olaryň üstünden ummasyz nur dökdi welin, olar özlerini göge alynýan ýaly duýdular. Olar ynanjaňlyk bilen öz ellerini Mesihiň ellerine goýdular, olaryň aýaklary bolsa, Asyrlaryň Gaýasynyň üstünde berkedi. Indi ölüm gorkusy olary gorkuzmady. Indi olar, eger Halasgäriň adyny şöhratlandyrýan bolsa, onda türmä taşlanylmadanam, hatda otda ýakylmadanam gorkmadylar.BG 64.3
Hudaýyň Sözi gizlin ýerlerde, käwagt ýekeje kalpda, käwagtam, nura we hakykata tarap ymtylýan adamlaryň kiçi toparynda okaldy we wagyz edildi. Käwagt uzak gije kitap okalyp geçirildi. Kä halatlarda diňleýjileriň tolgunmasy hem guwanjy şeýle beýik bolýardy welin, merhemetiň habarçysy okamagy bes edip, oturanlaryň gutulyş habaryna doly aralaşmagyna mümkinçilik berýärdi. “Hudaý, dogrudanam, meniň gurbanlygymy kabul edermikä? Ol maňa rehim edermikä? Ol meni bagyşlarmyka?” diýen ýaly soraglary tiz - tizden eşitmek bolýardy. Bu soraglara jogap hökmünde: “Eý argynlar, agyr ýüklüler Meniň ýanyma geliň, Men size dynçlyk bereýiri” (Matta 11:28) diýen sözler ýaňlanýardy.BG 64.4
Olar wadalara iman bilen öwrülip, şatlyk bilen: “Indi mukaddes gabyrlara gitmek we özümizi uzaga çekýän zyýaratlar bilen surnukdyrmak gerek däl. Maňa öz bolşuma, günäliligime we zaýalygyma, Mesihiň ýany na baryp bilýärin. Ol toba edýän günäkäriň dogasyny ret etmeýär: “Seniň günäleriň ötüldi”. Meniň, hatda meniň günälerimem bagyşlanylýar”.BG 64.5
Mukaddes şatlygyň akymy bu adamlaryň ýüreklerini doldurdy, şonuň üçinem, olar Isanyň adyny şöhratlandyrdylar we beýgeltdiler. Bu bagtly kalplar öz şatlygyny başgalar bilen paýlaşmak üçin öýlerine gidýärdiler, başardyklaryça başdan geçiren zatlary, özleriniň hakyky hem diri Ýoly tapandyklary hakda gürrüň berýärdiler. Mukaddes Ýazgynyň sözlerinde göni hakykata teşne bolanlaryň ýüreklerine täsirini ýetirýän dabaraly güýç bardy. Bu diňleýjileri ynandyrýan Hudaýyň sesidi.BG 64.6
Hakykatyň habarçysy öz ýoluny dowam etdirýär, onuň sadaja keşbi, salykatlylygy we gyzgyn yhlasy galanlaryň arasynda agyzdan - agza geçýärdi. Köp ýagdaýlarda diňleýjileri ondan niredengelip, niräbarýandygyny soramaýardylar, sebäbi söhbetdeşligiň başynda şeýle tolgunandyklary, ahyrynda bolsa, minnetdarlykdan hem şatlykdan doly bolandyklary üçin ondan hiç zadam soramaýarlar. Ony tutanýerlilik bilen haýsydyr bir öýe girmäge çagyranlarynda bolsa, ol beýleki azaşan goýunlaryň ýanyna howlukmalydygyny aýdýardy. Şonda adamlar biri - birlerinden: “Belki, bu gökden gelen perişdedir?” diýip haýran galyjylyk bilen soraýardylar.BG 65.1
Köp ýagdaýlarda olar şondan soň özleriniň ýüreklerinde hakykat tohumyny eken adam bilen gaýdyp duşuşmaýardylar. Ol ýoluny dowan etdirip, başga ýurtlara gidýärdi ýada öz ömrüni türmäniň diwarlarynyň içinde tamamlaýardy, ýa-da hakykata şaýatlyk eden ýerleriniň birinde ony öldürýärdiler. Emma onuň galdyran Sözi ölmeýärdi. Ol adamlaryň ýüreklerinde öz işini edýärdi. Bu işiň netijelerini diňe höküm güni açar.BG 65.2
Waldens missionerleri şeýtanyň patyşalygyna hüjüm edip girdiler, şonuň üçin garaňkylygyň güýçleri hüşgär bolýardylar. Garaňkylygyň patyşasy hakykatyň her bir hereketini synlaýardy we özüniň gol astyndakylarda gorky duýgusyny oýarýardy. Papalygyň ýolbaşçylary sadaja jahankeşde adamlaryň zähmetiniň öz başlaryna bela getirýändiklerini gördüler. Eger nura ýeriň ýüzüni ýagtylandyrmaga ýol berseň, halky gurşap alan ýalňyşlygyň agyr bulutlary dargap, adamlaryň pikirleri diňe Hudaýa gönüger-de, ahyr netijesinde Rimiň abraýyny yrandyrma howpuny salar.BG 65.3
Gadymky Yygnagyň imanyny saklan bu halkyň barlygynyň özi hemişe Rimiň imandan dänendigini ýatlatma bolup durýardy. Bu rehimsiz ýigrenjiň we yzarlamalaryň sebäbi bolupdy. Olaryň Mukaddes Kitapdan ýüz öwürmekden boýun gaçyrmaklary hem, Rimiň çydam edip bilmejek kemsidilmesidi. Şol sebäpdenem, Rim waldensleri ýeriň ýüzünden süpürip taşlama kararyna geldi. Hudaýyň öz dagdaky ülkesindäki rahatlygyndan mahrum çagalarynyň garşysyna elhenç haçly ýörişler başlandy. Inkwizitorlar olary hemme ýerlerden gözlediler, şeýdip, bigünä Abylyň Kabylyň ganhor elinden ölüşi baradaly tragediýa bir gezek gaýtalanyp durmady.BG 65.4
Olaryň hasylly meýdanary hemişe boşadyldy, olaryň öýjagazlary bilen ýygnajyklary ýeriň ýüzünden süpürilip aýryldy, şonuň üçin birwagtlar gülläp duran atyzlaryň we parahat hem zähmetsöýer halkyň öýleri bolan ýerde indi ýalaňaç baýyr bardy. Gan ysyny alan ýabany haýwanyň öňküsindende, beter wagşylaşyşy ýaly, papaçylaryňam gazaby öz pidalarynyň ezýet çekişini gördükleriçe-de güýjedi. Öz imanynyň arassalygyny öňe süren bu şaýatlaryň köpüsi daglarda yzarlanyldy, olary tekizliklerdede, ok geçmez tokaýlyklaryň içinde we gaýalaryň derelerinde gizlenen ýerlerinde-de yzarladylar. BG 65.5
Kiçijik, hemmeleriň ýigrenen halkynyň ahlagy çirksizdi. Hatda duşmanlary-da, waldensleriň parahat, asuda hem takwa adamlardyklaryny aýdýardylar. Olarynyň iň beýik jenaýaty özleriniň Hudaýa papanyň talap edişi ýaly gulluk etmek islemeýändiklerinde jemlenendi. Bu jenaýat üçin waldensler şeýtanyň we onuň eýelän adamlaryny bar oýlap tapyp bilen her hili kemsitmelerine, horlamalaryna we gynamalaryna duçar boldular.BG 66.1
AhyrsoňundaRimbuýigrenjisektany ýok etme kararyna geldi. Şeýlelikde, papa tarapyndan olary ölüme mynasyp bolan pyrryldakçylar hökmünde aýyplaýan bulla çykardy (bulla—Rim papasynyň haty). Olara işsizler ýa-da kezzaplar, hem ahlaksyzlar hökmünde ýazyk ýöňkelmedide, olarda “takwalyk hem mukaddeslik keşbiniň bardygy”, “hakyky süriniň ” goýunlaryny azdyrýandyklary aýdyldy. Tabyn bolmadyk ýagdaýynda bu “päliýamanlaryň ýigrenji hem pis sektasyny” “zäherli ýylanlary mynjyradan ýaly” mynjyratmagy buýruk berdi. Bu tekepbir hökümdar höküm gününde özüne garşy şaýatlyk etmek üçin öz sözleriniň gökdäki kitaplarda ýazylandygy hakda pikir etmedimikä? “Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň bu iň kiçi doganlarymdan birine edeniňizi Maňa edensiňiz” (Matta 25:40).BG 66.2
Şol bulla ybadathana agzalarynyň hemmesini pyrryldakçylara garşy bolan haçly ýörişe goşulmaklyga çagyrdy. Munuň ýaly zalym işe köpräk adam çekmek üçin papa şeýle ýörişlere gidýänleri “ybadathananyň, umumy hem şahsy jezalaryň we temmilerden azat etdi; bulla ýörişe gatnaşyjylary kasamdan azat etdi; bulla olaryň bikanun ýol bilen edinen islendik hususyýetine bolan hukugyny kanunylaşdyrdy we hiç bolmanda ýekeje pyrryldakçyny öldüren adamyň ähli günälerini geçmeklige söz berildi. Bulla waldensler bilen baglaşylan şertnamalaryň baryny ýatyrdy, olaryň öýündäkilere olary terk etmeklik buýruk berildi, hiç kimiň olara kömek bermäge haky ýokdy we isleýän adamyň olaryň emlägini basyp almaga haky bardy”. Bu dokumentde papanyň esaslanan ruhy aýdyň görnüp dur. Onda Mesihiň sesi däl-de, aždarhanyň arryldysy eşidilýär.BG 66.3
Papalygyň ýolbaşçylary beýik ölçeg birligine - Hudaýyň Kanunyna - laýyk gelýän işleri etmeýärdiler-de, özleriniň ölçeg birliklerini döredip, hemmeleri şoňa tabyn bolmaga mejbur etmegi makul bildiler. Rimiň islegi şeýledi. Iň gorkunç tragediýalar oýnaldy. Azgyn, Hudaýa dil ýetiriji ruhanylar bilen olaryň ýolbaşçylary şeýtanyň işini ýerine ýetirdiler. Olaryň ýürekleri rehimi bilmeýärdi. Mesihi haça çüýlän we resullary öldüren, öz wagtynda ganhor Nerony mesihilere garşy öjükdiren şol bir ruh Hudaýyň söýgüli çagalaryny ýok etmek üçin häzirem hereket etdi.BG 66.4
Köp ýüzýyllyklaryň dowamynda bu Hudaýdangorkýanhalksabyrlylykhem Halasgäri şöhratlandyryjy durnuklylyk bilen aýylganç yzarlamalary başdan geçirdi. Haçly ýörişlere we rehimsiz gan dökmelere garşy çykman, bu halk öz habarçylarynyň kömegi bilen gymmatly hakykaty ýaýratmagy dowam etdirdi. Hudaýyň çagalaryny zäherlediler we öldürdiler, şeýlede bolsa, olaryň gany ekilen tohumlary şeýle bir suwardy welin, tohumlar hasyl beriberdi. Şeýdip, Lýuter dogulmazyndan öňki tutuş ýüzýyllyklarda waldensler Hudaý hakda şaýatlyk etdiler. Köp ýurtlara dargadylan waldensler Uiklifiň döwründe maýsalan we Lýuteriň günlerinde ösüp ýetişen Reformasiýa tohumlaryny ekiler. Ony “Hudaýyň Sözi, Isa eden güwäligi sebäpli” (Ylham 1:9) bar zady çekmäge razy bolanlar zamananyň ahyryna çenli gorarlar.BG 67.1