10—Njy Bap.
Germaniýadaky Reformasiýanyň Üstünligi
Lýuteriň syrly ýitişi bütin Germaniýany biynjalyga saldy. Hemme ýerde ol hakda soraýardylar. Her hili akla sygmajak myş - myşlar ýaýraýardy, şonuň iiçin köpler onuň öldürilendigine ynanýardylar. Diňe bir dostlary däl, eýsem, entek Reformasiýanyň tarapyna geçme kararyna gelmediklerem, bolan zada gynanýardylar. Köpler bolsa, dabara bilen onuň öliimi üçin ar aljakdygyny aýdýardy.BG 151.1
Papalygyň ýokary derejedäkileri halkyň özlerini ýigrenendigine gorky bilen akyl ýetiripdi. Başda olar Lýuteriň ölendigi hakda pikir edenlerinde, gaty begenen bolsalarda, tizara olara ýeke - täk isleg - halkyň gazabyndan gizlenme islegi - galdy. Lýuteriň syrly ýitrim bolmasyndan, gizlin hereket etmeginiň mümkinliginden duşmanlary onuň azatlykdaka eden batyrgaý hem aýgytly hereketlerine garanda, has köp howatyr edýärdiler. Olaryň biri: “Özümizi halas etmäniň ýke - täk usuly, elimiz çyraly biitin dünýä aýlanyp, Lýuteri gözläp tapmakdyr we ony halka gaýtaryp bermekdir” diýdi. Imperatoryň permanynyň hiç hili güýji ýokdy. Papanyň ruhanylary Lýuteriň ykbalynyň halky bu ediketden has köp biynjalyk edýändigini görenlerinde, gaty gorkdular.BG 151.2
Onuň diridigi we ýakynlaşyp bolmaýan galanyň içinde howpsuzlykdadygy baradaky şatlykly habar diňe bir halky köşeşdirmän, eýsem, oňa bolan çuň mähriň partlamasyny hem döretdi. Indi onuň düzmelerini öňkülere garanda, has uly höwes bilen okap başladylar. Hudaýyň Sözüni şeýle batyrlyk bilen goran bu gahrymançylykly adamyň tarapyna geçýän adamlaryň sany gün geçdigiçe köpeldi. Reformasiýa gitdigiçe giň gerime eýe boldy. Lýuteriň eken tohumy hemme ýerde gögerip çykdy. Onuň ýoklugy bar bolandakysyna garanda, başlanan işi gutarmaga köp mümkinçilik berdi. Meşhur ýolbaşçy ýitrim bolanda, beýleki işgärler aýratyn jogapkärçilik duýdular. Olar täzelenen iman we doly öziini bagyş etme bilen öňe çykyp, şöhratly başlangyçlaryň mundan beýlägem päsgelçiliksiz ösmegi üçin ellerinden gelenini etdiler.BG 151.3
Ýöne şeýtanam hereketsiz oturmady. Indi ol islendik galkynyşda ýa-da reformatorçylyk hereketinde hemişe ulanan zadyny ulanmaga - hakykaty ýalan bilen çalşyp, adamlary aldamaga hem heläk etmäge - çalyşdy. Birinji ýüzýyllykdaky mesihilik Ýygnagynda bolşy ýaly, ýalan mesihler peýda boldy, häzirkisi, XVI asyrdakysy ýaly, ýalan pygamberler ýüze çykdy.BG 152.1
Mesihilik dünýäsindäki dini ýokary galma bilen gurşalan birnäçe adam özlerine Gögüň aýratyn ylhamy berlen kişi bolup, Rebbiň Lýuteriň başlan Reforma işini dowam etdirmegi tabşyrandygyny yglan etdiler. Aslyýetinde bolsa, olar Lýuteriň başlanlarynyň hemmesini dargatdylar. Reformasiýanyň Hudaýyň Sözüniň imanyň hem ýaşaýşyň ýeke - täk düzgüni bolup durýandygy baradaky esasy prinsipleriniň birini ret etdiler. Bu üýtgewsiz ýolbelediň deregine olar üýtgäp durýan hem ynamsyz ölçege - özleriniň duýgularyna hem täsirlerine—ýüzlendiler.BG 152.2
Bu pygamberleriň biri özlerine Jebraýyl perişdäniň ýolbaşçylyk edýändigini aýtdy. Oňa öz okuwyny taşlap, Rebbiň Öz Sözüne düşündiriş bermegi üçin özüne wajyp bolan akyldarlygy berendigini aýdan bir talybam goşuldy. Olara, öz gezeklerinde, fanatizme tebigy ymtylyşy bolan başga adamlaram goşuldy. Bu höwesjeň adamlaryň işi az galagop turuzmady. Lýuteriň wagyzlary adamlarareformanyň zerurdygyna akyl ýetirmäge kömek etdi, indi bolsa, şol hoşniýetli kalplary täze pygamberler azaşdyryjy ýola alyp gitdi.BG 152.3
Täze hereketiň ýolbaşçylary Wittenberge Melanhtonyň we onuň işdeşleriniň ýanyna baryp, öz hukuklaryny aýan etdiler. Olar: “Bizi Hudaý halka nesihat bermegimiz üçin iberdi. Bizde Onuň bilen iň ýakyn gatnaşygymyz bar. Bize geljek aýan, gysgaça aýtsak, biz doktor Lýutere ýüz tutýan pygamberler hem resullardyrys” diýdiler.BG 152.4
Bu zatlaryň hemmesi reformatorlary biynjalyk etdi we alada goýdy. Şu wagta çenli olar muňa meňzeş zada duş gelmändiler, şoňa görä-de, näme etjeklerini bilmediler. Melanhton: “Bu adamlar, dogrudanam, haýsydyr bir adaty bolmadyk ruhlaryň gol astynda, ýöne olar nähili ruhlar?... Bir tarapdan-a, Hudaýyň Ruhuny söndürmez ýaly, seresap bolmak gerek. başga bir tarapdanam, şeýtanyň ruhy bizi azdyrmaz ýaly, ünsli bolmak gerek” diýdi.BG 152.5
Tizara täze taglymatyň miweleride ýüze çykdy. Adamlar Mukaddes Kitaby äsgermezçilik edip başladylarda, köp wagt geçmänkä, ony taşlady lar. Okuw jaýlarynda bulam - bujarlyklar başlandy. Talyplar çäklendirilmeleriň hemmesini özleriniň üstlerinden aýryp taşlap, sapaklaryny goýdular hem uniwersiteti terk etdiler. Özlerini Reformasiýanyň işi üçin jogapkär hasaplaýan adamlar ony, tas, doly dargama çenli alyp barypdylar. Rimiň tarapdarlary şatlyk bilen: “Ýene bir soň tagallany etsek, hemme zat ýenede öz elimizde bolar” diýişdiler.BG 152.6
Bu zatlar baradaky habarlar Wartburga baryp ýetende, Lýuter çuň gynanç bilen: “Men şeýtanyň bize şeýle betbagtçylygy iberjekdigine hemişe garaşýardym” diýdi. Ol bu ýalan pygamberleriň düýp manysyny hem-de hakykatyň işine haýbat atýan howpy gördi. Papanyň hem imperatoryň hüjümleri onda bu betbagtçylyk ýaly howsalany we sustupesligi döretmändi. Reformasiýanyň galp dostlary onuň ganym duşmanyna öwrüldi. Onuň ejir çekýän kalbyna şeýle şatlygy hem teselli getiren şol hakykatlar indi agzalalygyň we Ýygnakdaky bulam - bujarlygyň sebäpkäri boldy.BG 153.1
Reformalary geçirmekde Hudaýyň Ruhy Lýutere ýolbaşçylyk etdi, şonuň üçin Lýuter Onuň ýolbaşçylygy astynda adamyň edip biljek zatlaryndan köp zatlary etdi. O1 aslyýetinde durmuşynda bolup geçişi ýaly, hereket etmekçi däldi. Munuň ýaly çürt - kesik üýtgeşmeleri etmek onuň niýetinde ýokdy. Ol diňe Çäksiz Kuwwatyň elindäki guraly bolupdy. Ol öz işiniň netijeleri hakda oýlananda, köplenç titreýärdi, şol sebäplem bir gezek: “Men öz taglymatymyň hiç bolmanda ýekeje, onda-da iň ýönekeý hem akylsyz adama zyýan ýetirenini bilenimden, on gezek ölmäge razy bolardym. Umuman, munuň ýaly zat, elbetde, bolup bilmez, sebäbi meniň taglymatym Hoş Habaryň özüniň özenidir” diýip belledi.BG 153.2
Wittenberg, Reformasiýanyň merkezi, ilkinjileriň biri bolup. Fanatizmiň we kanunsyzlygyň Häkimligi astyna düşdi. Bu gynandyryjy ýagdaýda Lýuteriň taglymaty günäkär däldi, ýöne onuň duşmanlar bütin Germaniýada hut şonuň günäkärdigini aýtdylar. 01 ýürek hasraty içinde käwagt: “Reformasiýanyň beýik işi şeýle şöhratsyzlyk bilen gutaraýarmyka?” diýip, özünden soraýardy. Yene-de Hudaý bilen dogada göreşenden soň, rahatlyk onuň ýüregini doldurdy. “Ya Reb, bu meniň işim däl. Butparazlyk bilen fanatizmiň ony garalamagyna Sen ýol bermersiň” diýdi. Yöne bu agyr pursatda göreşden uzakda galmak islemän, ol Wittenbergden gaýdyp geldi. Imperiýanyň içinde ol kanundan daşarydy. Duşmanlarynyň öňküsi ýaly, ony öldürmäge haky bardy. Dostlaryna öňküsi ýaly, oňa gadagan etmek, iň ýönekeý myhmandarçylyk etmegem gadagandy. Imperator häkimiýeti onuň ýaranlaryna garşy iň berk çäräni görüpdi. Yöne Lýuter Hoş Habaryň işine howpuň abanýanyny gördi-de, hakykat ugrunda söweşmek üçin Rebbiň ady bilen öňe çykdy.BG 153.3
Ol kurfyursta Wartburgy terk etmäge özüni meýillendiren sebäbi beýan edip, öz hatynda: “Goý, meniň Wittenberge gaýdyp gitjegim Siziň aly hezretleriňize belli bolsun. Men ol ýere knýazlyk goragynda-da, has ygtybarly bolan gorag astynda gidýärin. Men Siziň aly hezretleriňizden howandarly k hem gorag soramak hakda pikir etmeýärin, ýöne Sizi Siziň meni goraýşyňyzdanam, ýokary derejede gorap bilermikäm diýip çak edýärin. Elbetde, eger Siziň aly hezretleriňiziň özümi goramak isleýändigini bilen bolsam, onda Wittenberge asla gitmezdim. Bu işi gylyç bilen öňe süýşürip bolmaz. zzHUdaý hemme zady adamlaryň kömegini hem razylygyny alman etmelidir. Şonuň üçin kim hemmelerden gowy iman edýän bolsa, şol hem, hemmelerden gowy goralýandyr” diýip ýazdy.BG 153.4
Lýuter Wittenberge gidip barýarka, ýolda ýazan ikinji hatynda: “Men Siziň aly hezretleriňiziň nägilel igini we bütin dünýäniň gazabyny öz üstüme almaga taýýar. Eýsem, Wittenbergiň ýaşaýjylary meniň goýunlarym dälmidir? Eýsem, Hudaý olary maňa ynanmadymy?Şonuň üçin, eger zerur bolsa, onda olar üçin ölümede gitmeli dälmidirin? Bu zatlardan başga-da, Germaniýada Hudaýyň biziň halkymyzy jezalandyrjak halk tolgunyşyklarynyň bolaýmagyndan howatyr edýärin” diýip, sözüniň üstüni doldurdy.BG 154.1
Lýuter gaty seresaplylyk hem tabynlyk bilen, şonuň bilen birlikdede, aýgytly hem berklik bilen öz işine başlady. Ol: “Bir söz bilen aýtsak, onda biz zorluk bilen ekilen zatlaryň hemmesini weýran etmelidiris we ýok etmelidiris. Men butparazlyk bilen imansyzlygy güýç ulanyp ýok etmekçi däl... hiç haçan mejbur etmek gerek däldir. Azatlyk - bu imanyň düýp özenidir” diýdi.BG 154.2
Tizara Lýuteriň gaýdyp gelendigi we wagyz etjekdigi baradaky myş - myşlar bütin Wittenberge ýaýrady. Halkyň akymy hemme tarapdan akyp başlady, şeýdibem, ýygnak binasy hyryn - dykyn boldy. Mimbere çykyp, Lýuter adaty bolmadyk akyldarlyk hem kiçigöwünlilik bilen ders berdi, öwüt - ündew berdi we paş etdi. Messany güýç bilen ýatyrmaga synanyşanlary ýatlap, ol: “Messa Rebbiň garşysyna edilýän, şol sebäpdenem, ýatyrylmaly bolan gerek däl dessurdyr. Men onuň deregine bütin dünäýde Injil tarapyndan döredilen Rebbiň Agşamynyň geçirilmegini isleýärin. Yöne biz muňa hiç kimi mejbur etmeli däldiris. Hemme zat Rebbiň elindedir, şonuň üçin biz däl-de, Onuň Sözi hereket etmelidir. Siz: “Näme üçin?” diýip sorarsyňyz. Sebäbi men öz ellerimde küýzegäriň toýuny elinde saklaýşy ýaly edip, adamlaryň ýüreklerini saklamok. Biziň gürlemäge hakymyz bar, ýöne hereket etmäge hakymyz ýokdur. Biz wagyz etmelidiris, emma galan zatlaryň hemmesini Hudaýyň eline bermelidiris. Eger men güýç ulanyp başlasam, onda bu nämä alyp barar? Diňe galplyga, formalizme, öýkünmeklige, ikiýüzlülige hem her hili kararlaryň peýda bolmagyna alyp barar... ýöne bu zatlaryň hiç haýsysynda çyn ýürekden çykýan zat, iman hem söýgi bolmaz. Şu üç sany gowy zadyň bolmadyk ýerinde hiç zadam ýokdur, şol sebäpdenem, men işiň munuň ýaly gidişini gara şaýada almazdym... Reb Öz Sözi bilen siz bilen menden we tutuş dünýä bilen bilelikde edip biljek işimizden has uly işi edýär. Hudaý ýürekleri gazanýar, ýürek gazanylanda bolsa, hemme zadam gazanylýar..” diýdi.BG 154.3
“Men wagyz ederin, jedeller alyp bararyn we ýazaryn, emma hiç kimi mejbur etmerin, sebäbi iman diňe meýletin bolmalydyr. Meniň hereketlerim hakda pikirlenip görüň. Men papa, indulgensiýalara we papçylara garşy çykyş etdim, emma hiç haçan zorluga çagyran däldirin, halky öjükdiren däldirin. Men diňe Hudaýyň Sözüni wagyz etdim. Men wagyz etdim we ýazdym, bolany. Hatda men ýatyrkamam, ... eden wagyzlarym papalygyň gatylyklaryny weýran etdi, muňa hiç hili imperatorlaryň, knýazlaryň güýji ýetmedi. Şondada, men hiç zat etmedim. Hemme zat Sözüň güýji bilen edildi. Eger men zorluga ýüz uran bolsam, onda bütin Germaniýa gana boýalardy. Bu nämäniň üstünden alyp barardy? Bu janyň hem bedeniň ölümine alyp barardy. Şonuň üçin men asudalygy saklajak, goý, diňe Hudaýyň Sözi parahatçylygy gazansyn”.BG 155.1
Tutuş hepdäniň dowamynda Lýuter teşne jemagata wagyz etdi. Şeýdip, Hudaýyň Sözi fanatizmiň jadysyny kül - peýekun etdi. Injiliň güýji azaşanlary hakykat ýoluna getirdi.BG 155.2
Lýuteriň öz hereketleri bilen Reformasiýanyň işine beýle zarba uran fanatikler bilen duşuşmaga hiç hili höwesi ýokdy. Ol bu adamlaryň Gögüň aýratyn ylhamlaryna dalaşgärlik edip, hiç hili garşy çykma, hatda azajygam paşedilmähemmaslahataduşgelmedik sagdyn pikirsiz jylawlanmadyk adamlardyklaryny bilýärdi. Iň ýokary ygtyýara dalaşgärlik etmek bilen olar her bir adamdan özlerini gürrüňsiz ykrar etmekligi talap edýärdiler. Yöne olar Lýuter bilen duşuşyga dyzap duransoňlar, Lýuter olar bilen duşuşmaga razy boldy we olary şeýle üstünlik bilen paş etdi welin, bu öz - özlerine at berip ýören adamlar derrewiň özünde Wittenbergden gitdiler.BG 155.3
Wagtlaýynça bu hereket doňdy, ýöne birnäçe ýyl geçenden soň, fanatizm ýene-de has uly zorluklar we iň aýylganç netijeleri bilen bilelikde partlap ýüze çykdy. Bu hereketiň ýolbaşçylary hakda Lýuter: Olar üçin Mukaddes Yazgy ýöne bir öli harpdyr, şol sebäpdenem, olar: “Ruh! Ruh!” diýip uwlap başladylar. Men şol ruhuň olary iberýän ýerine gitmekçi däl. Goý, rehimdar Reb meni içindäkileriň hemmesi mukaddesler bolan ýygnagyndan saklasyn. Men ýönekeý, ejiz hem syrkaw adamlar—özüniň günäliligine akyl ýetirýänler, teselli hem kömek sorap, ýüreginiň jümmüşinden Hudaýy hemişe çagyrýanlar—bilen bile bolmak isleýärin” diýdi.BG 155.4
Işjeň fanatikleriň biri bolan Tomas Mýunser zehinli adamdy. Eger ol hakykat ýolundan ýörän bolsa, onda köp peýda getirerdi, ýöne ol hakyky imanyň esas bolup durýan prinsiplerini kabul etmedi. “Ol dünýäni üýtgetme yhlasyna berlendi, ýöne ol höwesjeň adamlaryň köpüsinde bolşy ýaly, üýtgetmeden öň özüniň üýtgemelidigini ýadyndan çykardy”. 01 ikinji, hatda Lýuterden soňky orunda hem bolmak islemän, öz döwürdeşlerine täsirini ýetirmek üçin jemgyýetde görnükli ýerde bolmaga dyrjaşdy. Ol Mukaddes Kitabyň abraýyna daýanýan reformatorlaryň, Mukaddes Kitaba daýanmak bilen papalygyň ýene bir görnüşini döredýändiklerini aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, Reb hakyky reformany geçirmekligi hut oňa ynanypdyr. Mýunser: “Şu ruha eýe bolan adam ömründe Mukaddes Kitaby görmedik bolsa-da, hakyky imana eýedir” diýdi.BG 155.5
Bu mugallym - fanatikler dolulygyna emosiýalaryň ygtyýarynda bolmak bilen islendik pikiri we janyň islendik hereketini Hudaýyň sesi hökmünde kabul etdiler. Bu bolsa, adaty bolmadyk aňry derejelere alyp bardy. Olaryň käbirleri hatda özleriniň Mukaddes Kitabynam ýakyp: “Harp öldürýär, Ruh bolsa direldýär” diýdiler. Mýunseriň taglymaty adamlaryň tekepbirligini goldap, olary adaty bolmadyk bir zada tarap okdurylmaga meýillendirdi, sebäbi olaryň ynsanlyk ideýalary bilen pikirleri Hudaýyň Sözünden ýokary tutulýardy. Müňlerçe adamlar onuň taglymatyna eýerdiler. Tizara ol jemgyýetçilik ýygnanyşygy wagtynda islendik tertibi ýazgaryp, knýazlara tabyn bolmagyň, hem Hudaýa, hem Weliara gulluk etmäge synanyşmagy aňladýanyny aýtdy.BG 156.1
Papanyň gandallaryndan ýaňy - ýakynda azat bolan adamlar dlinýewi ygtyýar tarapyndan gysylmalar bilen ylalaşmak islemediler. Hamala Hudaýdan çykan ýaly görkezilýän Mýuseniň rewolýusion taglymaty oňa eýerijilere özlerini ähli ygtyýarlarda azat hasaplap, olaryň ters pikirlerine hem höweslerine erk berýärdi. Munuň netijeleri ýüze çykmasyny uzaga çekdirip durmady: çaknyşyklar bilen gozgalaňlar başlandy, Germaniýa gana boýaldy.BG 156.2
Fanatizmiň Reformasiýa degişli edilen netijelerini görüp. Lýuter birwagtlar Erfurtda başdan geçiren elhenç ýürek hasratyny başdan geçirdi. Papalygyň ýolbaşçylary we başga-da köpler gozgalaňyň Lýuteriň taglymatynyň tebigy netijesidigi baradaky pikir bilen ylalaşdylar . Bu aýyplamalaryň azajyk esaslanmasy bolmasa-da, ol reformatory sustupeslige alyp bardy. Hakykaty ýönekeý fanatizm bilen deňeşdirip, şeýle etmek bilen ony abraýdan düşürýändiklerini görmek onuň güýjünden ýokarydy. Başga bir tarapdan, gozgalaň turuzyjylar Lýuteri diňe bir özleriniň garaýyşlaryna garşy aç - açan göreşýändigi we geçip gidiji ruhulygyny inkär edýändigi üçin ýigrenmän, eýsem, olary dünýewi häkimiýetiň garşysyna bolan gozgalaňçylardyklaryny yglan edeni üçinem ýigrenýärdiler. Muňa jogap hökmünde olar ony bolgusyz ikiýüzli hökmiinde atlandyrdylar. 01 knýazlaryň we halkyň ýigrenjini öz üstünden inderen ýaly bolup göründi.BG 156.3
Heşelle kakýan papaçylar tizara Reformasiýanyň soňunyň gelerine garaşýardylar. Olar Lýuteri hatda düzetjek bolup jan edýän ýalňyşlyklary üçinem ýazgardylar. Ýalan reformasiýanyň tarapdarlary her hili ýalan duzaklar bilen - köplenç galplarda bolşy ýaly - özlerine örän adalatsyz darandyklaryny subut etdiler. Şeýdibem, köpleriň özlerine ejir çekenler hökmünde garamaklaryny gazandylar. Şeýle ýol bilenem, Reformasiýa garşy güýçleriniň ýetdiginden göreşýänleri zalymlygyň hem ezijiligiň pidalary hasaplap başladylar, olara duýgudaşlyk bildirip hem hormat goýup başladylar. Bu şeýtanyň gökde gozgalaň turzan wagtynda. bulam - bujarlyga ýolbaşçylyk eden ruhunyň edýän işidi.BG 156.4
Şeýtan hemişe adamlary aldamak we olary günäni “dogrulyk”, dogrulygy bolsa, ugiinä” diýip atlandyrmaga mejbur etmek bilen başagaýdyr. O1 nähili ajaýyp üstünlige ýetdi! Diňe batyrgaýlyk bilen hakykaty goraýandyklary üçin Hudaýyň wepaly hyzmatkärleri nähili köp ýazgarmalara hem aýyplamalar duş geldi! Şeýtanyň ýaranlary bolan adamlar hormatdan peýdalanýarlar; olary öwýärler, olara ýaranjaňlyk edýärler, olara hatda görgi görenler hökmünde-de garaýarlar, emma Hudaýa bolan wepalylygy üçin hakykatdan honnat goýmasy hem goldamasy gerek bolan adamlary hemmeler terk edýärler, ýigrenýärler we erbet niýetlerde aýyplaýarlar.BG 157.1
Galp mukaddeslik, ýasama mukaddeslenme adamlary ýalňyşlyga alyp barmasyny dowam etdirýär. Olar her hili gömüşlere girip, edil Lýuteriň günlerindäki ýaly. adamlara Ýazgydan ýüz öwrüp, Hudaýyň Kanunyna tabyn bolmagyň deregine, özleriniň duýgusyna köpräk diň salmaga mejbur edip, hereketini dowam etdirip ýör. Arassalygy hem hakykaty masgaralamaga jan edip, şeýtan hemişe şeýle hereket edýär we üstünligem gazanýar.BG 157.2
Lýuter injili hemme tarapdan gelýän hüjümlerden gaýduwsyzlyk bilen gorady. Hudaýyň Sözi bu ýerde-de, özüni kuwwatly ýeňişli ýarag hökmünde görkezdi. Bu Söz bilen Lýuter papanyň zorluk ediji häkimligine, alymlaryň rasional filosofiýasyna garşy göreşdi. Şol bir wagtyň özünde-de, ol gaýa kimin. mizemezlik bilen durup, Reformasiýanyň içine aralaşmaga dyrjaşan fanatizmiň okgunly zarbasyny yzyna serpikdirdi.BG 157.3
Garşydaşlykly güýçleriň her biri öz islegine görä, Mukaddes Ýazgyny ret etdi-de, adamakyldarlygynyruhulygyň çeşmesi hasaplady. Rasionalizm akly hakykatyň ölçegi edip, onuň öňünde başyny egýär. Papanyň Hudaý tarapyndan ruhlandyrylandygyna dalaş edýän, öz yzygiderliliginde resullaryň döwründen gelip çykýan we asyrlaryň dowamynda üýtgewsizligme duran rim Ybadathanasy islendik başyna gidenligi we satylanlygy apostollyk çagyrlyşynyň mukaddes mantiýasynyň astynda gizlemäge rugsat berýär. Mýunser bilen onuň tarapdarlarynyň Hudaý tarapyndan ruhlandyrylma ymtylyşy bary - ýogy dünýewi ygtyýara bolşy ýaly, ýygnagyň ygtyýaryna-da, deň derejede heläk ediji täsiriň garaýşyň miwesi bolupdy. Hakyky mesihilik Hudaýyň Sözüni Hudaýyň hakykatynyň iň beýik hazynasy we islendik ideýanyň ölçeg birligi hökmünde kabul edýändir.BG 157.4
Wartburgdan gaýdyp geleninden soň, Lýuter Täze Ähtiň terjimesini gutardy. Şondan soň, tizara german halky Injili özüniň ene dilinde okady. Hakykata aşyk bolanlaryň hemmesi injiliň bu terjimesini uly şatlyk bilen okadylar, emma adam däplerini we kanunlaryny saklanlar bolsa, ony ýigrenç bilen ret etdi.BG 158.1
Ruhanylar özleri bilen deň derejede ýönekeý halkyň Hudaýyň Sözi barada pikirini aýdyp bilýändigi, indi özleriniň nadanlygynyň üstüniň açyljagy üçin biynjalyk boldy. Olaryň zemini akyldarlygy Ruhuň gylyjyna garşy bolmakda güýçsüzdi. Rim özüniň ähli güýjüni kömege çagyryp, Yazgynyň ýaýramagyna päsgel bermäge çalyşdy, emma görkezmeleriň hemmesi, anafemler we synanyşyklar peýdasyz bolup çykdy. Rim Mukaddes Kitaby näçe köp ýazgaryp, gadagan etdigiçede, halkyň çyn hakykaty bilme islegi şonça güýçli boldy. Sowatly adamlaryň hemmesi Hudaýyň Sözi bilen tanyşmaga çalyşdylar. Kitaby ýanlarynda göterip ýördüler, ony uzyn parçalary ýat tutýançalar okadylar we gaýtadan okadylar. Täze Ähtiň nähili gyzyklanma bilen garşy alnanyny gören Lýuter haýal etmän, Köne Ähtiňem terjimesine başlady we işiň gidişine laýyklykda ony bölekleýin çap etdirdi.BG 158.2
Lýuteriň düzmeleri şäherde-de, obada-da, deň derejedäki gyzyklanma bilen kabul edildi. “Lýuteriň we onuň dostlarynyň ýazan zatlaryny başgalar ýaýratdylar. Monahlyk kasamynyň manysyzdygyna göz ýetiren we uzak wagtlap işsiz ýatandan soň, zähmet çekip başlama kararyna gelen, ýöne Hudaýyň Sözüni wagyz etmekden bihabar bolan monahlar obama - oba, şäherme - şäher aýlanyp, Lýuteriň we onuň dostlarynyň kitaplaryny satdylar. Bu batyr kitapçylar tizara tutuş Germaniýa syýahat etdiler.BG 158.3
Bu düzmeler baýlarda-da, garyplarda-da, alymlarda-da, sowatsyzlarda-da, çuň gyzyklanma döretdi. Gijelerine mekdep mugallymlary pejiň daşyna üýşän kiçiräk toparyň adamlaryna olary sesli okap berýärdiler. Her gezekde birnäçe adam hakykata göz ýetirip, öz gezeginde Hoş Habary başgalara ýetirdiler.BG 158.4
Mukaddes Yazgynyň: “Seniň söziiň açylyşy nur saçýar, garamaýaklara akyl berýär” (Zebur 119:130) diýen sözleri ýerine ýetdi. Mukaddes Kitaby öwrenmeklik uzak wagtyň dowamynda papalyk häkimiýetiniň demir gandallarynyň içinde bolan adamlaryň ýüreklerinde we aňlarynda uly üýtgeşmeler geçirdi. Butparaz gorkusy bolan imanlylar däpleriň baryny jikme—jik ýerine ýetirdiler, emma olaryň aňy bilen ýüregi miwesizligine galýardy. Lýuteriň öz wagyzlarynda gürrüňini eden Hudaýyň Sözüniň hakykatlary, şeýle hem, ýönekeý halkyň eline berlen Sözüň özi irkilen güýçleri oýandyrdy we adamlaryň tebigatyny diňe bir arassalaman we gözelleşdirmän, eýsem, akyl taýdan ösmeklige-de ýardam etdi.BG 158.5
Ellerine Mukaddes Kitaby alyp, Reformasiýanyň taglymatyny goraýan dürli gatlakdaky adamlara hemme ýerde duş geljek bolýardy. Öz döwründe Yazgyny öwrenmäni diňe ruhanylaryň we monahlaryň işi saýan papaçylar indi tutanýerlilik bilen olary täze taglymaty ret edip çykyş etmeklige çagyrýardylar. Yöne Yazgy hem Hudaýyň güýji hakda hiç zat bilmeýän ruhanylar özleriniň bilimsizler we ýeretikler hökmünde yglan eden adamlary tarapyndan berbat ediji ýeňlişe sezewar boldular. Katolikleriň biri: “Gynansak-da, Lýuter öz yzyna eýerijilere Mukaddes Ýazgydan başga zada ynanmaly dädigini öwredipdir” diýipdir. Az sowatly adamlaryň alymlar hem dilewar ylahyýetçiler bilen bolýan jedellerde hakykatyň tarapyny tutuşyny diňlemek üçin jemagat ýygnanyşýardy. Şol ýokary derejeli adamlaryň masgaraçylykly nadanlygy özleriniň delilleri Hudaýyň Sözüniň ýönekeý hakykatlarynyň üstlerinden baranda, has-da göze görnükli boldy. Ussalar, esgerler, aýallar hatda çagalaram, ruhanyar bilen alymlara garanda, Mukaddes Kitap taglymaty bilen köpräk tanyşdylar.BG 159.1
Injiliň okuwçylary bilen papalyk butparazlygynyň tarapdarlarynyň arasyndaky tapawut alymlaryň arasynda-da, ýönekeý halkyňka seredende, az duýulýardy. “lýerarhiýanyň dilleri hem edebiýatlary bilmeýän garry goragçylaryna... Ýazgynyň çuňdan öwrenip, antik gadymýetiň atly eserleri bilen tanyşan takwa protestant ýaşlary garşy çykýar. Janly akla, beýik kalba, gaýduwsyz ýürege eýe bolan bu ýaşlar gysga wagtyň içinde şeýle bir zatlary bildiler welin, uzak döwrüň dowamynda olar bilen hiç kim deňeşip bilmedi. Reformasiýanyň ýaş goragçylary katolik ylahyýetçileri bilen duşuşanlarynda olaryň delillerini şeýle aňsatlyk hem ynamlylyk bilen ret etdiler welin, katolik nadanlary aljyraşyp, petige baryp direldiler we ählumumy ýigrenje mynasyp boldular”.BG 159.2
Katolik ruhanylary özleriniň ybadathanasynyň boşaýanyny görenlerinde, dünýewi häkimliklere kömek sorap ýüzlendiler we elýeter bolan serişdeleriň hemmesini ulanyp, “ýitirilen goýunlary yzyna dolandyrmaga” çalyşdylar. Ýöne halk täze taglymatda kalbyň talaplaryny kanagatlandyrýan zady tapdylarda, beýle uzak wagtyň dowamynda özlerini butparaz däpleriň harpygy bilen iýmitlendirenlerden ýüz öwürdiler.BG 159.3
Hakykatyň mugallymlaryny gazaply yzarlamalar başlananda, olar Mesihiň: “Sizi bir şäherde yzarlasalar, beýlekisine gaçyň” (Matta 10:23) diýen sözlerini ýatladylar. Hakykat nury hemme ýere aralaşdy. Yzarlanylýan adamlar nirededir bir ýerde myhmansöýer ýer tapyp, şol ýerde Mesihe şaýatlyk etdiler. Käwagt muny ýygnakda etmek başardýardy. Munuň ýaly mümkinçilik bolmadyk wagtynda, olar hususy öýlerde, atyzlarda ýa-da tokaýlarda wagyz etdiler. Islendik, hiç bolmanda ýekeje diňleýji bolan ýer mukaddes ybadathana bolupdy. Şunuň ýaly gaýrat hem tutanýerlilik bilen yglan edilen hakykat gitdigiçe köp ýürekleri gazandy.BG 159.4
Dini hem dünýewi häkimiýetiň eden synanyşyklarynyň hemmesi biderek boldy. Olar türmeleriň, gynamalaryň, otlaryň we gylyçlaryň kömegine biderek ýere ýüz tutdular. Hudaýyň müňlerçe çagalary hiç hili gyşarnyksyzlyk bilen ýaýraýan hakykata şaýatlyk edip, özleriniň imanyny gany bilen möhürlediler. Yzarlamalar muňa diňe ýardam etdi, şeýtanyň hakykat bilen fanatizmi birikdirjek bolup eden synanyşyklary şeýtanyň işi bilen Hudaýyň işiniň arasyndaky tapawudyň has-da göze ilginç bolmagyna alyp bardy.BG 160.1