Loading...
Larger font
Smaller font
Copy
Print
Contents
Beýik Göreş - Contents
  • Results
  • Related
  • Featured
No results found for: "".
  • Weighted Relevancy
  • Content Sequence
  • Relevancy
  • Earliest First
  • Latest First
    Larger font
    Smaller font
    Copy
    Print
    Contents

    11—Nji Bap.
    Knýazlaryn Garşylygy

    Reformasiýanyň goralandygyna bolan iň meşhur şaýatlyklaryň biride, Germaniýanyň knýazlarynyňBG 161.1

    1529-njy ýylda Şpeýerde bolan döwlet seýmindäki garşylygy bolupdy. Hudaýyň şol adamlaryň batyrlygy, imany hem aýgytlylygy geljekki nesiller üçin pikir hem wyždan azatlygyny gazandy. Bu garşydaşlykdan soň, reformasion Ýygnak protestant Ybadathanasy diýlip atlandyrylyp başlandy. Şol garşydaşlygyň prinsipleri hem, “protestantçylygyň özeniniň özüni” diizýär.BG 161.2

    Reformasiýa üçin gaýgyly hem haýbatly günler geldi. lýuteri kanundan daşary diýip yglan eden we onuň taglymatyny gadagan eden Worms ediketine garamazdan, ýurtda dine çydam etmeklik has köp berkedi. Hudaýyň gudraty hakykat bilen göreşýän güýji saklady. Karl V Reformasiýa berbat ediji zarbany urmaga birnäçe gezekler synanyşdy, ýöne yza çekilmäge mejbur boldy. Wagtal - wagtal Rime garşy çykmaga het edip bilýänleriň hemmesine gutulgysyz ölüm garaşýan ýaly bolýardy, ýöne iň agyr pursatlarda gündogar serhetde türk goşuny ýada fransuz koroly, hatda imperatoryň ösýän kuwwatyna göripçilik bilen seredýän papanyň özem peýda boldy. Uruş başlady, şeýdip, dawalaryň hem tolgunyşyklaryň arasynda Reformasiýa güýçlenmegini hem giňelmegini dowam etdirdi.BG 161.3

    Ahyrsoňy papanyň monarhlary özara duşmançylygy ýeňip geçip, reformatorlara garşy birikmek üçin birikdiler. 1526-nji ýylda Şpeýerde ýygnanan döwlet seými nemesleriň hemmesine Bütindünýä sobory çagyrylýança, dini meselede azatlyk berdi. Emma imperatory bu eglişige gitmäge mejbur eden howp aradan aýrylan badyna imperator 1529-njy ýyldaýeresi ýatyrmak üçin ikinji seými çagyrdy. Knýazlaryň parahatçylyk ýoly bilen Reformasiýa garşy çykyş etmegi karar edildi, ýöne şowsuzlyk ýüze çykan ýagdaýynda Karl V kömek sorap, gylyja ýüzlenmäge taýýardy.BG 161.4

    Papanyň tarapdarlary muňa begendi ler. Olar Şpeýere uly delegasiýa iberenlerinde, reformatorlar we olary goraýanlara bolan duşmançylygyny gizläp durmadylar. Melanhton: “Biz dünýäniň ýigrentgisi hem taşlandysy bolduk, ýöne Mesih Özüniň görgüli halkyna rehim edip, ony halas eder” diýdi. Seýme gelen protesatant knýazlara özleriniň düşlän öýlerinde wagyz etmegem gadagdan edildi. Ýöne Şpeýeriň ýaşaýjylary Hudaýyň Sözüni diňlemäge teşne bolandyklary sebäpli, müňlerçe adamlar kurfýurst Saksonskiniň ybadathanasyna uly akym bolup geldiler.BG 161.5

    Bu krizisi tizleşdirdi. lmperator köp sanly bulam - bujarlyklaryň bolandysyna salgylanyp, din azatlygy baradaky kanuny ýatyrmagy talap edip, seýme ýüzlendi. Bu hereket protestant knýazlarda nägilelik bilen howsala döretdi. Olaryň biri: “Mesih ýene-de Kaýýafa bilen Pilatusyň eline düşdi” diýip belledi. Rimiň dini ýolbaşçylary has-da gaharlandylar. Papaçy fanatikleriň biri: “Lýuteranlardan türklerem gowy, sebäbi türkler oraza tutýarlar, lýuteranlar beýle etmeýärler. Eger Hudaýyň Sözi bilen Ybadathananyň birini saýlamaly bolsa, onda biz birinjini ret etmelidiris” diýdi. Melanhton: “Faber her gün bize, lnjiliň habarçylaryna, täze daşlary zyňýar” diýip ýazýar.BG 162.1

    Dine çydam etmeklik kanuny ýol bilen döredilipdi, şonuň üçin protestant knýazlyklary öz hukuklarynyň munuň bozulmasyna garşy göreşme kararyna geldiler. Worms ediketine laýyklykda, entegem, döwlet gazaby astynda bolan Lýuteriň Şpeýere gatnaşmaga haky ýokdy, ýöne onuňderegine, pikirdeşleri bilen Rebbiň Öz işini goramaklary üçin akyl beren knýazlary gitdiler. Lýuteriň öňki goragçysy bolan takwa Fridrih Saksonskiý öldi, ýöne onuň ýerine tagta çykan dogany gersog Iogann Reformasiýany goldady, şonuň üçin hem, parahatçylygy dyrjaşyp. hakyky imanyň bähbidini goraýarda, köp gujur - gaýratyny aýaman, batyrgaýlyk görkezýär.BG 162.2

    Ruhanylar Reformasiýany kabul edenleriň Rimiň ýurisdiksiýasyna gürrüňsiz tabyn bolmagyny talap etdiler. Reformatorlar bolsa, ozal yglan edilen azatlygy almak islediler. Olar şeýle ruhubelentlik bilen Hudaýyň Sözüni kabul eden ýerleriň ýene-de Rimiň ygtyýary astyna düşmegini islemeýärdiler.BG 162.3

    Ahyrsoňunda eglişik ediji karar teklip edildi: Reformasiýanyň berkemedik ýerinde Worm ediketi güýjünde galýar, ýöne “halkyň oňa tabyn bolmadyk hem-de ony herekete getirmegi gozgalaň howpuny abandyrýan ýerlerinde hiç hili reformalary geçirmeli däl, wagyzlarda jedelli meselelere degmeli däl; messanyň gullugyna päsgel bermeli däl we katoliklere lýuterançylyga geçmäge rugsat bermeli däl”. Papanyň ruhanylaryny we dini ýolbaşçylaryny şatlandyryp, bu teklip seým tarapyndan goldanyldy.BG 162.4

    Eger bu karar durmuşa ornaşdyrylsa, “Reformasiýa täze ýerlerde ýaýrap, öňden bar bolan ýerlerinde bolsa, berkäp bilmeýärdi”. Söz azatlygy gadagan edilerdi, hakyky imana öwrülmeklik bolsa, mümkin bolmaýardy. Reformasiýanyň tarapdarlaryndan bu çäklendirilmelere we gadagan edilmelere tabyn bolmak talap edildi. Parahatçylyga bolan umyt ýitirilen ýaly bolup göründi. “Rim iýerarhiýasynyň dikeldilmegi ... gutulgysyz ýagdaýda öňki hyýanatçylyklara getirýär”, şonuň üçin şeýle-de, fanatizmiň hem dawalaryň “eýýäm yrandyran hereketini doly ýok etmäge” oňaýly bahana tapylýardy.BG 162.5

    Maslahatlaşmak üçin duşuşan protestant partiýasynyň wekilleri howsala hem aljyraňňylyk bilen biri - birlerine seretdiler. Olaryň hemmesiniň dilinde: “Näme etmeli?” diýen şol bir sorag bardy. Bu soraga beriljek jogabyň bütin dünýä üçin juda uly ähmiýeti bardy. Reformasiýanyň ýolbaşçylary täze karary kabul etmäge razy bolarmykalar? Hakykatdan aýgytlaýjy bolan bu sagatda reformatorlar özlerini nädogry pozisiýany eýelemäniň wajypdygyna aňsatlyk bilen ynandyryp bilerdiler! Olar özleriniň seýme tabyn bolmasyny aklap bilýän näçe bir hoşomaý bahanalary we adalatly delilleri bilen tapyp bilerdiler! Lýuteran knýazlaryna imany wagyz etme azatlygy wada berlipdi. Şuňa meňzeş artykmaçlyk şu perman çykmazdan öňem, reformasiýanyň tarapynda bolanlarada berilýärdi. Näme, bu olara azmyka? Eger olar täze karara tabyn bolsalar, onda birentek howplardan gaça durup bilýärdiler! Olar tabyn bolmadyk ýagdaýynda akla sygmajak nähili tupanlar hem harasatlar garaşýardy! Belki, haçan hem bolsa, bir wagt geljekde has amatly mümkinçilik bolar? Geliň, parahatçylygy saýlalyň; Rimiň teklip edýän zeýtun şahasyny kabul ediip, Germaniýanyň ýaralaryny bejereliň. Şunuň ýaly pikir etmek bilen reformatorlar seýmiň teklip eden eglişikli kararyny kabul edip bilerdiler. Bu bolsa, tizara olaryň hereketiniň agdarylmagyna alyp gelerdi.BG 163.1

    “Bagtymyza, olaryň hemmesine çuň iman ýolbaşçylyk etdi, şonuň üçin olar bu teklibiň esasynda ýatan iň çynlakaý prinsipe üns berdiler. O1 prinsip nämede jemlenendi? Bu Rimiň wyždany mejbur edip, pikir azatlygyny gadagan etme hukugydy. Eýsem, olaryň ezlerine we protestant ýaranlaryna imany wagyz etme azatlygy berilmedimi? Hawa, ýörite ylalaşykda gürleşilen merhemet ýaly, ýöne hukuk hökmünde berilmedi. Şertnamanyň daşynda galan başga zatlaryň hemmesi hakda aýtsak bolsa, onda ol ýerde öňküleri ýaly, häkimiýetiň kulty saklanyldy, adamlaryň wyždany depgilenildi, Rim bolsa, tabyn bolmasy gerek bolan çirksiz kazylygyna galdy. Teklip edilen şertnamany kabul etmeklik imany wagyz etme azatlygynyň diňe protestant Saksoniýasynda ýol beri lýändigini galan mesihilik dünýäsinde pikir azatlygyna we Reformasiýanyň tarapynda bolmagyň jenaýt bolýandygyny hem özyzy bilen türmäni hem ody alyp gelýändigini boýun almany aňladýardy. Reformatorlar din azatlygynyň belli bir territoriýasy bilen çäklenmesine razy bolup bilerdilermi. şonuň bilen bilelikde-de, täze imany başga hiç kimiň kabul edip bilmezligi bilen ylalaşyp bilerdilermi? Olar Rimiň ygtyýarynyň ýaýran ýerinde onuň häkimliginiň ebedileşmegine ýol berip bilerlermi? Reformatorlar özleriniň eden eglişiginiň netijesinde papanyň höküm sürýän ýurtlaryndaky ýüzlerçe hem müňlerçe janyndan jyda düşjekleriň döktilen ganynda özlerini günäli hasaplap bilerlenni? Bu iň agyr döwürde Injile we onuň ideallaryna biwepalyk etmegi aňladardy”. Yok, has takygy olar “hemme zatlaryny - özleriniň derejelerini, emlägini we janyny—pida ederler”.BG 163.2

    Knýazlar: “Biz bu karary ret edýäris. Wyždana degişli meselelerdäki Pikirleriň köpüsiniň güýji ýokdur” diýdiler. Deputatlar: “Imperiýanyň lezzet alýan parahatçylygy 1526njy ýyldaky dekretiň netijesidir. Bu dekreti ýatyrmaldyk Germaniýany tolgunyşyklardan we dawalardan doldurar. Sobor çagyiylýança, seýmiň dini azatlygy goramakdan başga hereket etmäge haky ýokdur” diýdiler. Wyždan azatlygyny goramaklyk döwletiň borjudyr, bu ýerden onuň dini işlerdäki ygtyýarynyň serhetleri geçýär. Ruhy durmuşy regulirlemäge ýa-da dini raýatlyk kanunlary bilen omaşdynnaga synanyşýan her bir döwlet protestant mesihileriniň ugrunda şeýle takwa göreşi alyp baran prinsipini pida edýär.BG 164.1

    Papaçylar özleriniň: “gödek kejirlik” diýip atlandyran zadyny basyp ýatyrma kararyna geldiler. Olar Reformasiýanyň goragçylarynyň arasynda agzalalyk döredip, ony aç - açan goldaýanlary gorkuzmaga synanyşmaga çalyşdylar.BG 164.2

    Ahyrsoňunda seým azat şäherleriň wekillerini çagyryp, olardan özleriniň teklip edilen şertler bilen razydygyna ýa däldigine göni jogap bermeklerini talap etdiler. Olar birazrak wagt bermeklerini soradylar, ýöne bu biderek boldy. Olary jogap bermeklige çagyranlarynda, şäher deputatlarynyň ýarysy diýen ýaly, wyždan azatlygyny we şahsy pikiriniň bolmagyny pida etmekden boýun towlanlar özlerine aýyplamanyň, ýazgarylmanyň we yzarlanylmanyň garaşýandygyny gaty gowy bilýärdiler. Delegatlaryň biri: “Biz ýa-ha Hudaýyň Sözünden, ýada otda ölmekden ýüz öwürmelidiris” diýdi.BG 164.3

    lmperatoryň seýmdäki wekili bolan korol Ferdinand eger karary kabul etmäge we goldamaga ynandyrmasa. onda onuň çynlakaý agzalalyklary döretjekdigine düşündi. Şonuň üçin ol mejbur etmäniň olara diňe aýgytlylyk berjekdigini gaty gowy bilibem, olary ynandyrjak bolup, özüniň bar ussatlygyny ulandy. Ol “knýazlardan bu karary kabul etmegi haýyş edip, munuň imperatory begendirjekdigine ynandyrjak boldy”. Ýöne ol wepaly adamlar ýerdäki patyşalardan ýokary bolan ygtyýara ynandylar, şonuň üçin asudalyk bilen: “Biz hemme zatda imperatora tabyn bolýarys, bu bolsa, parahatçylygyň saklanylmagyna we Hudaýy şöhratlandyrmaga ýardam edip bilýär” diýip jogap berdiler.BG 164.4

    Ahyrsoňy, korol bütin seýmiň öňünde hurfýurst Saksona we onuň tarapdarlaryna “bu kararyň tizara imperatoryň ediketi görnüşinde çykjakdygyny, olara diňe köpçülige tabyn bolmagyň galýandygyny” yglan etdi. O1 muny aýtdy-da, reformatorlara oýlanmaga ýada jogap bermäge hiç hili mümkinçilik bermän, ýygnakdan çykyp gitdi. “O1aryň gaýdyp gelmegini haýyş etmek üçin korolyň ýanyna delegasiýany ibermegi peýdasyz boldy”. Olaryň ähli haýyşlaryna korol: “Mesele çözüldi, size bolsa tabyn bolmak zerurdyr” diýip jogap berdi.BG 165.1

    Imperatoryň tarapdarlary mesihi knýazlaryň öňküleri ýaly, Mukaddes Ýazgyny adam taglymatlarynda we talaplaryndan ölçäp bolmajak derejede ýokary tutjakdyklaryna şübhelenmediler. Olar bu prinsiplere eýerilýän ýerlerde papalygyň ahyr netijede ýeňliş gazanandygyny bilýärdiler. Ýöne “diňe göze görünýän zatlara garaýan” müňlerçe döwürdeşleri ýaly, olar imperatoryň we papanyň reformatorlardan hem olaryň pozisiýalaryndan köp derejede güýçlüdigi baradaky pikir bilen özlerini aldadylar. Eger reformatorlar diňe adamlaryň kömegine bil baglan bolsalar, onda olar öz duşmanlarynyň pikir edişleri ýaly, dogrudanam, ejiz bolardylar. Ýöne reformatorlar özleriniň az sanlydygyna, Rimiň rehimsizligine garamazdan, güýçlüdiler. Olar: “Semiň kararyndan Hudaýyň Sözüne, imperator Karldan Isa Mesihe, şalaryň Şasyna we rebleriň Rebbine tarap” öwrüldiler.BG 165.2

    Ferdinand olaryň wyždanynyň garaýyşlaryny hasaba almak islemesede, knýazlar onuň ýoklugyna garamazdan, knýazlar derrew özleriniň garşylygyny döwlet maslahatynyň seretmegine berdiler. Olar dabaraly deklarasiýany düzüp, ony seýme berdiler:BG 165.3

    “Biz günleriň birinde bizi sud etjek Hudaýyň, ýeke - täk Ýadaryjymyzyň, Goragçymyzyň. Halasgärimiziň hem Yalkaýjymyzyň öňünde garşylygymyzy yglan edýäris, şeýle hem, ähli adamlaryň we ähli ýaşaýanlaryň öňünde dabaraly yglan edip, özümiziňem, halkymyzyňam, Hudaýyň, Onuň Mukaddes Sözüne, biziň päk wyždanymyza hem janlarymyzyň gutulyşyna garşy bolýan kararyň ýekeje bölejigi bilenem ylalaşmaýandygymyzy yglan edýäris.BG 165.4

    Biz bu karary nädip kabul edip bileris?! Gudratygüýçli Reb biziň her birimizi Özüni tanamaga çagyrýarka, adamyň Hudaýy tanama hukugyndan mahrum edilmesi bilen nädip ylalaşaly? Diňe Hudaýyň Sözi bilen ylalaşýan taglymat hakyky hem dogry hasaplanylyp bilner. Reb başga zady öwretmegi gadagan edýär... Mukaddes Ýazgy başga, has düşnükli tekstler bilen düşündirilmelidir. Mesihilere zerur bolan bu Mukaddes Kitap düşünmek hem garaňkylygy aýyrmak üçin elýeter kitapdyr. Hudaýyň merhemeti bilen biz Köne hem Täze Ähtleriň kitaplarynda jemlenilen diňe arassa hem zeper ýetmedik Hudaýyň Sözüni, onuň üstüne hiç hili adam pikirlerini goşmazdan wagyz etme kararyny kabul edýäris. Bu Söz-ýeke - täk hakykatdyr, durmuşyň ygtybarly düzgünidir hem islendik taglymatyň esasydyr. 01 hiç haçan bizi masgara etmez we aldamaz. Kim şol esasyň üstünde durýan bolsa, bar güýji bilen dowzaha garşy durmaga mejburdyr, ýöne adamyň güýçsüzligi Hudaýyň öňünde ýere düşýändir.BG 165.5

    Şu sebäbe görä-de, biz öz üstümize ýüklenilýän zulumy ret edýäris... şol bir wagtyň özünde-de, onuň imperator hezretleri bize hemme zatdan beýik bolan Hudaýy söýýän mesihä ýaraşyşy ýaly sereder diýip umyt edýäris. Biz oňa, şeýle hem, merhemetli hökümdarlar, size öz söýgimizi hem sadyklygymyzy bildirýäris, sebäbi bu biziň göni hem kanuny borjumyzdyr” .BG 166.1

    Bu seýme çuň täsir etdi. Munuň ýaly garşylygy beýan eden adamlaryň batyrlygy köpleri aňk et we gorkuzdy. Olaryň öňlerinde howply hem düşnüksiz geljegiň keşbi suratlandy. Dawa - jenjeller, duşmançylyklar gan döklüşigi gutulgysyz ýaly bolup göründi. Ýöne reformatorlar özleriniň işiniň adalatlydygyna ynamly bolup, Gudratygüýçli Hudaýyň ellerine daýanyp, “batyrgaýlykdan hem berklikden doly boldular”.BG 166.2

    Bu meşhur garşy çykmada beýan edilen prinsipler protestantizmiň özeniniň özüni düzdi. Bu garşy çykma iman meselesindäki iki sany hyýanatçylyga - dünýewi häkimiýetiň adamyňruhydurmuşynagoşulmagywe dini ýolbaşçylaryň eden—etdiliklerine - garşy gönükdirilendir. Protestantizm wyždanyň dünýewi ygtyýardan ýokarydygyny we Hudaýyň Sözüniň güýjüniň Ybadathananyň gtiýjünden ýokarydygyny tassyklady. Dini işlerde dünýewi ygtyýary ykrar etmän protestantlar resullar bilen bilelikde: “Biz adamlara garanda, Hudaýa köp gulak asmalydyrys” diýýärler. Perotestantlar Isa Mesihiň täjini Karl V täjinden ýokary galdyrdylar. Adamyň döreden taglymatiary Hudaýyň hakykatyna gulluga tabyn edilmelidir”BG 166.3

    Portestantlar, şeýle hem, dini garaýyşlaryny aç—açan beýan etmäge özleriniň hakynyň bardygyny aýtdylar. Olar diňe iman etmek hem tabyn bolmak islemän, eýsem, bu işlere ruhanylaryň we häkimiýetiň goşulma mümkinçiligine garşy çykyp, Hudaýyň Sözüniň hakykatyny wagyz etmegi hem islediler. Şpeýerdäki garşy çykma dini çydam etmezlige garşy dabaraly çagyryş bolup, ähli adamlaryň Hudaýa öz wyždanynyň buýrugy boýunça gulluk etmäge hukugynyň bardygyny tassyklady.BG 166.4

    Garşy çykma halka ýetirildi. 01 müňlerçe adamlaryň ýatlarynda galdy, göklerdäki kitaplara girizildi. Indi ony ol ýerden hiç bir el süpürip aýryp bilmez. Bütin protestant Germaniýa bu garşy çykmany öz imanynyň beýany hökmünde kabul etdi. Hemme ýerde adamlar bu deklarasiýada täze hem nurly eýýamyň başlangyjyny gördüler. Knýazlaryň biri Şpeýerdäki protestantlara: “Goý, merhemeti bilen gaýratly, arkaýyn hem batyrgaý öz imanyňyz hakda gürledýän Hudaý siziň yranmazlygyňyzy ebedilik günlerine çenli saklasyn” diýdi.BG 166.5

    Eger Reformasiýa belli bir üstünliklere ýetenden soň, wagta hem ýagdaýlara uýgunlaşyp başlasa, şunuň ýaly ýol bilen dünýäniň göwnünden turjak bolsa, onda ol Hudaýa hem öz ideallaryna biwepalyk edip, özüni ölüme duçar ederdi. Bu takwa reformatorlaryň tejribesi özünde geljekki nesilleriň hemmesi üçin sapak saklaýar. Hudaýa hem Onuň Sözüne garşy söweşende şeýtanyň ulanýan serişdeleri üýtgemedi. XVI asyrda bolşy ýaly, ol öňküleri kimin, adamyň öz durmuşynda Mukaddes Yazga salgylanmagyna garşy göreş alyp barýar. Biziň döwrümizde Ýazgynyň prinsiplerinden we tabşyryklaryndan ep —esli gyşarmalar bolýar, şonuň üçin beýik protestant - Mukaddes Kitap, diňe Mukaddes Kitap imanyň hem borjuň ölçeg birligi bolup durýar - prinsipine gaýdyp gelmäniň çynlakaý zerurlygy duýulýar. Dini azatlygy ýok etjek bolup, şeýtan islendik serişdä ýüz urmak bilen şeýtan öz işini dowam etdirýär. Protestantlar tarapyndan Şpeýerde inkär edilen antimesihilik ygtyýary indi täze güýç bilen ýitirilen hökümdarlygy dikeltmäge dyrjaşýar. Biziň günlerimizdäki protestantlar üçin ýeke - täk umyt Hudaýyň Sözüne yranmaz wepalylykda, XVI asyryň krizisinde reformatorlaryň görkezen wepalylygyndajemlenendir.BG 167.1

    Protestantlaryň üstüne howp abananda, hemme zada güýji ýetýän Hudaý Öz çagalaryny goramak üçin elini uzatdy. Ine, aýdyň mysallaryň biri: “Şpeýeriň köçelerinden Melanhton öz dosty Simon Grenaus bilen Reýne tarap gaty ýöräp gitdi. Ol Reýniň aňry kenaryna tizräk geçmek üçin dostuny howlukdyrdy. Dosty onuň beýle tutanýerliligine haýran galdy. “Maňa ak saçly bir hormatly goja göründi-de, azajyk wagtdan soň, Ferdinandyň Grenausy tussag etmäge buýruk berjekdigini aýtdy” diýip, Melanhton düşündirdi.BG 167.2

    Gündiz papanyň ylahyýetçisi wagyz sözüni aýdanda, Grenausyň üstüne hüjüm etdi. Grenausam, Feberi “ýigrenji butparazlygy goramakda” aýyplady. Faber öz gaharyny gizledi, emma derrew Ferdinandyň ýanyna baryp, Geýdelbergiň ýüregedüşgünç professorynyň tussag edilmegine öňünden razylyk aldy. Melanhton taýýarlanylýan temmini duýdurmak üçin özleriniň ýanyna Hudaýyň Öz perişdesini iberendigine şübhelenmedi.BG 167.3

    Ol Reýniň kenarynda doňan ýaly bolup durşuna, derýanyň suwy Grenausy özüni yzarlaýjylardan halas edýänçä garaşdy. Melanhton aňry kenarda ony görende, ýeňillik bilen: “Ahyrsoňy geçdi. Ahyrsoňy ol özüniň bigünä ganyna suwsanlaryň demir dişlerinden sogrulyp alyndy” diýip begençli gygyrdy.BG 167.4

    Reformasiýany bu dünýäniň beýik adamlarynyň öňünde ýokarlandyrmak zerurdy. Ferdinand protestant knýazlaryny diňlemekden boýun towlady, ýöne olara özleriniň garaýyşlaryny imperatoryň we döwlet hem ybadathana ýolbaşçylarynyň öňünde beýan etmäge mümkinçilik berildi. Imperiýany dargadan dawa - jenjelleriň soňuna çykmaga dyrjaşan Karl V Şpeýerdäki garşy çykmadan bir ýyl geçenden soň, Ausgburgda seým çagyryp, oňa ýolbaşçylyk etmäge isleg bildirdi. Ol ýere protestantizmiň serdarlary hem çagyryldy.BG 167.5

    Reformasiýa uly howp abanýardy, emma onuň tarapdarlary öňküleri ýaly, Hudaýyň erkine bil baglap, Injile wepaly bolup galmaklyga wada berdiler. Kurfýurst Saksonskiniň tarapdarlary oňa seýme barmazlyga yrdylar. Olar: “lmperator knýazlary duzaga düşürmek isleýär. Şäher diwarlarynyň içinde beýle güýçli duşman bilen ýekelikde bolmak örän töwekgelçilikli işdir’’ diýdiler. Ýöne beýleki takwa adamlar: “Goý, batyrlyk knýazlary terk etmesin we Hudaýyň işi halas edilsin” diýdiler. Lýuter: “Hudaý bizi terk etmez” diýdi. Kurfýurst özüniň ýolbaşçy işgärleri bilen Augsburga ugrady. Oňa abanýan howplar hemmelere bellidi, şonuň üçin köpler ony ýüregi hasratly ugratdylar. Emma olary Koburga çenli ugradan Lýuter olaryň gitmegine bagyşlap ýazan mezmuryny aýdyp, gowşan imanlaryny galdyrdy: “Reb biziň galamyzdyr”. Bu ruhlandyrylan aýdym agyr duýgulary hem howatyrlanmalary ýeňilleşdirdi.BG 168.1

    Reformasiýanyň tarapdarlary bolan knýazlar özleriniň garaýyşlaryny sistemalaşdyryp. olary hat ýüzünde beýan etme, Mukaddes Ýazgydan alnan subutnamalar bilen berkidip, ol dokumenti seýme berme kararyna geldiler. Ony düzmeklik Lýutere, Malenhtona we kömekçilerine tabşyrylypdy. Bu imany ykrar etme özleriniň imanynyň nyşany hökmünde protestantlar tarapyndan kabul edildi, şol sebäpdenem, olar bu wajyp dokumente öz elleri bilen gol çekmek üçin ýygnandylar. Nähili çynlakaý hein jogapkärçilikli pursat! Refonriatorlar syýasy meselelerden gaça durmaga çalyşdylar. Olar Reformasiýanyň esasy maksadynyň halka Hudaýyň Sözüni ýetirmek bolup durýandygyna düşünýärdiler. Protestant knýazlar işlenilip düzülen dokumente gol çekmek üçin ýygnananlarynda. melanhton: “Goý, muny ylahyýetçiler bilen ýygnagyň gullukçylary etsin, bu dünýäniň beýik adamlarynyň güýçlülerini biz başga meseleler üçin aýap goýmalydyrys” diýip, olara duýduryş bermäge synanyşdy. Iogann Saksonskiý: “Meni bu sanawdan çykarmagy saňa, goý, Hudaý gadagan etsin! Men adalatyň talap edýän zadynyň hemmesini etmäge taýýar, bularyň netijelerinden bolsa, asla gorkamok. Men hemmeleriň öňünde Rebbi wagyz etmek isleýärin. Meniň üçin Isa Mesihiň haçy kazylyk ygtyýarlaryndan, kurfyurstyň mantisinden gymmatdyr” diýip gaty ses bilen aýtdy. Ol bu sözleri aýdyp, soň hem. gol çekdi. Başga bir knýaz eline galamy alyp: “Egermuny Reblsa mesihiň abraýy talap edýän bolsa, men öz emlägimi hem janymy berinäge taýýardyryn. Men bu dokumentde beýan edilen prinsiplere jogap benneýäntaglymaty kabul edenimden, öz emlägimden ýüz öwrüp, elime bir hasa aljak-da, atalarymyň ýerini terk etjek” diýdi. Ine, Hudaýyň bu batyr adamlarynyň imany nähilidi!BG 168.2

    Imperatoryň ýanyna barmanyň wagty geldi. Töweregi kurfýurstlar hem knýazlar bilen gurşalyp, tagtynda oturan Karl V protestant reformatorlaryny kabul etdi. Iman nyşanyndan bölekler okaldy. Beýik şahsyýetleriň bu ýygnagynda Hoş Habar hakykatlary açyk hem kesgitli beýan edildi we papalygyň ýalňyşlyklary görkezildi. Bu gün ýöne ýere: “Reformasiýanyň beýik günleriniň biri we mesihiligiň hem adamzadyň taryhyndaky iň ajaýyp günleriň biri boldy” diýlip aýdylmady.BG 169.1

    Wittenbergli monahyň Wormsdaky milli maslahatyň öňünde ýeke duran wagtyndan bary - ýogy birnäçe ýyl geçipdi. Indi onuň ýerine imperiýanyň iň abraýly hem kuwwatly knýazlary geçipdi. Lýutere Augsberge gelmäge rugsat bermediler, ýöne ol bu ýerde özüniň sözleri hem dogalary bilen gatnaşýardy. Ol: “Men Mesihiň adyna şeýle meşhur wagyzçylar tarapyndan şeýle abraýly ýygnakda açyk şaýatlyk edilen pursata çenli ýaşanyma çäksiz şatdyryn” diýip ýazdy. Yazgynyň: “Patyşalaryň öňünde Seniň şaýatlyklaryňdan gürrüň bererin we utanmaryn” (Zebur 119:46) diýen sözleri ýerine ýetdi.BG 169.2

    Resul Pawlusyň günlerinde, resulyň ugrunda zyndanda ejirlerini çeken Hoş Habary patyşalaryň we Rimiň beýik adamlarynyň öňlerinde wagyz edildi. Taryh gaýtalandy: imperatoryň miinberde durup gürrüň bermegi gadagan eden zady köşkde wagyz edildi. Köpleriň mynasyp däl, hatda hyzmatkärlere-de gelişmeýän zat hasaplan zatlary imperiýanyň haýran galan han - begleriniň başlaryndan indi. Täç geýdirilen we derejeler berlen şahsyýetler diňleýjiler boldular, kuwwatly knýazlar bolsa, wagyzçylar boldular. Wagzyň temasy bolsa, “Hudaýyň patyşalyk hakykaty” boldy. Yazyjy: “Resullaryň döwründen bäri, mundan uly iş edilmändi we mundan beýik wagyz edilmändi” diýip ýazýar.BG 169.3

    Papanyň ýepiskopy: “Lýuterianlaryň aýdan zatlarynyň hemmesi hakykatdyr, biz oňa garşy çykyp bilmeýäris” diýdi. Başga biri doktor Ekkenden: “Siz knýazlaryň eden wagzyny esaslandyrylan deliller bilen inkär edip bilersiňizmi?” diýip sorady. “Resullaryň we pygamberleriň Yazgylary bilen, ýok, ýöne Ybadathananyň atalarynyň we soborlaryň kanunlaryny düzmeleri bilen hawa” diýen jogap ýaňlandy. Bu soragy beren adam: “Düşnükli. Siziň pikiriňizçe, lýuterianlar Yazga esaslanýarlar, biz bolsa esaslanmaýarys-da!” diýip belledi.BG 169.4

    Nemes knýazlarynyň birnäçeleri reformatorlyk imanyny kabul etdiler. Imperatoryň özi protestant wagzynyň özünde baryp ýatan hakykaty saklaýandygyny aýtdy. Köp dillere terjime edilen bu iman nyşany bütin Yewropa ýaýrady. Indiki nesilleriň millionlarça adamlary ony öz dininiň esasy hökmünde kabul etdiler.BG 169.5

    Hudaýyň wepaly hyzmatkärleri ýekelikde zähmet çekmediler. “Yolbaşçylyklar, häkimiýetler we gök astyndaky erbet ruhlar” özlerine garşy bilelikde göreşmek üçin birigenlerinde, Reb Öz halkyny ýadyndan çykarmady. Eger olaryň gözleri açylan bolsa, onda gadymky pygamber kimin, olar Hudaýyň barlygynyň subutnamasyny gürrüňsiz görerdiler. Elýaşanyň hyzmatkäri töweregini gurşap alan duşman goşunyndan gorkup, ýagdaýlar-a çykgynsyz diýen netijä gelende, pygamber: “Eý, Reb, menih hyzmatkärimiň gözlerini aç, goý, ol görsiin” (2 Patyşalar 6:17) diýdi. Ine, şonda hyzmatkär Hudaýyň adamyny goramak üçin iberilen üsti adamly ot içindäki at arabalarynyň we gögüň goşunlarynyň köp sanlysyny gördi.BG 169.6

    Lýuteriň aýratynam, berk saklan prinsipleriniň biri Reformasiýanyň goramak üçin ýarag ulanmazlyk we dünýewi häkimiýetiň kömeginden ýüz öwürmekdi. Ol nemes knýazlarynyň Injili wagyz edip başlanyna begendi, ýöne olar goranyjy birleşmäni döretmegi teklip edenlerinde, Lýuter: “Injiliň taglymatyny diňe Hudaý goramalydyr... Bu işe adamlar näçe az gatyşsa, Rebbiň gatyşmasy has göze görnüji bolar” diýdi. “Teklip edilen syýasy seresaplylyk çäreleriniň hemmesini onuň pikiriçe utançly gorka we günäli imansyzlyga degişli etmek bolýardy”.BG 170.1

    Reformatorçylyk imanyny dargatmak üçin zarba urmaga onuň kuwwatly duşmanlary birigende, oňa garşy müňlerçe gylyçlar ýalaňaçlananda, Lýuter: “Şeýtan öz gazabyny görkezýär; hudaýsyz ýepiskoplar dil düwüşýärler, bize uruş bilen haýbat atýarlar. Hudaýyň Ruhy tarapyndan ýeňlen duşmanlarymyz parahatçylyk baglaşmaga mejbur bolar ýaly, Hudaýyň tagtynyň öňünde iman hem doga etme bilen batyrgaý söweşmegi halka ündew ediň. Biziň esasy zerurlygymyz, biziň esasy zähmetimiz - bu doga etmekdir; goý, adamlar şeýtanyň gazaby sebäpli, özleriniň gylyjyň tygynyň üstünde ýörendiklerini bilsinler, goý, olar doga etsinler” diýip ýazdy.BG 170.2

    Protestant knýazlarynyň goraýjy birleşme hakdaky teklibini soňy bilen ýatlanda, Lýuter bu uruşda ýekeje ýaragyň - “Ruhuň gylyjynyň”—ulanyljagyny aýtdy. Ol sakson kurfyurstyna: “Biz bu birleşmäni ynsap boýunça aklap bilmeris. Biz Injil üçin, hiç bolmanda, ýekeje damja ganyň dökülenini görenden, on gezek ölmäge taýýardyrys. Damagy çalynmaga alnyp barylýan guzular bolmaklyk - biziň ykbalymyzdyr. Mesihiň haçyny götermek gerek. Goý, Siziň aly hezretleriňiz biynjalyk bolmasyn. Biz öz dogalarymyz bilen duşmanlarymyzyň öz öwünjeňligi bilen edip biljek zatlaryndan has köp zatlary ederis. Ýöne, goý, Siziň elleriňiz doganlaryňyzyň ganyna boýalmasyn. Eger imperator biziň öz öňünde durmagymyzy talap etse, biz muny etmäge taýýardyrys. Siz biziň imanymyzy gorap bilmersiňiz; her kim janyna töwekgelçilik edip we howp astyna düşüp iman etmelidir’” diýip ýazdy.BG 170.3

    Dogalar edilen gizlin ýerlerden çykan güýç Reformasiýanyň beýik hereketi bilen bütin dünýäni sandyratdy. Hudaýyň hyzmatkärleri mukaddes asudalykda Rebbiň wadalarynyň gaýasyna daýandylar. Augsburgda göreş bolan wagtynda, Lýuter “her gün üç sagadyny doga etmeklige bagyş etdi. Bu onuň sapaklar üçin bölüp goýan wagtyndan-da, has gowy wagt bolady. Ol öz otagynda ýekelikde bolup, “minnetdarlykdan, gorkudan hem umytdan doly sözler bilen Hudaýyň öňünde içini dökdi. 01 Hudaýa öz Dosty hökmünde ýüzlendi”. O1: “Seniň öz Atamyň hem Hudaýymyzdygyňy men bilýärin. Sen Öz çagalaryňyz yzarlaýjylary pytradarsyň, sebäbi howplar arasynda Sen biziň bilensiň. Bu Seniň işiň. şol sebäpdenem, diňe Seniň islegiň bolandygy üçin biz bu işe girişdik. Atarn, bizi gora” diýip doga etdik.BG 170.4

    Howsala labyry astynda tukat bolan Melanhtona ýüzlenip Lýuter: “Mesihde merhemet hem parahatlyk. Men: “Dünýäde” diýemok-da: “Mesihde” diýýärin. Omyn. Seni heläk edýän aşa birahatlyk maňa juda ýigrenji görünýär. Eger bu dogry iş bolmasa, onda ony goýaly, eger ol adalatly iş bolsa, onda näme üçin özümize gorkusyz ýatmagy buýruk Berýäniň wadalaryny ýalan hasaplamalymyşyk? O1 diridir hem Öz tagtynda hökümdarlyk edýändir. Onda bize gorkmak nämä gerek?” diýip hat ýazdy.BG 171.1

    Hudaý Öz gullarynyň nalalaryny eşitdi. 01 hakykaty goraýan knýazlar bilen gullukçylara bu dünýäniň garaňkylygynyň hökümdarlaryna garşy merhemet hem batyrlyk sowgat berdi. Reb: “Ine, Sionda saýlantgy, gymmatly burç daşyny goýýaryn, Oňa iman eden asla utandyrylmaz” (2 Petrus 2:6) diýýär. Protestant reformatorlary Mesihiň üstünde gurdular, şonuň üçin dowzahyň derwezeleri oňa garşy durup bilmedi.BG 171.2

    Larger font
    Smaller font
    Copy
    Print
    Contents